430 Namazda kyragatyň wajypdygy hakda. Namazlaryň haýsyny daşyňdan, haýsyny hem içiňden okamalydygy barada alymlaryň jedeli

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 430 Namazda kyragatyň wajypdygy hakda. Namazlaryň haýsyny daşyňdan, haýsyny hem içiňden okamalydygy barada alymlaryň jedeli

    عَنْ أَبي هُرَيْرَةَ رَضِي الله عَنْهُ قالَ: في كُلِّ صَلاَةٍ يُقْرَأُ ، فَمَا أَسْمَعَنَا رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ أَسْمَعْنَاكُمْ ، وَما أَخْفَى عَنَّا أَخْفَيْنَا عَنْكُمْ ، وَإنْ لَمْ تَزِدْ عَلَى أُمِّ الْقُرْآنِ أَجْزَأَتْ ، وَإنْ زِدْتَ فَهُوَ خَيْرٌ.

 

       Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Her namazda Kuran okalar1. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bize eşitdirenlerini bizhem size eşitdirýäris. Bizdengizlin okanlaryny biz hem sizdengizlin okaýarys2. Ümmil-Kurandan (ýagny «Fatihadan») başga hiç zat okamasaňhem saňa ýeter. Ýöne şondan artyk okasaň, özüňe has haýyrly bolar»3.

 

1Ahmet ibn Hanbal bilen Müslimiň kitaplarynda: «Her namazda kyragat bar» diýlip, has açyk aýdylypdyr. Mundan kyragatyň her namazda parzdygy aňlanylýar. Müslimiň kitabyndaky başga bir ýoldan gelen rowaýatda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) namazyň hemmesinde okardy» diýlipdir. Mundanhem her rekagatda kyragatyň bardygy görünýär. Şu hadysy-şerif umuman kyragatyň ýa-da öýle bilen ikindi namazlarynda kyragatyň bardygyny inkär edenlere garşy delildir (423-nji we 424-nji hadyslara hem-de olaryň düşündirişlerine-de seret).

2Şu hadysyň beýan ediliş aýratynlygyndan çen tutsaň, ol gös-göni Allahyň Resulyndan (s.a.w.) gözbaş alyp gaýtmaýan ýaly bolup görünse-de, ony Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen baglanyşdyryp bolar. Çünki, bu ýerde: «Nirelerde daşyňdan, nirelerde içiňden okalyp bilinjegini biz Allahyň Resulyndan (s.a.w.) öwrendik. Öwrenşimiz ýaly hem size görkezýäris» diýilmekçi bolunýar. Bu ýerden aýatlary daşyňdan okamaly ýerde daşyňdan, içiňden okamaly ýerde hem içiňden okamagyň sünnetdigi aňlanylýar. Tahawynyň beýan eden rowaýatynda Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bize ymam bolanda,käte daşyndan, käte içinden okardy. Agşam, ýassy, ertir, juma, iki baýram namazlary ýaly käbir namazlarda daşyndan, öýle ikindi, agşam namazynyň üçünji we ýassynyň soňky iki rekagaty ýaly ýerlerde içinden okardy».

            Ebu Ýusuba, Muhammede,Şapyga we Ahmede görä, ýagmyr ýagdyrmagyny Allahdan diläp okalýan nepil namazy daşyňdan okalar. Aý we Gün tutulanda okalýan namazlar, Ebu Hanife bilen Muhammede görä, içiňden, Ebu Ýusuba görä, daşyňdan okalar. Şapyga görä, Gün tutulanda okalýan namaz daşyňdan okalmaly. Beýleki nepil namazlary babatda aýdylanda bolsa, gündiz okalýan nepil namazlary daşyňdan okalmaz. Gije okalýan nepil namazlaryny sesli ýa-da içiňden okamak namaz okaýanyň ygtyýaryndadyr. Newewiniň beýan etmegine görä, gije okalýan nepil namazy barada şapygy mezhebiniň alymlarynyň iki hili garaýşy bar: 1) daşyňdan okalmaly; 2) daşyňdan ýa içiňden okamak namaz okaýanyň islegine bagly. Namazy ýeke özi okaýanyň namazy daşyňdan okamaly ýerinde daşyndan okamagy, Mälige we Şapyga görä, mustahapdyr. Ahmet ibn Hanbalyň adyndan aýdylýan meşhur rowaýata görä bolsa, bu beýle däldir.

            Ebu Hanife görä, bu öz islegiňe görädir.

3Müslimiň kitabyndaky rowaýatdan belli bolşuna görä, bu söz ady tutulmadyk bir adamyň: «Ümmil-Kurandan» başga hiç zat okamasam näme?» diýip beren soragynyň jogabydyr. Hanefi mezhebiniň alymlaryna görä, «Fatihanyň» yzyna bir gysga süre goşmak wajypdyr. Beýleki üç mezhebiň alymlaryna görä bolsa mustahapdyr. Diňe mäliki mezhebinden bolan Ibn Kynanahanefi mezhebiniň alymlary bilen pikirdeş bolupdyr. Ahmet ibn Hanbalyň hem: «Biziň pikirimizçe, «Fatihanyň» yzyna bir süre ýa-da islendik süreden üç aýat goşmak namazyň wajyplaryndandyr» diýendigi gürrüň berilýär. Onuň wajypdygy bilen ylalaşanlar Tirmizi bilen Ibn Majäniň öz kitaplarynda Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a.) adyndan beýan eden: «Namazyň açary täretdir. Tahrimi: «Allahu Ekber» diýmekdir. Tahlili salam bermekdir. Parz namazlarda-da, beýleki namazlarda-da «Elhamdülilläh» bilen, bir süre okamaýan üçin namaz sogaby ýokdur»hadysy bilen Ibn Hybbandyr Ebu Dawut tarapyndan Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a.) adyndan beýan edilen: «Fatihatül-Kitäp bilen birlikde ýadymyza düşdüginden Kuran okamak bize emr edildi» diýen rowaýaty delil tutunýarlar.