461 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazyň soňunda okamak üçin öwreden dogasy

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 461 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazyň soňunda okamak üçin öwreden dogasy

       عَن أَبِي بَكْرٍ الصِّدِّيقِ رَضِيَ الله عَنْهُ: أنَّهُ قالَ لِرَسُولِ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: عَلِّمْنِي دُعاءً أَدْعُو بِهِ فى صَلاَتِي. قالَ: (قُلِ: اللَّهُمَّ إنِّي ظَلْمْتُ نَفْسِي ظُلْمًا كَثِيرًا ، وَلاَ يَغْفِرُ الذُّنُوبَ إلاَّ أَنْتَ ، فَاغْفِرْ لِي مَغْفِرَةً مِنْ عِنْدِكَ وَارْحَمْنِي، إنَّكَ أَنْتَ الْغَفُورُ الرَّحِيم).

 

         (Abdullah ibn Amr ibn As (r.a.) Ebu Bekr Syddykyň (r.a.) adyndan1şeýle bir rowaýaty gürrüň beripdir: «Bir gezek) hezreti Ebu Bekr (r.a.) Allahyň Resulyna (s.a.w.) ýüzlenip: «Ýa Allahyň Resuly (s.a.w.), namazymyň ahyrynda2okar ýaly maňa bir doga öwret» diýip haýyş edipdir. Allahyň Resuly-da (s.a.w.): «Allahümme inni zalemtünefsi zulmen kesiýran welä ýagfiruz-zunuwbe illä ente. Fagfirliý magfiraten min yndike wer’hamniý inneke entel-Gafuwrur-Rahiým»3diý»diýipdir.

 

1Şu hadysy sahaba başga bir sahabanyň adyndan gürrüň beripdir. Şol sebäpli hadysçylaryňkäbirleri ony Abdullah ibn Amryň, käbirleri-de Ebu Bekriň adyndan beýan edipdirler.

2460-njy hadysyň birinji düşündirişinde aýdylanlaraesaslanyp, bu ýerde: «Teşehhütden soňrawe salamdan öňürti» diýmek islenendigini aýdyp bolar.

3Bu dogaýy-şeribiň beýik manysy: «Allahym, meniň özüme uly we köp zulum edendigim şübhesizdir. Günäleri bagyşlajak hem diňe Sensiň. Öz tarapyňdan gelen bir bagyşlama bilen meni bagyşla we maňa rehim et! Gafur we Rahiým bolanyň Sendigi şübhesizdir(Dogrusyny bir Allah bilýär)». Allahyň gulyşu sözleri aýtmak bilen: «Ýa Reb, amalym bilen hukuk gazanmadyk ýagdaýymda,özüň meni bagyşla» diýmek isleýär. Ol haýyşyny Allahyň rehim etmegini dilemek bilen tamamlaýar. Tutuş doga bolsa, Allahyň Gafurdygyna we Rahyýmdygynasygynmak bilen gutarýar. Allah tarapyndan bagyşlanmak jähennemiň odundan daşlaşdyrylmak, Onuň rehim etmegi-de jennete girizilip, Allahü tagalany görmek nesibine mynasyp bolmakdyr.