384 Kyýamat güni Allahyň kölegesiniň astynda boljak ýedi topar ynsan hakda. Allahyň kölegesi diýmek näme? Adyl ymam diýip kime aýdylýar?

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 384 Kyýamat güni Allahyň kölegesiniň astynda boljak ýedi topar ynsan hakda. Allahyň kölegesi diýmek näme? Adyl ymam diýip kime aýdylýar?

    عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِي الله عَنْهُ: عَنِ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قالَ: (سَبْعَةٌ يُظِلُّهُمُ الله في ظِلِّهِ ، يَوْمَ لاَ ظِلَّ إِلاَّ ظِلُّهُ: الإمامُ الْعَادِلُ ، وَشَابٌّ نَشَأَ فِي عِبَادَةِ رَبِّهِ ، وَرَجُلٌ قَلْبُهُ مُعَلَّقٌ في الْمَسَاجِدِ ، وَرَجُلاَنِ تَحَابَّا في الله اجْتَمَعَا عَلَيْهِ وَتَفَرَّقَا عَلَيْهِ ، وَرَجُلٌ طَلَبَتْهُ امْرَأَةٌ ذَاتُ مَنْصِبٍ وَجَمَالٍ ، فَقَالَ إنِّي أَخَافُ الله ، وَرَجُلٌ تَصَدَّقَ ، أَخْفَى حَتَّى لاَ تَعْلَمَ شِمَالُهُ ما تُنْفِقُ يَمِينُهُ ، وَرَجُلٌ ذَكَرَ الله خَالِياً ، فَفَاضَتْ عَيْنَاهُ).

 

         Ýene Ebu Hüreýre(r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Allahü tagalanyň öz kölegesinden1başga kölege bolmaýan kyýamat gününde Ol ýedi adamy öz saýasynyň astyna alar. Olaryň birinjisiadyl ymam2, ikinjisi– Rebbine tagat we ybadat edip ýetişen3ýetginjek, üçünjisiköňli metjitlere bagly bolan kişi4, dördünjisiAllahü tagalanyň razylygy üçin biri-birini gowy gören, Allahü tagalanyňnyň razylygy üçin tapyşan we aýrylyşan iki adamyň ikisi-de5, bäşinjisiderejeli we owadan zenanyň özüni zyna etmäge çagyrmagyna garamazdan: «Men Allahü tagaladan gorkýaryn» diýip, haram işe ulaşmadyk erkek adam6, altynjysysag eliniň berenini sol eliniň hem bilmejek derejesinde gizlin sadaka beren7we ýedinjisi bolsa ýekewagtydaşyndan ýa-da içinden Allahü tagalany ýatlap, gözleri ýaşdan dolan adamdyr»8diýdi».

 

1Bu ýerde:«Allahü tagalanyň kölegesi»diýlip, Allahü tagalanyň Arşynyň kölegesi göz öňünde tutulýar. Her bir kölege Allahü tagalanyň kölegesidir. Sebäbi, ähli barlyk Allahü tagalanyň mülküdir. Allahü tagalanyň Arşynyň kölegesine Allahü tagalanyň kölegesi diýilmegi, ony ulaldyp görkezmek üçindir. Mysal üçin, ähli metjitler Allahü tagalanyň mülküdir. Şolardan diňe Käbä:«Allahü tagalanyň öýi» diýilýär.

            Kyýamatda magşar diýilýän ýere ýygnananlar älemleriň Rebbiniň öňünden geçenlerinde – bu aýlyganç pursatda Gün her bir kişiniň depesini gaýnadyp, onuň gyzgynynyň derdinden jan derinden beter derler dökülende,Allahü tagalanyň Arşynyň kölegesinden başga hiç bir zadyň kölegesiniň bolmajakdygy üçin,bu ýerde sanalyp geçilen adamlar şol beýik günde şol ýeke-täk kölegeden peýdalanarlar. Allahü tagalanyň bir adamy öz saýasynyň astyna almagy, ony öz goragy astyna almagyny-da aňladyp bilýär. Mysal üçin, araplar biriniň hemaýatyna daýanýandyklaryny aňlatmak üçin: «Men pylanynyň saýasynda» diýýärler. Şu ýerde bir meselä degip geçmek gerek. «Soltan Allahü tagalanyň ýerdäki kölegesidir. Her bir horluk çeken şondan hemaýat islär» diýen hadysa esaslanyp, musulmanlaryň göýä bir Allahü tagalanyň kölegesiniň bardygy hakyndaky kör ynanja uýýandyklary tassyklanylýar. «Soltan» sözi bilen araplar häkim we abraý eýesi bolup, diýenini etdirýän herbiradamyaňladýarlar. Bir obanyň dolandyryjysy-da, bir polisiýa işgäri-de, diýenini etdirip bilýän maşgalabaşy-da, haýsydyr bir edara ýolbaşçysy-da – bularyň her biri soltandyr. Soltana:«Allahü tagalanyň kölegesi» diýilmegi zulmuň soňuna çykmak üçin täsirdir güýjüň gerekdigi we ejiziň degnasyna deglende, onuňgüýçli bir kişiden hemaýat isleýändigi bilen baglanyşyklydyr. Ýogsam,patyşalaryň hakykatdanhem Allahü tagalanyň kölegesidiklerine musulmanlaryň ynanýandyklarynytassyklamak yslam dinine hem, musulmanlara hem töhmet atmak bolardy.

2Allahyň Resuly (s.a.w.): «Adyl ymam»diýmek bilen Allahü tagalanyň beýik emrlerine boýun egýän, artyk hem etmän, kemhem etmän, her bir zadaöz ýerinde amal edýän we hemme zada hukuk gözi bilen seredýän ymamy göz öňünde tutýar. Musulmanlar hakynda aladalanmak wezipesiniýerine ýetirýän her bir hökümdar we häkim bu ada mynasyp bolup biler. Adyl ymamyň Allahü tagalanyň kölegesi astynda boljaklaryň hatarynda ilkinji bolup agzalmagy,meşgullanýan meseleleriniň köpdügiwe adamlaryň hemmesine peýda bermegi bilen baglanyşyklydyr. Hatda Muhammetalaýhyssalam hezretlerinden soň, adyl ymam derejesine göterilip, Allahü tagalanyň ýanyna şeýle ýakyn baryp biljek başga bir adamyň ýokdugyny hem aýdýarlar. Müslimiň beýan eden: «Dogry hereket edenleriň kyýamat gününde Allahü tagalanyň beýik huzurunda nurdan ýasalan beýik münberleriň üstünde oturjakdyklary şübhesizdir. Bu münberler beýik we eziz Allahü tagalanyň sag tarapyndadyr. Şonuň ýaly-da,her iki tarapy-da sagydyr. Dogry hereket edenler öz golastynda we eklenjinde bolanlar, gözegçiligindäkiler hem-de üstlerinde diýen etdirýänler bolan adamlar babatda adalatly hereket edenlerdir»hadysy bilen Tirmiziniň beýan eden: «Kyýamat gününde adamlaryň Allahü tagala iň söýgüli bolany we Allahü tagala iň ýakyn derejede we mejlisde bolany adyl ymamdyr» diýen hadysynyň muny tassyklamagy bilen bir hatarda,Ibn Apbasyň (r.a.) gürrüň beren: «Eden ähtlerini bozuphem, Allahü tagalanyň azabyna sataşmajak hiç bir kowum ýokdur, söwda edenlerinde kem çekip hem, Allahü tagala tarapyndan ýagyş damjalaryndan jyda edilmejek hiç bir kowum ýokdur, aralarynda ikiýüzlülik köpelip hem, Allahü tagalanyň olaryň üstünden mergi keselini indermejek hiç bir kowumy ýokdur, nähak hereket edip hem, Allahü tagala tarapyndan zalym hökümdara sataşdyrylmajak hiç bir kowum ýokdur»diýen hadysy-da Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gowy işler edýänlere Allahü tagala tarapyndan adyl ymamyň nygmat hökmünde, ýaramaz iş edýänlere hem zalym ymamyň agyr jeza hökmünde bagyş ediljekdigini görkezýän habarydyr.

3Rowaýatlaryň käbirinde: «Ýogalýança şol bolşunysaklan»diýip artdyrylýar. Selmäniň (r.a.) adyndan beýan edilýän bir hadysda şol ýetginjek: «Ýaşlygyny we şatlygyny Allahü tagala ybadat etmegiň hatyrasyna pida eden» diýlip häsiýetlendirilýär. Takwa ýetginjegiň bu mertebä eýe bolmagy ýaş bolmagy bilen baglanyşykly zyna etmek islegini ýeňmek we beýleki haý-höweslerinden üstün çykmak üçin,ýaşululara garanda has köp kynçylyk çekýändigi bilen baglanyşyklydyr. Bu isleglerini ýeňip bilmegi ýetginjegiň takwalygynyň subutnamasydyr. Hadysda: «Seniň Rebbiň yşkbazlyk etmeýän ýetginjegi örän gowy görýär» diýlipdir. Ybadata baglanmagyň we günä işlerden saklanmagyň sogabyna deň gelip biljek hiç zat ýokdur. Ibn Apbasdan (r.a.): «Iki kişi bar. Biri köp namaz okaýar, köp oraza tutýar, ýöne, käbir günä işleri-de edýär, beýlekisi bolsa diňe parz namazlaryny okamak, parz orazasyny tutmak bilen çäklenýär, ýöne, ol günä işlerden halasdyr. Siz bularyň haýsysyny ýokarda goýarsyňyz?» diýip sorapdyrlar. Ol hem: «Günäişlerden arassa bolmak bilen hiç zat deňleşip bilmez» diýip jogap beripdir.

4Beýle kişi mydama metjitde namaz wagtyna garaşyp oturar, wagtynyň köp bölegini şol ýerde geçirer, özüni jemagatdan aýry saýmaz. Buhary hut şu ýagdaýy nygtamak üçin,bu hadysy şu ýerde beýan edipdir. Metjide söýgüsi uly bolan kişi şol ýerden çyksa-da,ýene bu ýere dolanmak niýeti bilen we indiki namazyny bu ýerde okamaga howlugyp çykar. Mysal üçin, bu hadysyň Mäligiň beýan eden nusgasynda: «Metjitden çykan wagty, ýene şol ýere dolanmak niýetinde bolar» diýlip artdyrylypdyr. Tefsirçi Aýny şeýle diýýär: «Metjit Allahü tagalanyň öýüdir. Ol Allahü tagala sygynanyňhem öýüdir. Zyýarat edilýän adamdan garaşylýan zat, onuň zyýarat edene goýjak hormatydyr...»

5Bu ýerde gürrüň dine bolan söýgi hakynda gidip, şol söýgini,dünýäniň kynçylyklaryna garamazdan,ölýänçäň ýitirmeli däldigi aýdyljak bolunýar. Bu ýerde gürrüňi edilýän söýüşenler bile ýaşap hem, ýaşamanhem bilerler. Bu dünýälik hiç bir maksady göz öňünde tutman, diňe Allahü tagalanyň razylygy üçin birek-biregi gowy görmegiň imanyň bir nyşany bolşy ýaly, öz bähbidiňi aramazdan, Allahü tagalanyň halamaýan bir işi ýa-da ýagdaýy sebäpli, birek-birekden çetleşmek hem imandan habar berýär. Mäligiň kitabynda Abdullah ibn Mesgut bilen Bera ibn Azybyň (Allahü tagala olardan razy bolsun!) adyndan beýan edilen rowaýatda diňe Allahü tagalanyň razylygy üçin birek-biregi gowy görmekden söz açylyp: «Ine, bu, ýapyşyp boljak iň berk iman tutawaçlaryndandyr» diýilýär. Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda-da: «Haýsy hem bolsa bir wagtda iki adam Allahü tagalanyň razylygy üçin biri-birini gowy görse, elbetde, ikisinden has gowusy dostuna bolan söýgüsi has artyk bolanydyr» diýlipdir. Ebu Dawudyň kitabynda Ebu Rezin Ukaýlynyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda-da, Allahyň Resuly (s.a.w.) Ebu Rezine ýüzlenip: «Eý,Ebu Rezin, ýeke galan wagtyň diliňi Allahü tagalany ýatlap gymyldat. Allahü tagalanyň razylygy üçin gowy gör,Allahü tagalanyň razylygy üçin ýigren. Bir musulman beýleki bir musulmanyň ýanyna Allahü tagalanyň razylygy üçin zyýarat eden wagty,ýetmiş müň perişde ony ugradyp: «Ýa Allahym, bu guluň onuň göwnüni awlaýar, senhem munuň göwnüni awla» diýjekdikleri şübhesizdir. Allahü tagalanyň ýolunda gowy görşenleriň artykmaç taraplarynyň biri-de şudur: olaryň biri beýlekisi üçin yzyndan doga-dilegetse, onuň dogasyna perişde:«Ämin» diýer»diýipdir.

6Bir baý we owadan zenan özüňi çagyryp, sende göwnüniň bardygyny açyk bildirip durka, Allahü tagaladan gorkyňa ondan ýüz öwürmek, şübhesiz, takwalygyň iň kämil derejesidir we tagatyň ulusydyr. Kuranyň «Naziat» süresiniň 40-njywe 41-nji aýatlaryndaky:وَأَمَّا مَنْ خَافَ مَقَامَ رَبِّهِ وَنَهَى النَّفْسَ عَنِ الْهَوَى فَإِنَّ الْجَنَّةَ هِيَ الْمَأْوَى= „We emmä men haafe makaame Rabbihi we nehennefse anil-hewä. Fe-innel-jennete hiýel-mä-wä” (golaý manysy: «Rebbiniň Beýik Huzuryndan gorkusyna özüni ýaramaz isleglerden uzaklaşdyran adam üçin bolsa jennet ýeke-täk jaýdyr») diýen mukaddes sözler hem-de «Rahman» süresiniň 46-njyaýatyndaky: وَلِمَنْ خَافَ مَقَامَ رَبِّهِ جَنَّتَانِ= „We li-men haafe makaame Rabbihi jennetäni” (golaý manysy:«Rebbiniň huzurynda durmakdan gorkan kişiler üçin iki jennet bar») diýen mukaddes sözlerhembu artykmaçlykdan söz açýar. Soňky aýatda gürrüňi edilen iki jennetiň biri Allahü tagaladan gorkanyň üçin, beýlekisi bolsa günä işleri terk edeniň üçin bagyş edilýär.

7Bu ýerde sadaka berende ikiýüzlülik etmeýän adam göz öňünde tutulýar. Bu hadysy-şerif «Bakara» süresiniň 271-nji aýatyndaky:وَإِنْ تُخْفُوهَا وَتُؤْتُوهَا الْفُقَرَاءَ فَهُوَ خَيْرٌ لَكُمْ= „We in tuhfuwhä we tütuwhel-fukaraaaa-e fe-hüwe haýrün leküm” (golaý manysy: «Sadakany pukaralara gizlin berseňiz, busiziň üçin has haýyrly bolar») diýen mukaddes sözleriň tassyklamasydyr. Ahmet ibn Hanbalyň «Müsned» atly kitabynda Enes ibn Mäligiň (r.a.) adyndan beýan edilen gözel bir hadysda perişdeler bilen Allahü tagalanyň arasynda bolup geçen bir gürrüňdeşlik beýan edilýär:

            « – Ýa Reb, ýaradan mahluklaryňyň arasynda daglardan gowy we artykmaç bir zat barmydyr?

            Hawa, demir bar.

            — Demirdenhem has artykmajy barmydyr?

            — Hawa, ataş bar.

            — Ataşdanhem has artykmajy barmydyr?

            — Hawa, suw bar.

            — Suwdanhem has artykmajy barmydyr?

            — Hawa, ýel bar.

            — Ýeldenhem has artykmajy barmydyr?

            — Hawa, Adamogly bar. Ol sag eli bilen sadaka berer-de, ony solundan gizlär».

            Parz bolmadyk sadaka gizlin berilse, has gowudyr. Çünki,şeýdilmegi yhlasa ýakyn, ikiýüzlülikden daş bolar. Wajyp edilen sadakabolanzekat babatda aýdylanda bolsa, beýlekileriň-de bu göreldä eýermekleri we yslam dininiň artykmaçlyklarynyň bildirilmegi üçin, ony äşgär bermek gowudyr. Namazyňhem parzyny äşgär edip, nepillerini-de gizlin okamak has gowudyr.

8Hakimiň öz kitabynda Enesiň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatynda: «Kimdekim Allahü tagalany ýatlap, Allahü tagaladan gorkusyna gözüniň ýaşy ýere döküljek derejede gözüniň owasyny ýaşdan doldursa, kyýamat gününde ezýet çekmez»diýlipdir. Ebu Hüreýräniň (r.a.) gürrüň beren hadysynda-da: «Allahü tagaladan gorkusyna aglaýan kişi süýt yzyna – mämä girmeýänçä,jähennemiň oduna girmez»diýlipdir.

            Bu hadysy-şerifde kyýamat gününde Allahü tagalanyň saýasynda saýalajak adamlaryň diňe ýedi görnüşi sanalypdyr. Algydaryň eli gysga bergidara beren puluny yzyna almaly möhletini yza çekmeginiň ýa-da algydaryň şol puluň bir bölegini geçmeginiň hem şol derejä göterilmegine sebäp bolup biljekdigi Müslimiň kitabyndaky rowaýatda beýan edilýär. Şonuň ýaly-da,din üçin söweşeniň, din üçin söweşýäne ýardam bereniň, borçlynyň, azat edilmegi üçin töleg bellenen guluň borçdan çykmagyna goldaw bereniň, arassa söwda edeniň, gowy häsiýetiň eýesi bolan adamlaryňhem salkyn kölegä we Allahü tagalanyň halas etmegine mynasyp boljakdyklaryna degişli hem köp sanly eserler bar.

            Bu hadysda diňe ýedi toparyň sanalyp geçilmegi beýlekileri aradan aýyrmaýar.