468 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazdan soňra ýüzüni jemagata tarap öwürmegi

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 468 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazdan soňra ýüzüni jemagata tarap öwürmegi

     عَنْ سَمُرَةَ بْنِ جُنْدُبٍ رَضِيَ الله عَنْهُ قَالَ: كَانَ رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ إذَا صَلَّى صَلاَةً أَقْبَلَ عَلَينَا بِوَجْهِهِ.

 

       Semüre ibn Jündüp (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir namazy okap bolup,salam bereninden soň, mübärek ýüzüni bize tarap öwrerdi»1.

 

1Bu hadys, inşallah, yzda «Jynazalar» kitabynda beýan ediljek uzyn bir hadysyň başlangyjydyr. Şol ýerdäki rowaýatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ertir namazyndan soňra jemagat bilen ýüzbe-ýüz oturmagy endik edinendigi aýdylýanhembolsa, ol beýleki namaz wagtlarynda-da şeýle eder eken. Ol ýerde ertir namazynyň wagtynyň ýörite nygtalmagy Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ertir namazyndan soňrajemagata tarap öwrülip, sahabalaryň gören düýşlerini ýormak üçin olary diňlemegi endik edinendigini beýan etmek bilen baglanyşyklydyr.

            Alymlaryň käbirleri: «Ymamyň özüne uýup namaz okanlara arkasynyöwrüp durmagyymamlyk hakyna esaslanýandyr. Şoňa görä-de namaz tamamlanandan soň beýdip durmak zerurlygynyň aradan aýrylmagy bilen,möminleriň ýanynda tekepbirlik edýän ýaly bolup görünmezlik üçin,onuň ýüzüni olara tarap öwürmegi gelşikli bolar» diýipdirler. Käbirlerine görä bolsa,daşyndan gelip, jemagata goşulmak isleýän kişiniň namazyň eýýäm tamamlanandygyny bilmegi üçin beýle etmek mustahap hasaplanylypdyr. Sebäbi ymam namazdan soňra hemkybla bakyp otursa,jemagata soň goşulankişiniň namazyň dowam edýändigi barada netije çykarmagy mümkindir.

            Bu hadysdan görnüşine görä, ymam Allahy zikr etmek ýaly bir sebäp üçin otursa, ýüzüni jemagata tarap öwürjek. Hanefi mezhebiniň alymlarynyň pikirişeýledir. şapygy mezhebiniň alymlary bolsa ymamyň sag tarapyny jemagata, çep tarapyny hem mihraba tarap öwürmelidiginiaýdýarlar.

            Parz namazyndan soňra ymamyň öz ýerinde durmagy babatda aýdylanda bolsa, 463-nji hadysdan görnüşine görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) (jemagatyň içindäki zenanlar çykyp, öýlerine dolanýançalar,garaşmak üçin şeýle eden bolmagy hem örän bolup biläýjek zatdyr) azajyk kybla tarap bakyp oturyp, şondan soňraýerinden turar eken.

            Buhary bir tarapdan Ibn Omaryň (r.a.) parz namazyny okan ýerinde durup sünnetleri-de okandygy, Salym ibn Abdullahdyr Kasym ibn Muhammet ibn EbuBekr Syddykyň-da (r.a.) oňa eýerip, şeýle edendiklerini beýan etmek bilen birlikde, beýleki tarapdan, parz namazynyň yzyndan nepil namazyny okamaga hyýallanan kişiniň öňe ýa-da yza, saga ýa-da çepe süýşmelidigi aýdylýan we Ebu Dawudyň, Ibn Majäniň, Beýhakynyň öz kitaplarynda Ebu Hüreýräniň adyndan beýan eden hadyslarynyň ygtybarly däldigini belläp geçýär. Şonuň ýaly-da,Ebu Dawudyň öz kitabynda Mugyra ibn Şugbanyň (r.a.) adyndan beýan eden hadysynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Ymam parz namazyny okan ýerinden süýşmezden, başga namaz okamasyn» diýendigi hem aýdylýar. Ibn Ebu Şeýbe hem ygtybarly bir rowaýatda hezreti Alynyň: «Ymam ýerini üýtgetmezden ýa-da iki namazyň arasyny bir söz bilen bölmezden,nepil namazyny okamasyn» diýendigini beýan edýär. Bu babatda Müslimiň öz kitabynda Saýypibn Ýezidiň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýaty hemmesinden ygtybarlydyr. Bu rowaýata görä, Saýyp(r.a.) Mugawyýanyňyzynda durup, juma namazynyň yzyndaky sünnet namazyny okapdyr. Mugawyýa hem: «Juma namazyny okanyňdan soň gürrüňleşmezden ýa-da duran ýeriňi üýtgetmezden,oňa başga bir namazy sepleme. Sebäbi Allahyň Resuly (s.a.w.) bize şeýle emr etdi» diýipdir. Bu rowaýat Buharynyň ygtybarly hasaplamadyk rowaýatyny, ýagny Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysy, şonuň ýaly-da,parz namazyndan soňraduran ýeriňi üýtgetmek bilen baglanyşykly beýleki rowaýaty-da tassyklaýar. Şoňa esaslanyp, fykyhçy alymlaryň esasy köplügi parz namazyndan soňraduran ýeriňi üýtgetmegiň zerurdygyny aýdypdyrlar. Mysal üçin, Ibn Apbas, Ibn Zübeýr, Ebu Sagyt Hudry (Allah olardan razy bolsun!), şonuň ýaly-da,Ata, Şapygy ýaly alymlardan gelip ýeten pikir şunuň ýalydyr. Buharynyň Ibn Omaryň (r.a.) adyndan biraz öňdebeýan eden rowaýaty-da ymama uýup namaz okaýan we özbaşdak namaz okaýan kişiler hakyndadyr. Ýogsam, ymamyň parz namazyny okan ýerinden bir tarapa süýşmän sünnet namazyny okamak üçin ýerinden turmagyny ol hem mekruwh hasaplapdyr. Ibn Mesgut bilen hezreti Äşäniň (Allah olardan razy bolsun!) tarapyndan gelip ýeten rowaýata görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) salam bereninden soň diňe: «Allahümme entesselämüwe minkesselämü. Tebärekte ýa zel-jeläli wel-ikram» diýip bolaýjak wagtlap öz ornunda durar eken. Şonuň ýaly-da, Ibn Mesgut: «Allahyň Resuly (s.a.w.) namazyny tamamlanyndan soň, derrewjik duran ýerini üýtgederdi. Ol ýa ýerinden turardy, ýa-da oturan ýerinden bir gapdala süýşerdi» diýýär. Sagyt ibn Jübeýr (r.a.) hem: «Ýa gündogar tarapyna, ýa günbatar tarapyna dönerdi, şondan soňrakybla bakyp oturmazdy» diýýär. Katadanyň: «Syddyk (r.a.) salam beren wagtyndan başlap, ýerinden gozganýança, göýä gyzgyn daşyň üstünde oturan ýaly, ýerinden turmaga taýýar bir ýagdaýda bolardy», Ibn Omaryň (r.a.): «Ymam salam bereninden soň ýerinden turar» diýendigi aýdylýar. Müjähit hem hezreti Omaryň (r.a.): «Salamdan soňra ymamyň ýerinde durmagy bidgatdyr» diýendigini habar berýär.

            Bu hadyslardan şeýle netije çykarmak mümkin: ertir we ikindi namazlary ýaly, yzyndan nepil namazlary okalmaýanparz namazlaryndan soňraymamyň öz duran ýerini üýtgedip, zikr we tehliller aýtmak bilenmeşgul bolmagy mustahapdyr. Öýle, agşamwe ýassy namazlary ýaly, yzyndan nepil namazlar okalýan parz namazlary babatda-da alymlaryň esasy köplüginiň pikiri şonuň ýalydyr. Diňe hanefi mezhebiniň alymlary şeýle edilen halatynda sünnet namazyny zikr aýtmaga başlamazdan öň okamagy gowy görýärler. Sebäbi namaz dogadyr tesbihden-de, salawat we salamdan-da has gowudyr.

            Ymam salam bereninden soňraýerinden turmak bilen bolar. Fykyhçy alymlaryňbir toparynyň pikirine görä, jemagat,islese, ymamdan öňürti ýerinden turup biler. Ýöne Hasan Basry we Zühri ýaly alymlar 398-nji hadysa esaslanyp, beýle edilmegini halamandyrlar. Namazdan soňra (öýle we ýassy namazyndaky ýaly) nepil namazy okalýan bolsa, hanefi mezhebiniň alymlary derrew bu namazy okamaga galkyp, zikr aýtmagy soňa goýmagy saýlaýarlar. Alymlaryň esasy köplügi bolsa (Mugawyýanyň (r.a.) hadysyna esaslanyp) zikri nepil namazyndan öň aýtmagyň tarapyny çalýarlar. Ikindi namazynda bolşy ýaly, parz namazyndan soňranepil namazy ýok bolsa, ymam derrew zikr aýtmak üçin jemagata tarap öwrüler. Jemagat hem, islese, oturyp, ymam bilen birlikde, islese-de özbaşlaryna zikr aýdarlar.