432 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) möminler üçin iň gözel nusgadygy hakda. Daşyňdan okalmaly rekagatlarda aýat okamagyň parzdygy barada alymlaryň bir pikirde bolmagy

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 432 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) möminler üçin iň gözel nusgadygy hakda. Daşyňdan okalmaly rekagatlarda aýat okamagyň parzdygy barada alymlaryň bir pikirde bolmagy

    عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِي الله عَنْهُمَا قالَ: قَرَأَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فِيما أُمِرَ ، وَسَكَتَ فِيمَا أُمِرَ ، وَمَا كانَ رَبُّكَ نَسِيًّا. لَقَدْ كانَ لَكُمْ في رَسُولِ اللَّهِ أُسْوَةٌ حَسَنَةٌ.

 

        Abdullah ibn Apbas (r.a.): «Allahyň Resuly (s.a.w.) özüne emr edilen ýerde okady1. Şonuň ýaly-da, özüne emr edilen ýerde dymdy»2diýipdir (we aýdanyny subut etmek üçin yzky aýatlary okapdyr): وَمَا كَانَ رَبُّكَ نَسِيًّا= „We mä käne Rabbüke nesiýýen” (golaý manysy: «Seniň Rebbiň unudyjy däldir».«Merýem» süresiniň 64-nji aýatyndan)3; لَقَدْ كَانَ لَكُمْ فِي رَسُولِ اللَّهِ أُسْوَةٌ حَسَنَةٌ= „Lakad käne leküm fiý Resuwlillähi üswetün hasanetün” (golaý manysy: «Allahyň Resuly (s.a.w.) siziň üçin gowy bir nusgadyr». «Ahzab» süresiniň 21-nji aýatyndan)4.

 

1Şu ýerde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) aýatlary daşyndan okandygy aýdyljak bolunýar.

2Şu ýerde onuň Kuranyň aýatlaryny okamagy terk edendigi aýdyljak bolunman, aýatlary içinden okandygy bildirilýär. Sebäbi, Allahyň Resuly (s.a.w.) parz namazlaryny mydama ymam bolup okapdyr. Namazy ýeke özi okaýanyň we ymama uýup okaýanyň içiňden okalýan namazda aýat okamalydygy ýa-da okamaly däldigi hakyndaky mesele jedelli bolsa-da, ymam hakynda beýle düşünişmezlik ýokdur. Sebäbi, ymam namazy içinden okasa-da, daşyndan okasa-da aýat okaýmalydyr.Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ertir namazynda, agşam we ýassy namazlarynyň ilkinji rekagatlarynda aýatlary daşyndan okandygy mälimdir.

3Ibn Apbas hezretleri şu ýerde: «Allahü tagalanyň namazy nädip okamalydygyny beýan etmek üçin aýatlary indermediginden çen tutup, onuň beýle etmegi unudandygy barada çak etmäň. Ol islese, şeýle hem ederdi. Ýöne Ol bu wezipäni Allahyň Resulynyň (s.a.w.) üstüne ýükläp, bize-de oňa tabyn bolmagy buýurdy» diýmek isleýär. «Nahl» süresiniň 44-nji aýatyndaky:وَأَنْزَلْنَا إِلَيْكَ الذِّكْرَ لِتُبَيِّنَ =„We enzelnä ileýkezzikre li-tübeýýine linnäsi” (golaý manysy:«Adamlara inderilen wahyýybeýan etmegiň üçin...») diýen mukaddes sözleriň manysy hem şoňa şaýatlyk edýär. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Kuranyň düýp özenini bize düşündirýän hereketlerine tabyn bolmagyň biz üçin wajypdygy barada alymlaryň dürli toparlarynyň pikiri birmeňzeşdir. Ýöne, olar Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ukusynyalşywe tagam iýşi ýaly hereketlerine tabyn bolmagyň wajyp däldigi barada dürli pikirlere eýerýärler. Munuňhem bize wajyp hasap edilmegi iň dogrusydyr.

4Şu hadyshem, mundan öňki hadyshem daşyňdan okalmaly rekagatlarda aýat okamagyň parzdygyny görkezýär. Ähli alymlar, fykyhçylar bilen bir hatarda,Ibn Apbashem (r.a.) muny ykraredýär. Ýöne, ol içiňden okalmaly namazlarda we rekagatlarda kyragatyň terk edilmelidigi baradaky düşünjä eýerýär. Şu hadysda-da: «Daşyndan okady» diýmegiň ýerine: «Okady» we: «Içinden okady» diýmegiň ýerine: «Dymdy» diýmegi şol düşünjesinden habar berýär. Ondan bu mesele bilen baglanyşykly üç sany rowaýat gelip ýetipdir. Şol rowaýatlaryň birinde namazyň içiňden okalýan ýerinde kyragatyret edýär. Mysal üçin, Ebu Dawudyň öz kitabynda beýan etmegine görä, Ibn Apbasdan (r.a.): «Allahyň Resuly (s.a.w.) öýle bilen ikindi namazlarynda Kuran okaýarmydy?» diýip soranlarynda, ol: «Ýok» diýip, şonuň ýaly-da: «Eýsem ol içinden okaýarmydy?» diýip soranlarynda-da: «Munyň-a öňki soraglaryňdan hem beter boldy. Ol bir guldy. Özüne emr edileni habar berýärdi» diýip jogap beripdir. Şonuň ýaly-da,EbuDawut bilen Tabarynyň beýan etmeklerine görä, ol: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýle bilen ikindi namazlarynda Kuran okandygyny ýa-da okamandygyny bilmeýärin» diýipdir. Onuň bu aýdýanlarynyň ikisi-de ygtybarly däl. Çünki,öňde geçen 418-nji we 424-nji hadyslar, şonuň ýaly-da,köpsanly sahabalardan gelip ýeten birtopar hadys Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazlarynyň hemme rekagatlarynda Kuran okandygyny tassyklaýarlar. Şu hadyslar bolsa Ibn Apbasyň (r.a.) ýokarky rowaýatlaryndan has irkidir.

Şonuň ýaly-da,Ibn Münzir bilen Tahawynyň beýan etmeklerine görä, şol soraga Ibn Apbas (r.a.): «Ol, ýagny, Kuran seniň ymamyň, ýol görkezijiňdir. Şoňa görä-de, azda-kände Kuran oka» diýip hem jogap berenmiş.