419 Namaz okap durkaň gözleriňi asmana dikmegiň gadagandygy hakda

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 419 Namaz okap durkaň gözleriňi asmana dikmegiň gadagandygy hakda

     عَنْ أَنْسِ بْنِ مالِكٍ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: قَالَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: (ما بَالُ أقْوامٍ ، يَرْفَعُونَ أبْصَارَهُمْ إلَى السَّماءِ في صَلاَتِهِمْ ). فَاشْتَدَّ قَوْلُهُ في ذلِكَ ، حَتَّى  قَالَ: (لَيَنْتَهُنَّ عَنْ ذلِكَ ، أَوْ لَتُخْطَفَنَّ أَبْصَارُهُمْ).

 

       Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gezek namaz okadyp, ýüzüni sahabalara tarap öwreninden soňra: «Käbir adamlara näme bolýar?1Olar namaz okanlarynda gözlerini asmana dikýärler-le?»2diýdi. Soňra hem bu babatda gaharly sözleri aýdyp, iň soňunda-da: «Bular ýa beýle etmekden ýüz öwrerler, ýa gözleri kör bolar» diýdi»3.

 

1Allahyň Resuly (s.a.w.) birine käýejek bolanda, birini namaz okanda tertipli bolmaga çagyranda, wagyz eden wagtynda özüniň ýüzlenýän adamsynyň adyny tutman, şunuň ýaly görnüşde närazylygyny bildirerdi. Sebäbi, Allahyň Resuly (s.a.w.) olaryň masgara bolmaklaryny islemezdi.

2410-njy hadysa-da seret. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu sözleri özüne uýup namaz okan käbir kişileriň asmana göz dikişlerini yzyna seretmezden, ýeňsesi bilen synlandygynadelildir. Sebäbi, bu sözleri ol eginlerine salam bereninden soňrajemagatdan hiç kim bilen sözleşmezden, oňa bu hakda habar bermäge hiç hili ýol galmazdan aýdan bolup çykýar.

3Wahydynyň «Esbabün-Nüzuwl» atly kitabynda Ebu Hüreýräniň: «Pylany ýüzüni asmana öwrübräk namaz okardy, şol sebäpli: «Olar namaz okanlarynda tabynlyk görkezerler»(«Mömin»süresiniň 2-nji aýaty) aýaty-kerimesi indi» diýendigi barada gürrüň berilýär. Bu ýerde «tabynlyk» diýlip terjime edilen «häşiuwn» sözüniň Allahdan gorkmak, Allahyň ýanynda özüňi kiçi saýmak ýaly manylary hem bar. Namaz okaýanyň kalby Allahdan gorkusyna titrär durar. Şeýle bolany üçinhem onuň gözi sejde etjek ýerinden sowulmaz. Sagyna, soluna asla bakmaz. Gepiň keltesi, namaz okaýan adam doga edende-de, namazyň islendik başga bir hereketini ýerine ýetirende-de, başyny galdyryp, asmana bakmaly däldir. Sebäbi, namaz okaýanyň kybla bakmagy parzdyr. Gözüňi ýokary dikmek bolsa kybladan biraz ýüzüň sowulmagynawe namazdaky hereketleriň çäginden bir dereje daşary çykylmagyna sebäp bolýar. Ibn Hazm bilen irki alymlaryň käbiri şeýle etmegi gadagan hasaplapdyrlar we bu hereketiň namazy bozýandygyny aýdypdyrlar. Alymlaryň esasy köplügi bolsa ony kerahet (halanmaýan zat) hasaplaýarlar.

            Namazyň daşynda doga edilende ýüzüňi göge tutmagyň islenmezligi bolsa jedelli meseledir. Kazy Şuraýha görä, bu mekruwhdyr. Ol doga edende gözlerini-de, ellerini-de asmana diken bir adama: «Eý sen, eliňi çek, gözüňi hem aşak indir. Sebäbi, Allahy görüp bilmersiň, eliňhem şol ýere ýetmez» diýipdir.

            Alymlaryň esasy köplügi bolsa beýle etmäge rugsat berilýändigini, sebäbi, Käbäniň namaz kyblasy bolşy ýaly, asmanyňhem doganyňkyblasydygyny aýdýarlar.

            Namaz okaňda gözleriňi ýummagyň hökümi nähilidir?Tahawynyň beýan etmegine görä, hanefi mezhebiniň alymlary ony mekruwh hasaplapdyrlar.

            Ymam Mälik parz namazyny-da, nepil namazyny-da gözüňi ýumup okamagyň zyýanynyň ýokdugyny aýdýar. Şapygy mezhebinden bolan Newewi hem: «Belli bolan pikire görä, bir zyýandan gorkulmasa, keraheti ýokdur. Sebäbi, gözüňiýummagyňhuşuň birýere jemlenmegine ýardam edişi ýaly, gözleriň elek-çelek bolmagynyň we pikiriň dagamagynyňhemöňüni alýar» diýýär.