407Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazlary gysga we kämil görnüşde okadyşy hakda

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 407Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazlary gysga we kämil görnüşde okadyşy hakda

 عنْ أَنَسٍ رَضِي الله عَنْهُ قالَ: كانَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يُوجِزُ الصَّلاةَ وَيُكَمِّلُهَا.

 

       EnesibnMälik (r.a.) şeýle diýipdir:«Allahyň Resuly (s.a.w.) namazy hem gysga, hemem kämil görnüşde okadardy»1.

 

1Bu ýerde Enes (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) jemagatyň ýagdaýyna nebsi agyryp, namazy gysga okatmak bilen birlikde, onuň rukunlarynyň we sünnetleriniň hiç birini taşlamandygyny aýtmak isläpdir.

            Ebu Wakyt (r.a.): «Allahyň Resuly (s.a.w.) ymam bolanda, adamlaryň namazyny iň gysga okadýany, özbaşdak namaz okan wagtynda-da olaryň arasynda namazyny iň uzyn okaýanydy» diýipdir.

            Müslimiň öz kitabyna girizen bir rowaýatynda Enes (r.a.): «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazy orta uzynlykdady, Ebu Bekriň namazy-da şonuň ýalydy. Ymamlyk Omar ibn Hattaba ýeteninden soň, ol ertir namazyny uzak okatmany çykardy» diýipdir. Enes şu hadysyň soňunda şeýle diýýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Semiallahu limen hamideh» diýen wagty,namazyň galan bölegini eýýäm terk etdi diýip pikir edip biljegimiz derejede aýak üstünde durardy, soňra sejdä gidip, iki sejdäniň aralygynda-da namazyň şondan soňky böleginden ýüz öwürdi diýip pikir edip biljegimiz derejede uzak oturardy».