442 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) rukuwda we sejdede mahaly okan dogalary

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 442 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) rukuwda we sejdede mahaly okan dogalary

عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ الله عَنْهَا قالَتْ: كانَ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَقُولُ فى رُكُوعِهِ وَسُجُودِهِ: (سُبْحَانَكَ اللَّهمَّ رَبَّنَا وَبِحَمْدِكَ اللَّهمَّ اغْفِرْ لِي ).

 

         Musulmanlaryň enesi hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) rukuwdakawe sejdedekä: «Sübhanekellahümme Rabbenä we bihamdik. Allahümmegfirli»1diýerdi».

 

1Şu doganyň manysy şeýledir:  «Eý biziň Rebbimiz bolan Allahu zül-Jelal! Seni öz güýç we kuwwatym bilen däl, öwgä mynasyp bolan ýardamyň we dogry ýola salmagyň bilen Saňa mahsus bolan öwgi bilen tesbih edýärin. Allahym, meni bagyşla (dogrusyny bir Allah bilýär)».

            Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şu sözler bilen günäsiniň geçilmegini dilemegi Allaha ýüzlenmek zerurlygyny, tabynlygyny tassyklamagy, boýun egmegi, boýun egýändigini görkezmegi, şükür etmegi, nygmatlarynyň dowamly bolmagyny islemegi ýaly manylary öz içine almagy bilen bir hatarda, (Allah daş etsin!) boýun egmezlikden däl-de, has gowusyny terk edeniňüçin, Mewla edýän ybadatyňy bolmalysy ýaly ýerine ýetirmeýäniň üçin ötünç soramak ýaly manyny-da öz içine alyp biler.

            Doganyň özi-de ybadatdyr. Musulmanlaryň enesi hezreti Äşäniň (r.a.) şundan soňra gelýän hadysyndanhemmälim bolşy ýaly, şu görnüşdäki doganyň Allahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan namazdaky rukuwda we sejdede aýdylyp başlanylmagy onuň pygamberlik wezipesiniň soňlanyp barýandygy baradaky yşaraty öz içine alýan  «Nasr»süresiniň 3-nji aýatyndaky:فَسَبِّحْ بِحَمْدِ رَبِّكَ وَاسْتَغْفِرْهُ= «Fesebbih bihamdi Rabbike Westagfirhü»(golaý manysy:«Indi sen öz Belent Taňryňy öwmek bilen oňa tesbih aýt we Ondan günäňi geçmeginidile»)mukaddes sözleriň inen döwründen soňky döwre gabat gelýär. Allahyň Resuly (s.a.w.) Allahü tagalanyň bu emriniýerine ýetirmek üçin,şu dogany saýlap alypdyr. Onuň dogany namaz wagtynda aýtmagy şeýle pursatyň beýleki pursatlardan has gowy bolmagy, ony rukuwa we sejdä gabatlamagy bolsa, bu iki halda ünsüň we tabynlygyň has ýitileşýänligi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň ýaly-da,Müslimiň hezreti Äşäniň (r.a.) adyndan beýan eden bir rowaýatyna esaslanyp, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şu dogany diňe namaz wagtynda aýtmagy niýetlemändigini hem aýdyp bolar. Şol rowaýatda hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýýär:«Allahyň Resuly (s.a.w.) soňky wagtlarda:«Sübhanallahi we bihamdihi estagfirillähe we etubu ileýhtesbihini we ötünç dilemegini köp gaýtlardy. Men ondan:«Ýa Allahyň Resuly, «Sübhanallahy»köp gaýtalaýarsyň, onuň sebäbi näme?»diýip soradym. Şonda ol: «Rebbim maňa ymmatymda bir alamat görjegimi habar beripdi. Şol alamaty göremde kän gezek:«Sübhanallahi... we etubu ileýhdogasyny gaýtalamalydym. Şol alamaty bolsa, ine, gördüm.«Izä jäää-enasrullahu wel-fethu»aýaty-kerimesindäki gürrüňi edilýän ýeňiş Mekgäniň boýun egdirilmegidir. «We ra-eýtennäse ýedhuluwne fiý diýnillähi efwäjen... tewwäben»diýdi».

            Bu alamat,hadysyň äheňindenhem aňlanylyşyna görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) dünýäden gitmeginiň ýakynlandygyna yşarat eden alamat bolup, şu süräniň inmegi bilen Allahü tagala tarapyndan şol alamat Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýadyna salnypdyr we (toba etmegi zerurlyga öwürýän günäsi bolmasa-da), bu dünýäde we ahyrýetde uly derejä we üstünlige gowuşmagy üçin oňa tesbih, Allaha hamd aýtmak we günäsiniň geçilmeginiň dilemek bilen meşgul bolmak emr edilipdir.

            Şu sebäpli hem Allahyň Resulynyň (s.a.w.) rukuwda we sejdede wagty aýdan zikrleri we tesbihleri hakyndaky rowaýatlaryň käbirini şu ýerde ýatlamak ýerliklidir.

Bezzaryň «Sünen»atly kitabynda hezreti Äşäniň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda şeýle diýilýär:«Allahyň Resuly (s.a.w.) gije namazynyň sejdesinde: «Sejede wejhiý lilleziý halakahu feşakka semgahu bihawlihi we kuwwetihi»(«Meniň ýüzüm, özüm Ol Allahü Azimuş-Şana sejde etdi. Ol öz güýç we kuwwaty bilen ony ýaratdy we kereminiň gözeldigi sebäpli oňa gulak we göz berdi»)diýdi».

            Tahawynyň beýan edenbir hadysy-şeribinde hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýýär:«Allahyň Resuly (s.a.w.) rukuwynda we sejdesinde köp gezek:«Sübhanekellahümme we bihamdike. Estagfiruke we etubu ileýke. Fegfirliý.Fe-inneke entettewwäbü»(«Allahym, saňa tesbih aýdýaryn, tesbihi-de öwgiň bilen birlikde ýerine ýetirýärin. Sendenbagyşlamagyňy dileýärin.Seniň öňüňde toba edýärin.Şonuň üçin senhem meni bagyşla. Sebäbi, Sen tobany kabul edijisiň»)diýerdi».

            Tahawy, Müslim we Nesaýy tarapyndan beýan edilen bir hadysy-şerifde hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýýär:«Allahyň Resuly (s.a.w.) rukuwynda we sejdesinde:«Sübbüwhun kudduwsun Rebbül-meläiketi werruwhi»diýerdi».

            Müslimiň beýan eden bir hadysy-şeribinde hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýýär:«Rukuwda ýa-da sejdede mahaly Allahyň Resulynyň (s.a.w.):«Sübhanekellahümme we bihamdike lä ilähe illä ente»diýýändigini eşidýärdim».

            Müslim, Ebu Dawut, Tirmizi, Nesaýy, Ibn Maje, Darakutnywe Tahawy dagynyň beýan eden bir hadysy-şeribinde Huzaýfa ibnÝeman şeýle şeýle diýýär: «Bir gije Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen bilelikde namaz okadyk... Ol rukuwdaka: «Sübhane Rebbiýel-azyým», sejdedekä: «Sübhane Rebbiýel-a’lä»diýdi».

            Müslimiň beýan eden bir hadysynda hezreti Aly (r.a.) şeýle diýýär: «...Rukuwda mahalyAllahyň Resuly (s.a.w.): «Allahümme lekel rakagtu. We bike amentü. We leke eslemtü. Haşaga leke semgyý we basariý we muhhibi we azmiý we asabiý» («Allahym, rukuwym-da Seniňkidir, imanym-da Seniňkidir, yslamdyr tabynlygym-daSeniňkidir. Gulagymhem, gözümhem, beýnimhem, süňkümhem, siňirimhem– hemmesi Saňa tarap gönügendir»)diýse, sejdede mahaly hem: «Allahümme leke sejedtü.We bike amentü.We leke eslemtü. Sejede wejhiý lilleziý halakahüwe sawwarahüwe şekka semgahüwe basarahü. Tebärekellahüahsenül-haalikyýne»diýerdi».

            Tahawy, Ebu Dawut, Ibn Hybban, Hakim tarapyndan beýan edilen bir hadysda Ukba ibn Amir Jüheni (r.a.) şeýle diýýär:فَسَبِّحْ بِاسْمِ رَبِّكَ الْعَظِيمِ= «Fesebbih bismi Rabbikel-azyými»(golaý manysy: „Şeýle bolýan bolsa, belent Rebbiňiň adyny tesbih et”. «Wakya»süresiniň 74-nji aýaty)aýaty-kerimesi inende,Allahyň Resuly (s.a.w.): «Muny rukuwyňyzda aýdyň» diýdi.سَبِّحِ اسْمَ رَبِّكَ الْأَعْلَى= «Sebbihisme Rabykel a’lä» (golaý manysy: „Belent Rebbiňiň adyny tesbih et”. «A’lä»süresiniň  1-nji aýaty)süresi inende-de: «Muny sejdäňizde aýdyň»diýdi».

            Ebu Dawutbilen Nesaýynyň beýan eden bir hadysy-şeribinde Awf ibn Mälik Eşjaýy (r.a.) şeýle diýýär: «Bir gije Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde namaza durdum. Ol kyýamda «Bakara» süresini okady... Ol her gezek rukuwa baranda: «Sübhane zil-jeberuti wel-melekuwti wel-kibriýä-i wel-azameti»diýýärdi». Bu hadys ýokarda-dabeýan edilipdi.

            Esasy tekstdäki hadysdanhem, düşündiriş hökmünde getirilen köpsanly hadyslardanhemrukuwda we sejdede zikriň sünnetdigi görünýär. Mysal üçin, Şapyga, Ahmet ibn Hanbala, Yshak ibn Rahuýawe Dawut Zahyra görä, namaz okaýan kişi parz we nepil namazlarynda ýokarda geçen hadyslardaky dogalardan we tesbihlerden islänini aýdyp biler. Mälik rukuwda diňe tesbih aýtmagy ýerlikli hasaplap, onda doga edilmeginiň mekruwhdygyny aýdypdyr. Ol dogany sejdede okamaga goýýar. Ol Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Müslimiň kitabynda Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysdaky: «Rukuwda ýa-da sejdede wagtym Kuranyň aýatlarynyokamagyň maňa gadagan edilendigi şübhesizdir... Şeýle bolansoň rukuwda Rebbiňize tagzym ediň. Sejde-de bolsa köp-köp doga etmäge çalşyň. Sebäbi, şol wagt dogaňyzyň kabul edilmegine has köp umyt bar»diýen sözlerini delil tutunýar. Ýöne, bşu hadysdan aýratyn bir many çykaryp, rukuwda doga etmeli däldigi barada netije çykarmak dogry bolmaz. Allahü tagala tagzym etmek bilen birlikde doga etmäge-de hiç zat päsgel berip bilmez. Şonuň ýaly-da,doga bilen birlikde Allahü tagala tagzym etmäge-de hiç hili päsgelçilik ýokdur. Mysal üçin, şu hadysda duş gelýän: «Allahümmegfirli» jümlesi dogadyr.