422 «Fatihany» okamaýanyň namazy ýokdur» hadysy. Namazda kyragatyň wajypdygy hakynda alymlaryň jedeli we bu jedeller bilen baglanyşykly rowaýatlar

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 422 «Fatihany» okamaýanyň namazy ýokdur» hadysy. Namazda kyragatyň wajypdygy hakynda alymlaryň jedeli we bu jedeller bilen baglanyşykly rowaýatlar

    عَنْ عُبَادَةَ بْنِ الصَّامِتِ رَضِي الله عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (لاَ صَلاَةَ لِمَنْ لَمْ يَقْرَأْ بِفَاتِحَةِ الْكِتَابِ).

 

       Ubada ibn Samyt1(r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Fatihany» okamaýanyň namazy ýokdur»2diýdi».

 

1Ebu WelitUbada ibn Samyt Ensary Hazreji (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hijretinden ozal Akabadabolup geçenkasam edilişikleriň ikisine-de gatnaşan ensar ýolbaşçylarynyň biridir. Ol Bedir söweşine-de gatnaşypdyr. Ubada Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beýik zamanasynda Kurany boýdan-başa ýat tutanlaryň biridir.

            Şamyň hökümdary Ýezit ibn Ebu Sufýanyň(Mugawyýanyň uly dogany): «Şamyň halky Kuran öwretjek we dine saljak adamlara mätäçdir» diýip hat ýazmagy bilen, şol wagtky halif hezreti Omar (r.a.) tarapyndan ol Mugaz ibn Jebel we Ebu Derda bilen birlikde Şam diýaryna ugradylypdyr. Ol şonda Palestina taraplarynda galypdyr.

            Ubada ibn Samyt (r.a.)hezretleriMugawyýa ibnEbu Sufýanyň döwründe onuň bilen oňuşmandyr. Ol şerigatyň buýruklaryny we gadagan edýän zatlaryny halka öwretmekde uly hyzmatlar bitiripdir. Ol hijriniň 45-nji ýylynda Palestinanyň Remle diýen ýerinde, başga bir maglumata görä bolsa,Beýtil-Mukaddesde hakyky dünýä göç edipdir.

2Mundan öňki hadysaberlen düşündirişleriň birinde namazda Kuranyň aýatlaryny okamagyň (kyragatyň) wajypdygy hakynda alymlaryň eden jedeli gysgaça beýan edilipdi. Bu hadysda bolsa kyragatyň «Fatiha» süresidiginden söz açylýar. Şapygy mezhebiniň alymlarynyň pikirine görä, namaz okaýan kişi özbaşdak namaz okasa-da, ymamlyk etse-de, ýa ymama uýup namaz okasa-da,şonuň ýaly-da,namaz sesli ýa-da sessiz okalsa-da,«Fatiha» süresi her rekagatda okalaýmalydyr. Mäliki mezhebiniň alymlarynyň pikiri hem şunuň ýalydyr. Çünki,şu hadysda namazda bu süräni okamaýan adamyň namazy ret edilýär. Olaryň bir delilleri-de yzda geljek 423-nji hadysdyr. Şol hadysda Allahyň Resuly (s.a.w.) namazy dogry okamagy bilmeýän Hallat ibn Rafy Zurakyýa ilkinji rekagatda Kuranyň aýatlaryny okamagy emr edip, soňra: «Muny okan namazlaryňählisinde şeýle et»diýýär. Şonuň ýaly-da,bu hadysyň Ahmet ibn Hanbal hem-de Ibn Hybban tarapyndan beýan edilen nusgasynda bu mesele hashem açyklanyp, Allahyň Resuly (s.a.w.): «Soňra muny her rekagatda şeýle ediber» diýýär.

            Hanefi mezhebiniň alymlaryna görä bolsa namazda «Fatiha» süresini okamak wajypdyr, ýagny, ol terk edilen halatynda namaz bozulyp, şol terk etme üçin günä-de ýazylar. Sebäbi, şu hadysdaky gadagançylyk gep-gürrüňsiz ýerine ýetirilmegini talap edýär. Diýmek, namazda kyragat, ýagny, islendik bir aýatyň (ol «Fatiha» süresi hem bolup biler) okalmagynyň parz bolmagy bilen birlikde, «Fatiha» süresini okamazlyk hem namazy kämillikden aýyrýar. Ymam Ebu Hanifä görä, kyragatdaparz bolan, gysga bolsa-da, bir aýatdyr. Iki ymama görä bolsa, ýa bir uzyn aýatdyr ýa-da üç sany aýatdyr. Şonuň ýaly-da, olaryň pikirine görä, kyragat diňe iki rekagatda parzdyr. Soňky iki rekagatda bolsa diňe «Fatiha» süresini okamak sünnetdir. Namaz okaýan kişi bu sürä derek tesbih aýtsa-da, ýa-da ýöne dymyp dursa-da bolar.

            Ebu Hüreýräniň (r.a.) gürrüň beren bir hadysy-şeribinde Allahyň Resuly (s.a.w.) «Kimde kim içinde Kuranyň Enesini, ýagny «Fatiha» süresini okaman,bir namaz okasa, şol namaz kemterdir, kemterdir, kemterdir»diýýär.

            Şapygy mezhebiniň alymlary bu sözleri «Fatiha» süresiniň namazyň bir bölegidigine delil hökmünde ulanýarlar. Hanefi mezhebiniň alymlary bolsa: «Kurandan,näme aňsat bolsa, şony okaň»(«Müzzemmil» süresiniň 20-nji aýaty) aýaty-kerimesinidelil tutunýarlar.

            Abdullah ibn Mübärek, Ewzaýy, Ahmet ibn Hanbal, Yshak ibn Rahuýa, Ebu Söwr, Dawut Zahyry ýaly alymlar namazlaryň hemmesinde (parz we nepil namazlarynda)ymama uýup namaz okaýan kişiniň «Fatiha» süresini okamagynyň wajypdygyny aýdyp, edil şapygy mezhebiniň alymlary ýaly,şu hadysy delil getirýärler.

            Hanefi mezhebiniň alymlary bolsa: «Kim ymamyň yzynda durup, namaz okasa, ymamyň kyragatyonuň kyragatydydiýen hadysa salgylanyp, ymama uýup, namaz okaýan kişiniň Kuranyň aýatlaryny okamaga borçly däldigini öňe sürselerhem, olaryň garşydaşlary şu hadysy ýeterlik derejede ygtybarly hasaplamaýarlar. Ýöne Sagyt ibn Müseýýebiň, Hijazyň we Şamyň fykyhçy alymlarynyňpikiri hanefi mezhebiniň alymlarynyň pikiri ýalydyr. Mäliki mezhebiniň alymlary bolsa ymamyň sesli okaýan namazynda oňa uýup namaz okaýanlaryň kyragatyny gadagan edýärler. Olar Müslimiň kitabyndaky: «Ymam okan wagty sesiňizi çykarmaň»hadysyny, aýratynhem: «Kuran okalanda,sesiňizi çykarman diňläň»(«Agraf» süresiniň 204-nji aýaty) aýaty-kerimesini delil tutunýarlar. Şapygy mezhebiniň alymlary bolsa: «Ymama uýup namaz okaýan kişi diňe ymam «Fatihany» okanda dymyp, beýleki aýatlary okanda kyragatagoşulmak bilen ýa-da ymam okan wagty dymmak, ymam dyman wagtynda Kuran okamak bilen,okamagy-da, dymmagy-da bir ýere jemläp biler» diýip, olara jogap berýärler.