386 Ertir namazy üçin kamat getirilenden soň ertir namazynyň iki rekagat sünnetini okan adamy Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýazgarmagy hakda.

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 386 Ertir namazy üçin kamat getirilenden soň ertir namazynyň iki rekagat sünnetini okan adamy Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýazgarmagy hakda.

Bu meseleden söz açýan beýleki rowaýatlar. Ertir namazy üçin kamat getirilenden soň ertir namazynyň iki rekagat sünnetiniň okaljakdygy ýa-da okalmajakdygy hakda alymlaryň pikirleri

 

     عَنْ عَبْدِ الله بْنِ مَالِكٍ بْنِ بُحَيْنَةَ ، رَجُلٍ مِنَ الأَزْدِ ، رَضِي الله عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ رَأَى رَجُلاً وَقَدْ أُقِيمَتِ الصَّلاَةُ ، يُصَلِّي رَكْعَتَيْنِ ، فَلَمَّا انْصَرَفَ رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ لاَثَ بِهِ النَّاسُ ، وَقَالَ لَهُ رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: ( الصُّبْحَ أَرْبَعاً ، الصُّبْحَ أَرْبَعاً).

 

       Ezd tiresinden bolan Abdullah ibn Mälik ibn Buhaýna(r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gün säherwagtynamaza kamat getirilip başlananda,Allahyň Resuly (s.a.w.) biriniň1iki rekagat sünnet namazyny okandygyny gördi. Allahyň Resuly (s.a.w.) namazdan çykanyndan soň, şol ýerdäkiler daşyny2gurşap aldylar. Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ertir namazyny-da dört rekagat edip okaýarsyňmy? Ertir namazyny-da dört rekagat edip okaýarsyňmy?»diýip, oňa igendi»3.

 

1Şol pursatda bu iki rekagat namazy okan adam rowaýatçynyň özüdir. Mysal üçin, Ahmet ibn Hanbalyň «Müsned» atly kitabynda bu barada açyk aýdylypdyr. Ibn Huzeýmäniň, Ibn Hybbanyň, Bezzaryň, Hakimiň we beýlekileriň tarapyndan Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen: «Namaza durupdym. Azançy hem kamat getirmäge başlapdy. Allahyň Resuly (s.a.w.) meni bir gyra çekip: «Ertir namazyny dört rekagat edip okaýarsyňmy?» diýdi» diýen hadys bilen Ahmet ibn Hanbalyň beýan eden rowaýatlarynyň arasynda gapma-garşylyk ýok. Sebäbi bular aýry-aýry iki wakanyň gürrüňini edýärler.

2Kimiň daşyny gurşap aldylar? Rowaýatyňbu nusgasyna görä, jemagat, şol sanda şol sünnet namazyny okan adamhem, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) daşyny gurşap alan we şonda Allahyň Resuly (s.a.w.) oňa igenen bolup çykýar. Ýöne Buharynyň Ybraýym ibn Sagdyň adyndan beýan eden rowaýatynda jemagatyň şol adamyň daşyny gurşap alyp, näme namaz okandygyny soran mahallarynda,ol Allahyň Resulynyň (s.a.w.) igenjini eşidýär.

3Müslimiň Ybraýym ibn Sagdyň adyndan beýan eden rowaýaty başga hilidir. Onda şeýle diýlipdir: «Bir gün ertir namazy üçin kamat getirilýärkä,Allahyň Resuly (s.a.w.) namaz okap duran bir kişini gördi. Ol oňa bir zat aýtsa-da, näme diýendigini bilip bilmedik. Namazdan çykanyndan soň, biz ol adamyň daşyny gurşap, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) oňa näme diýendigini soradyk. Ol Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Ahmalbolsaň, siz ertir namazyny dört rekagat edip hemokajak»diýendiginihabar berdi».

            Bu rowaýata görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) şol kişi bilen (Buharynyň kitabyndaky rowaýatda bolşy ýaly) parz namazyndan soňradäl-de, ol sünnet namazyny okap duran wagty gürleşipdir. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) oňa näme diýendigi bolsa diňe sahabalar daşyny gurşap, sorag bilen ýüzlenenlerinde mälim bolupdyr. Şundanhem Buharynyň we Müslimiň beýan eden rowaýatlarynyň arasynda gapma-garşylygyň bardygy görünýär.

            Ertir namazynyň kamaty getirilýärkä,metjide giren kişi ertir namazynyň sünnetini okarmy? Ýa-da okamazmy? Bu mesele barada alymlaryň arasynda dürli pikirler ýüze çykypdyr. Alymlaryň birtopary şu hadysa esaslanyp, ymam ertir namazynyň parzyny okamaga başlanyndan soň, bu iki rekagat namazy okamagymekruwh hasaplapdyr. Başga bir topar bolsa soňky rekagatda ymama ýetişip biljekdigini aňan adamyň şol iki rekagaty metjidiň daşynda okamagynda zyýan ýokdugyny aýdypdyr. Bu Ebu Hanifäniň, onuň mezhebine eýerenalymlaryň we Ewzaýynyň pikiridir. Şonuň ýaly-da,Ewzaýy şunuň ýaly ýagdaýda ertir namazynyň sünnetini metjidiň içinde okamaga-da rugsat berip boljakdygyny aýdypdyr. Sufýan Söwri ertir namazynyň bir rekagatynyň geçjegini aňan adamyň derrew ymama uýmalydygyny, eger bir rekagatyň geçmejegine gözi ýeten ýagdaýynda,ertir namazynyň sünnetini metjidiň içinde okap biljekdigini aýdýar. Ebu Hanifäniň pikiri bilen Sufýanyň pikiriniň arasynda gapma-garşylyk ýok. Diňe Ebu Hanife bu iki rekagat namazy metjidiň içinde okap boljakdygyny aýtmagyň ýerine: «Metjidiň gapysynda okap, şondan soňra metjide girer, sebäbi, şeýle etmek bilen, ol hem sünnetiň, hem jemagatyň sogabyny jem eden adam bolar» diýýär. Ebu Hanifäniň ertir namazynyň sünnetiniň okalmaly ýeriniň metjidiň gapysydygyny aýtmagy, şol namazy okaýan kişi üçin, ymam parz namaz okap durka, nepil namazy okamagyň gadagançylygyny aradan aýyrmagy maksat edinýändigi bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi, Müslimiň köp sanly ýollardan beýan edip, Buharynyňhem öz kitabyna girizen hadysynda: «Namaza kamat getirileninden soň, parz namazyndan başga hiç bir namaz okalmaz» diýlişi ýaly, ertir namazynyň sünnetiniň beýik hormaty-da, Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda Ebu Hüreýräniň adyndanbeýan edilen: «Bu iki rekagaty duşman atlysy sizi kowalasa hem terk etmäň» diýen hadysdan açyk görünýär.

            Bu metjidiň gapysynda şunamazyokamak üçin amatly bir ýer bolan ýagdaýynda şeýledir. Beýle bir ýer ýok bolsa, bu iki rekagaty metjidiň içinde, ýöne sütünleriň biriniň arkasynda we jemagatyň yz taraplarynda okamaly. Ýöne bu namazy jemagatdan aýry ýagdaýda saplaryň arasynda ýa-da öňünde hiç zat bolmazdan, saplaryň edil yz ýanynda okamak, yslam dininiň beýikleriniň aýtmaklaryna görä, günä ýakyn mekruwhdyr.

            Mäliki mezhebiniň alymlarynyň pikirine görä, wagtyň parz namazy üçin kamat getirilýärkä namaz okap duran adam, şol namazyny okap bolýança parzyň bir rekagatyny terk etjegini bilse, okap duran namazyny okamagyny bes etmeli. Ýogsam,ol günäkär bolar. Ebu Dawut Zahyrynyň yzyna eýerenler hem şu pikirdedir. Käbirleri bolsa jemagaty terk etjekdigine akly ýetse hem, wagt giňiş bolsa, şol iki rekagaty okamagyň tarapdarydyr.

Kamatdan soňrabaşga namaz okalmagyny mekruwh hasaplanlaryň delillerişulardyr: 1) Şu hadys; 2) Ibn Apbasyňadyndan beýan edilen386-njy hadysy-şeribiň 1-nji belligindebeýan edilen hadys; 3) Ibn Hüzeýmäniň kitabynda Enesiň(r.a.)adyndan beýan edilen şu hadys: «Allahyň Resuly (s.a.w.) namaza kamat getirilip duran wagtyhüjresinden çykdy. Ol bir topar adamyň howlukmaçlyk bilen iki rekagat namaz okaýandyklaryny gördi we: «Bir wagtda iki namazmy?» diýmek bilen,kamat getirileninden soňrabu iki rekagatyň okalmagyny gadagan etdi»; 4) Müslimiň kitabynda Abdullah ibn Serjisiň adyndan beýan edilen şu hadys: «Allahyň Resuly (s.a.w.) ertir namazyny okap durka, biri metjide girip, onuň bir burçunda iki rekagat namaz okanyndan soň, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) okap duran namazyna goşuldy. Allahyň Resuly (s.a.w.) namazyny okap bolup, eginlerine salam bereninden soňra: «Eý pylany, sen şu iki namazyň haýsyny namaz hasaplaýarsyň? Ýeke okan namazyňymy ýa-da biziň bilen bile okan namazyňymy?»diýdi»; 5) Omar ibn Hattap (r.a.)kamatgetirilýärkänamaz okanlary urar eken; 6) Sagyt ibn Jübeýr (r.a.) kamat getirilip durka biriniň namaz okaýandygyny görüp: «Bu pursat namaz (ýagny, parzdan başga namazlar) okalýan pursat däldir» diýipdir; 7) Ibn Omaryň (r.a.) azançy kamat aýdyp duran wagty namaz okan birine daş zyňyp, namazyny bozdurandygyny Beýhaky gürrüň berýär; 8) Ibn Omaryň azat eden gulyÝesar ibn Nemiriň gürrüň beren şu hadysy: «Ibn Omar meniň ertir namazynyň sünnetini okaýandygymy gördi we: «Ýesar, Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gezek biz namaz okap durkak metjide çykdy. Ol gaharlanybrak: «Şu ýerde bolanyňyz bolmadygyňyza habar bersin: daň atanyndan soňra iki rekagat namazdan başga namaz ýokdur» diýdi»; 9) Tawusyň: «Sen namaz okap durkaň, parz namazy üçin kamat aýdylsa, derrew okap duran namazyňy taşla» diýendigi gürrüň berilýär; 10) Sagyt ibn Jübeýr hem: «Kamat getirildimi, namaz okamaňy bes et» diýipdir; 11) Sufýan Söwri şeýle diýipdir: «Kaýs ibn Ebu Hazym bize ymamlyk ederdi. Bir gezek azançy kamat getirende,ol heniz sünnet namazyny okaýardy. Ol namazyň ýaňy bir rekagatyny okap bolupdy we derrew namazyny bozup, ymamyň durýan ýerine geçdi».

Hanefi mezhebiniň alymlarynyň iň güýçli delilleri«Muhammet» süresiniň 33-nji aýatyndaky:وَلَا تُبْطِلُوا أَعْمَالَكُمْ= „We lä tubtyluwww agmäleküm” (golaý manysy: „«Amallaryňyzy biderek etmäň») diýen mukaddes sözlerdir. Olaryň başga-da delilleri bar. Mysal üçin, Ibn Mesgut (r.a.) ertir namazy üçin kamat getirilip duran wagty metjide giripdir we Huzaýfa ibn Ýeman bilen Ebu Muwsal Eşgarynyň öňündäki sütünleriň birine bakyp, ertirnamazynyň sünnetini okapdyr. Omar ibnHattabyň, Ebu Derdanyň, Ibn Apbasyň-da (Allahü tagala olardan razy bolsun!) şeýle edendikleri bellidir. Ibn Omar (r.a.) hem ertir namazyny okamak üçin metjide girende,ymamyň namaza başlandygyny görüpdir we Hafsanyň hüjresine girip, iki rekagat namaz okanyndan soňraymama uýupdyr. Şonuň ýaly-da,Tahawynyň beýan etmegine görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) bu waka mynasybetli Ibn Buhaýna: «Şu ertir namazyny öýle namazyna meňzetmäň. Sünnet bilen parzyň arasyna wagt salyň» diýipdir. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) halamadyk zady bir ýerde ara wagt salmazdan, sünnet namazyny jemagat namazy bilen birleşdirmek eken. Onuňhem sebäbi şeýde-şeýdeertir namazynyň dört rekagatlynamaza öwrülip gitmezligi barada eden aladasy bolupdyr.