438 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazda her galkanda we egilende «Allahü Ekber» diýendigi hakda

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 438 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazda her galkanda we egilende «Allahü Ekber» diýendigi hakda

      عَنْ عِمْرَانَ بْنِ حُصَيْنٍ رَضِيَ الله عَنْهُ: أَنَّهُ صَلَّى مَعَ عَلِىٍّ رَضِيَ الله عَنْهُ بِالْبَصْرَةِ ، فَقَالَ: ذَكَّرَنَا هذَا الرَّجُلُ صَلاَةً كُنَّا نُصَلِّيهَا مَعَ رَسُولِ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، فَذَكَرَ أَنَّهُ كانَ يُكَبِّرُ كُلَّمَا رَفَعَ وَكُلَّمَا وَضَعَ.

 

       (Jemel wakasyndan soňra bir gezek)Ymran ibn Hüseýin Huzaýy (r.a.) Basrada AlyibnEbutalybyň (r.a.) yzynda durup namaz okapdyr1. Ol (namazdan soňrarawy Mutarryf ibn Abdullaha ýüzlenip): «Şu adam Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde okan namazlarymyzy ýatlatdy»2diýip, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) her galkyp, her egilende:  «AllahüEkber»diýendigini ýatlapdyr3.

 

1Buhary şu hadysy başga bir ýoldan has giňiş hem beýan edýär. Ol hadysda Abdullah ibn Mutarryfdiýen biriYmran ibn Hüseýin (r.a.) bilen birlikde Aly ibn Ebutalybyň (r.a.) yzynda durup namaz okandyklaryny, hezreti Alynyň sejdä gidende, sejdeden başyny galdyranda, ikinji rekagata galkanda mydama: «AllahüEkber» diýendigini habar berip, namazy tamamlanlaryndan soňraYmran ibn Hüseýiniň (r.a.) öz elinden tutup: «Şu adam Muhammet alaýhyssalamyň namaz okadyşyny ýatlatdy» ýa-da: «Wallahy, bize Muhammet sallallahu Teala alaýhywesellemiň okadan namazyny okatdy» diýendigini gürrüň beripdir. Başga bir rowaýatda-da: «Köpden bäri, ýa bolmasa, pylan wagtdan bäri Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazyna şunuň ýaly meňzeş bir namaz okamandym» diýipdir.

            Ahmet ibnHanbalyň «Müsned»atly kitabynda beýan edilişine we Tahawynyň Ebu Musa Eşgarynyň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatyna görä, ol,ýagny, Ebu Musa: «Aly (r.a.) bize Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde okan namazlarymyzy ýatlatdy. Käbirimiz olary unudypdyk, käbirlerimizhem bilkastlaýyn terk edipdik»diýýär.

            Buharynyň şu düşündirişde gürrüňi edilen rowaýatynda rukuwdan sözaçylmaýar. Şu kitaba girizilen rowaýatda bolsa, her gezek galkyp, her gezek aşak inende Alynyň (r.a.):«AllahüEkber»diýendigi has umumy bir görnüşde beýan edilýär. Zebidiniň şu rowaýaty saýlap almagy-da şonuň üçin bolsa gerek.

2Şunça sahaba heniz diri gezip ýörkä,tekbirler unudylmak derejesine baryp ýetäýdimikä? Ahmet ibn Hanbalyň beýan eden rowaýatynda bu soragyň jogaby berilýär. Şol rowaýatda Mutarryf şeýle diýýär: «Ymran ibn Hüseýinden: «Ýa Eba Nüseýt, tekbiri birinji bolup terk eden kimdir?» diýip soradyk. Ol: «Garranyndan we sesi haýallanyndan soňra Osman ibn Affan terk etdi» diýip jogap berdi». Diýmek, hezreti Osman (r.a.) üzürli bolany sebäpli, sesli tekbir almagy terk edipdir. Ýöne soňralar emewileriň arasynda bu sünnet kibi kabul edilipdir. Tabaranynyň Ebu Ubaýdyň adyndan beýan eden rowaýatyna görä, tekbiri ilki terk eden Mugawyýadyr. Ebu Ubaýdyň adyndan beýan edilen bir rowaýatda bolsa, ony ilki terk edeniň Zyýatdygy aýdylýar. Hernäme-de bolsa, Zyýat:«Mugawyýa terk etdi» diýip, Mugawyýa-da:«Hezreti Osman terk etdi» diýip, tekbiri terk edenler ýaly bolup görünýär. Käbir alymlar olaryň diňe sesli tekbir almagy terk edendiklerini aýdýarlar. Hezreti Omaryňhembir gezek tekbir almandygy hakda rowaýat barhem bolsa, onuň şeýle etmäge rugsat berilýändigini görkezmek üçin şeýle edendigi aňlanylýar. Hernäme-de bolsa, şol döwürlerde ymamlaryň tekbirleri terk etmeklerine halkyň nä derejede öwrenişendigiBuharynyň Ykrymanyň adyndan beýan eden bir hadysyndan görünýär. Ykryma şeýle diýýär: «Mekgede bir garry adama uýup, namaz okadym. Ol ýigrimi iki gezek tekbir aldy. Men Ibn Apbasa (r.a.) ýüzlenip: «Şu adam akmakdyr» diýdim. Ol bolsa: «Eneň aglasyn. Bu Ebu Kasym Muhammediň (s.a.w.) sünnetidir» diýdi». Hakykatdanhemdört rekagatly bir namazda başlangyç tekbir bilen birlikdeýigrimi ikisany tekbir bar. Tahawynyň rowaýatyna görä, bu adam abu Hüreýremiş (r.a.).

3Namaz okaýarkaň her egileňde we galaňda tekbir almak şerigata laýykdyr. Diňe rukuwa gidip, rukuwdan galaňda tekbir alynman: «Semiallahu limen hamideh» diýilýär. Bu pikir bilen Ata ibn Ebu Rebah, Hasan Basry, Muhammet ibnSirin, Ybraýym Nahaýy, Söwri, Ewzaýy, Ebu Hanife, Mälik, Şapygy, Ahmet ibn Hanbal ýaly alymlar we olaryň egindeşleri, şonuň ýaly-da,Ibn Mesgut, Ebu Hüreýre, Jabyr ibn Abdylla, Kaýs ibn Übäde (Allah olardan razy bolsun!) ýaly köp sanly sahabalar hem ylalaşypdyrlar. Häzirki döwürde-de şoňa görä amal edilýär. 455-nji hadysa-da seret.

            Geçiş tekbirleriniň wajypdygy ýa-da sünnetdigi barada dürli pikirler orta atylypdyr. Ebu Bekr Syddyk, Omar Faruk, Jabyr, Kaýs ibn Übäde(Allah olardan razy bolsun!) ýaly sahabalar, Şagby, Ewzaýy, Sagyt ibn Abdyleziz, Mälik, Şapygy, Ebu Hanife ýaly alymlaryň hemmesi yhram (başlangyç) tekbirinden beýleki geçiş tekbirleriniň sünnetdigi bilen ylalaşypdyrlar. Osman Zunnureýniň, Aly ibn Ebutalybyň, Mesgudyň, Ibn Omaryň, Ebu Hüreýräniň, Abdullah ibn Zübeýriň (Allah olardan razy bolsun!), şonuň ýaly-da,Mehkuwlyň, Ybraýym Nahaýynyň we Ebu Söwriň hem şeýle pikirde bolandyklary belli. Diňe mäliki mezhebiniň käbir alymlaryna görä, üç tekbiri terk edenesehiw sejdesini etmek gerek. Ebu Dawut Zahyrynyň yzyna eýerýänler we Ahmet ibn Hanbal bolsa tekbirleriň hemmesiniň wajypdygynyaýdýarlar.

            Iň dogrusy namazyň başlangyç tekbirlerinden beýleki tekbirleri sünnet hasaplamakdyr.

Namazda geçiş tekbirlerini almagyň hikmeti «Şerhi-Mühezzeb» atly kitapda şeýle düşündirilýär: «Namaz okaýan adam namazyň başynda manysy tekbire ýakyn bolan niýet etmäge borçludyr. Bu niýeti namazyň soňuna çenli alyp gitmek, ýagny, namaz tamam bolýança, onuň her böleginde niýeti dowam etmek zerurdyr. Ine, şol sebäpli namaz okaýan kişi namaz wagtynda niýetiň alamaty bolan tekbirleri gaýtalamaga borçly edilipdir».