380 Uzak ýerden jemagat namazyna gelmegiň we namaza garaşyp oturmagyň artykmaç tarapy hakda

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 380 Uzak ýerden jemagat namazyna gelmegiň we namaza garaşyp oturmagyň artykmaç tarapy hakda

     عَنْ أَبِي مُوسَى رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: قَالَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: (أَعْظَمُ النَّاسِ أَجْراً في الصَلاَةِ أَبْعَدُهُمْ فَأَبْعَدُهُمْ مَمْشًى ، وَالَّذِي يَنْتَظِرُ الصَلاَةَ ، حَتَّى يُصَلِّيَهَا مَعَ الإمَامِ ، أَعْظَمُ أَجْراً مِنَ الَّذِي يُصَلِّي ثُمَّ يَنَامُ ).

 

         Ebu Musa (Abdullah ibn Kaýs Eşgary) (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly(s.a.w): «Adamlaryň namaz okany üçin iň uly sogaba mynasyp bolanlaryuzakdan ýuwaş-ýuwaş ýöräp,metjide gelenleridir1. Ymam bilen namaz okamak üçin namaza garaşan adamhem, namaz okap ýatyberenkişiden2has uly sogaba mynasyp bolar»diýdi».

 

1Jemagat namazyna uzak aralykdan gelmekdäki uly sogap ädimleriň köp ädilmegindenwe her ädime sogap ýazylmagyndan, gysgaça aýdylanda,sogaplaryň kynçylyklar bilen baglanyşykly bolmagyndan gelip çykýar. «Amalyň has gowusy iň kyn düşenleridir» diýen hadysy-şeribiň manysyndan çen tutup, artyk çekilen kynçylyk artyk sogap gazanylmagyna sebäp bolýan bolsa, süýji ukyny bir ýana taşlap, ertir namazyny jemagat bilen okamak üçin garaňkynyň içinde metjide gidenleriň gazanjak sogabynyň nähili boljakdygyny çak etmek kyn däl.

2Ymama garaşan adam namaz üçin bellenen wagtyň içinde özbaşdak ýa-da garaşman, ýöne ymam bilen birlikde namaz okandan has kän sogap gazanýar. Çünki,namazyň wagtyny geçirmezlik şerti bilen garaşyp oturmagyň kyn bolşy ýaly, Buharynyň kitabyndaky: «Namaza näçe garaşsaňyz,şonça wagtlap namaz okan hasabyndasyňyz»diýen ygtybarly hadysa esaslanyp, ymam gelýänçä oňa garaşanyň, şonça wagtlap namaz okanyň gazanan sogaby ýaly sogap gazanjakdygyny aýdyp bolar. Hadysyň soňky böleginde ukyny jemagat bilen namaz okamakdan gowy görüp, ýassy namazyny wagty giräýen badyna okap, uklan adam hakynda gürrüň edilýär. Hanefi mezhebiniň alymlarynyňertir namazyny töwerek ýagtylýança, tomus aýlarynda öýle namazyny howa salkynlaýança, ikindi namazyny uzakdan seredeniňde Günüň ýüzüniň tekizliginiň üýtgeýän döwründen öňki döwre çenli, ýassy namazyny-da gijäniň üçden biri geçýänçä yza çekmegiň has sogaplydygy hakyndaky düşünjeleri şu hadysa esaslanýar.

         Şonuň ýaly-da,artyk sogap gazanaýyn diýip, golaýdaky metjidi taşlap, uzakda ýerleşýän metjide gitmegiň sogabynyň köp bolmagy, golaýdaky metjidiň taşlanmak gorkusynyň bolmazlygy bilen baglydyr. Eger şonuň ýaly gorky bar bolsa, onda ýakyndaky metjitde namaz okamagyň sogaby has artyk bolar.