474 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bir mazaryň başynda namaz okandygy hakda. Bu hadys bilen baglanyşykly fykhy meseleler we alymlaryň pikiri

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 474 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bir mazaryň başynda namaz okandygy hakda. Bu hadys bilen baglanyşykly fykhy meseleler we alymlaryň pikiri

    عن ابْنُ عَبَّاسٍ رَضِي الله عَنْهُمَا : أن النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ مَرّعَلَى قَبْرٍ مَنْبُوذٍ ، فَأَمَّهُمْ وَصَفُّوا عَلَيْهِ .

 

         Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýolybeýleki mazarlardan aýry duran bir mazaryň1üstünden düşüp, bu mazaryň ýanynda bize2ymam bolmak üçin öňe geçip durdy, bizhem onuň yzynda sap baglap, namaz okadyk3».

 

1Hadysyň arapça tekstindäki «menbuwz» sözüniň iki hili manysy bar. Bu sözüň birinji manysy ýeke we uzakda galmagy, çete, gyra düşmegi, özi ýalylardan aýrylmagy aňladýar. Şoňa laýyklylykda, bu söz tenwin bilen okalsa, gürrüň beýleki gabyrlardan aýry, bir gyrada galan bir gabyr hakda giden bolup çykýar.

            Bu sözüň ikinji manysyhakynda «Kamus» atly kitapda şeýle diýilýär: «El-menbuwz» diýip, ejesi zyna edýäne aýdylýar we ol haramzada, çöpdüýbi hasap edilýär. Şonuň ýaly-da,ejesi tarapyndan ýoluňüstünde taşlanyp gidilen çaga-da şeýle diýilýär. Olaryň köpüsi garyplyk sebäpli adam geçýän ýoluň üstünde ýa-da hammamyň gapysynyň öňünde, metjitde taşlanyp gidilip, çagalary bolmaýanlar ýa-da sogap gazanmaga çalyşýan adamlar tarapyndan eýe çykylyp, şolaryň terbiýesini alýarlar. Käte nikasyz dogran çagasyny hem ejesi şeýdip taşlap gidýär».

            Her näme-de bolsa,bu hadysda bu söz birinji manysynda ulanylana meňzeýär. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) edýän hereketleri şeýle netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Bu hadysyň Müslimiň kitabyndaky nusgasynda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) täze bir gabryň ýanyna bardy. Onuň başynda namaz okady. Jemagat onuň yzynda sap baglady, olhem dört gezek tekbir aldy»; Tirmiziniň kitabyndaky nusgasynda: «Çetde galan bir gabry görüp, sahabalaryna sap baglatdy»; başga bir nusgasynda-da: «Ýoly gabyrlardan aýry duran bir gabryň üstünden düşüp, onuň başynda namaz okady» diýilýändigine görä, bu ýerdäki «menbuwz» sözüne ikinji manysyny bermäge ýol galmaýar.

2Hadysyň şu ýerde getirilmegine hut şu söz sebäp bolupdyr. Ony «Jynazalar kitabyndaky» hadyslaryň arasynda ýerleşdirmek has dogry bolsa-da, Buhary ony bu ýerde «Çagalaryň täreti, olar üçin gusuluň wajyp wagtlary we jemagat bilen birlikde baýram hem-de jynaza namazlaryna gatnaşyp, saplara girmeleri» diýen bapda ýerleşdiripdir. Çünki bu wakanyň bolup geçen zamanynda kämillik ýaşyna ýetmedik Ibn Apbas bu jynaza namazyna gatnaşyp, jemagata goşulypdyr. Ol bu hadysy bu ýerde ýerleşdirmek bilen çagalaryň jemagata goşulyp, saplara girip biljekdiklerini aňlatmak isläpdir. Şonuň ýaly-da,Buhary bu ýerde öň geçen 68-nji, 97-nji, 141-nji, 248-nji we 338-nji hadyslary gaýtadan beýan edýär. Bu hadyslardan hem kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň jemagata goşulyp, namaz okap biljekdiklerini aňlamak bolýar.

3Gabryň başynda okalan namaz hakda bu hadysdan başga-da 286-njy hadysda, şonuň ýaly-da, Enesiň, Büreýde ibn Husaýbyň, Zeýt ibn Sabyt Ensarynyň, Amir ibn Rabyýanyň, Ebu Katadanyň, Sehl ibn Hüneýfiň, Jabyr ibn Abdullahyň, Ebu Sagyt Hudrynyň, Ebu Ümämeibn Sehliň (Allah olaryň hemmesinden razy bolsun!) adyndan gelip ýeten köpsanly hadyslarda gürrüň edilýär. Şol sebäpli (Tirmiziniň aýdyşy ýaly), sahabalardan we sahaba dällerden bolan alymlaryň köpüsiniň pikirine görä,amal şoňa görädir. Şapygy, Ahmet ibn Hanbal we Yshak ibn Rahuýa ýaly alymlarhemşu düşünjede bolupdyrlar. Mälik bolsa gabryň başynda namaz okalmajakdygyny aýdýar. Abdullah ibn Mübärek: «Meýdiň namazy okalman jaýlanan bolsa, namazy gabrynyň başynda okalýar» diýýär. Ahmet bilen Yshak ölen adam jaýlanandan soň bir aý geçýänçä,gabryň başynda namaz okalyp bilinjekdigi bilen ylalaşyp, subutnama hökmünde Sagyt ibn Müseýýebiň adyndan beýan edilýän rowaýaty getirýär. Bu rowaýatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Sagt ibn Ubatanyň ejesiniň mazarynyň başynda namaz okandygy aýdylýar. Rowaýatdan belli bolşuna görä, ÜmmiSagt wepat bolanda,Allahyň Resuly (s.a.w.) ol ýerde ýok eken. Ol gaýdyp geleninden soň, onuň namazyny okapdyr we şoňa çenli onuň ýogalanyna bir aý bolan eken (286-njy hadys bilen düşündirişlerine-de seret).

            Hanefi mezhebiniň alymlary hem mazaryň başynda namaz okalyp bilinjekdigi bilen ylalaşýarlar. Meýit namazy okalman jaýlanan bolsa, gabryň başynda we meýit gabyrdan çykarylman namazy okalýar. Bu namaz jesediň dagapbiljek döwrüne çenli geçjek wagt aralygynda okalyp bilner. Meýdiň näçe wagtdan dagap biljekdigi hakynda jedel ýüze çykypdyr. Şapygy mezhebiniň alymlary bu babatda alty pikiri öňe sürüp, olaryň altynjysyna görä, meýidiň namazy soňsuz wagt aralygynda okalyp bilner. Bu pikire görä, sahabalaryň gabyrlarynyň başynda şu günlerhem namaz okamak mümkin bolsa-da, bu pikir ygtybarly hasap edilmändir.

            Şonuň ýaly-da,Buharynyň kitabynda Ukba ibn Amiriň adyndan beýan edilen rowaýatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Uhut söweşinde şehit bolanlaryň mazarlarynyň başynda, olaryň jaýlanan wagtyndan sekiz ýyl geçeninden soň, namaz okandygy aýdylýar. Fykyhçy alymlar Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu hereketini bu şehitleriň jesetleriniň bozulmandygy bilen düşündirýärler. Mysal üçin,«Muwatta» kitabyndaky rowaýata görä, Uhut şehitlerinden bolan Amr ibn Jemuwh bilen Abdullah ibn Amr Ensary hezretleriniň wepat bolanlaryndan 46 ýyl geçeninden soň, sil suwy zerarly mazarlarynyň üsti açylyp, jesetleri ýüze çykypdyr. Olaryň jesetleri edil düýn jaýlanan ýaly bolup, şol wagtam bozulman eken (Allah olardan razy bolsun!).

            Mäliki mezhebiniň alymlarynyň şunça hadyslarda aýdylanlar bilen ylalaşmazlyklary, olaryň gabyrlaryň diňe Allahyň Resulynyň (s.a.w.) okan namazy bilen nurlanyp biljekdigine we munuň diňe onuň özüne mahsus aýratynlyklaryň biridigine ynanýandyklary bilen baglanyşyklydyr. Ýöne sahabalaryň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) yzynda sap baglamaklary onuň ymmatlaryna-da şol namazyň mubahdygyny görkezýär.

4Süleýman Şeýbany bu hadysy Ebu Amr Şagbydan, ol hem Ibn Apbasdan (r.a.) eşidip gürrüň beripdir. Buharynyň kitabynda ady getirilmedik Şagby: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde barýarka, ýollary bir çetde galan mazaryň üstünden düşen bir adam maňa habar berdi...» diýip, bu rowaýaty gürrüň bereninden soň, Süleýman Şeýbany Şagbydan: «Ebu Amr, muny saňa aýdyp beren sahaba kim?» diýip sorapdyr. Ol hem: «Ibn Apbas razyallahu tagala anhümä»; Müslimiň kitabyndaky rowaýatda bolsa: «Maňa ynamdaradam, ýagnyşol ýerde bolan Ibn Apbas gürrüň berdi» diýipdir.