435 Ymam «Fatiha» süresini okanyndan soňra: «Ämin» diýende, onuň yzy bilen: «Ämin» diýmelidigi, kimiň: «Ämin» diýmegi perişdeleriň: «Ämin» diýmegine gabat gelse, onuň eden günäleriniň bagyşlanjakdygy hakda.

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 435 Ymam «Fatiha» süresini okanyndan soňra: «Ämin» diýende, onuň yzy bilen: «Ämin» diýmelidigi, kimiň: «Ämin» diýmegi perişdeleriň: «Ämin» diýmegine gabat gelse, onuň eden günäleriniň bagyşlanjakdygy hakda.

«Ämin» sözüniň manysy hakda. Namazda ymamyň we oňa uýup namaz okaýanyň «ämin» diýmekleri we «ämin» sözüni sesli aýtmak barada alymlaryň pikirleri. «Ämin» diýmek barada bir düşündiriş

 

    عَنْ أَبِى هُرَيْرَةَ رَضِيَ الله عَنْهُ: أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (إذَا أَمَّنَ الإمامُ فَأمِّنُوا ، فَإنَّهُ مَنْ وَافَقَ تَأْمِينُهُ تَأْمِينَ الْمَلاَئِكَةِ غُفِرَ لَهُ مَا تَقَدَّمَ مِنْ ذَنْبِهِ).

 

       Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.):«Ymam «Fatihadan»soňra: «Ämin»diýende, sizhem onuň yzy bilen: «Ämin»diýiň. Sebäbi, her kimiň: «Ämin»diýmesi perişdeleriň: «Ämin»diýmesine gabat gelse, öňki eden günäleri bagyşlanar»diýdi»1.

        

1Müslimiň kitabyndaky we Buharynyň kitabynyň başga bir ýerindäki rowaýatlarda: «Sebäbi, perişdeler: «Ämin!» diýerler» diýen goşmaça bar.

            «Ämin» sözi ýehudylaryň (ibrany) ýa-da Siriýanyň gadymy halkynyň dillerindäki bir söz bolup: «Şeýle bolsun», ýa-da: «Kabul et», ýabolmasa: «Umydymyzyköýdürme» diýen manyny berýär. Ol islendik dogadan soňraşol doganyň mazmunyny gysgaça gaýtalamak islemegi aňladýar. Bu doga eden üçin şeýledir. Dogany diňleýän kişiniň: «Ämin» diýmegi bolsa, şol islege ortak bolmak manysyndadyr. Ebu Dawudyň Ibn Züheýr Numeýriniň (r.a.) adyndan beýaneden rowaýatyna görä, bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) irginsizlik bilen doga edýän bir adamyň ýanynda durup: «Tamamlamagy, ýagny, möhür basmagy wajyp bolup gitdi» diýipdir. Ondan: «Nädip tamamlamagy?» diýip soranlarynda, Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ämin» bilen. Sebäbi, «Ämin» bilen tamamlasa, islegi hökman hasyl bolar»diýipdir.

            «Ämin» sözi Kurandan däldir. Ebu Dawudyň şu rowaýatyndan namazyň içinde we daşynda: «Ämin» diýlip bilinjegi mälim bolýar we ony diňe «Fatihadan» soňraaýtmak sünnet diýen ýaly bir zadyň ýokdugy aňlanylýar.

            Alymlaryň esasy köplüginiň pikirine görä, ymam: «Ämin» diýse-diýmese, jemagatyň: «Ämin» diýmegi gerek. Buharynyň kitabyndaky Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan beýan edilýän başga bir hadysda munuň sünnetdigi açykdan açyk aňladylýar. Şapygy mezhebiniň käbir alymlaryna görä, ymam şol sözi aýtmasa, oňa uýanyň hem ony aýtmazlygy zerurdyr. Ýöne, bu mezhep boýunça umumy kabul edilen ýörelgä görä, ymam bilip ýa-da ýalňyşyp: «Ämin» diýmese, haýsy bolanda-da, oňa uýanyň şol sözi aýtmagy gerek.

            Ymamyň:«Ämin» diýmegi babatda aýdylanda bolsa, Mäligiň ady bilen baglanyşdyrylýan bir rowaýata görä, namazlaryň ählisinde, başga bir rowaýata görä bolsa,diňe daşyňdan okalýan namazda ol: «Ämin» diýmez. Hasan ibn Ziýadyň-da EbuHanifäniň adyndan beýan eden şunuň ýaly bir rowaýatynyň bolandygy barada Aýny ýazypdyr. Bular şu hadysdaky: «Izä emmenel-imämü» diýen söz düzümine, biziň edişimiz ýaly: «Ymam:«Ämin» diýende» kimindüşünmän: «Ymam yzynda duran jemagatyň:«Ämin» diýmegine sebäp bolsa» görnüşinde düşünýärler. Hatda mäliki mezhebiniň alymlaryň käbirleri Buharynyň kitabynda Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan beýan edilen: «Ymam: «Welezzalliiýn» diýende: «Ämin» diýiň»hadysyny delil tutunyp: «Allahyň Resuly (s.a.w.) ymamyň doga etmelidigini, oňa uýanlaryňhem:«Ämin» diýmelidigini aýdyp, şu wezipäni ikä paýlapdyr. Paýlamak bolsa şärik bolmagy aňlatmaýar. Şonuň üçinhem ymam:«Ämin» diýmez» diýip, başga bir pikiri öňe sürýärler.

            Ymamlar topary bolsa: «Ämin» diýmegiň artykmaçlygyny ykrar edip we munuň bilen baglanyşykly rowaýata asla üns bermän, «ämin» sözüniň Kurandan bolmandygy üçin,ymama uýanyňhem:«Ämin» diýmeginiň namazy bozjakdygyny aýdypdyrlar. Ebu Dawut Zahyrynyň yzyna eýeren alymlaryňbiri bolan Ibn Hazma görä: «Ämin» diýmek ymam üçin sünnet, oňa uýan üçinhem parzdyr. Buharynyň şunuň bilen baglylykda beýan eden bir rowaýatyna görä, Ebu Hüreýre (r.a.) azançy bolanda ymama (ol Aglaibn Hadramy(r.a.) we Medinäniň häkimi Merwanibn Hakem ymamlyk edende azan aýdypdyr): «Maňa «ämini» taşlatdyrma» diýer eken. Beýle diýmegi: «Kamat aýtmak we saplary dogrulamak bilen meşgulkam, howlukmaçnamaza başlap ýa-da çalt okap, men namaza durmankam:«Ämin» diýilýän ýere çenli okama» diýmegi aňladýardy. Bir rowaýatda bolsa ol: «Menden öňürti:«Ämin» diýme» diýipdir. Bilalyň (r.a.) hem Allahyň Resulyndan (s.a.w.) şonuň ýaly haýyş edendigi aýdylýar. Ýene Buhary şonuň bilen baglylykda Nafynyň adyndan beýan eden bir rowaýatynda, rowaýatçy Ibn Omardan söz açyp: «Ibn Omar (r.a.) «ämin» diýmegini hiç goýmazdy. Her kime-de «ämin» diýmegi sargardy. «Ämin» diýmek barada men ondan haýyrly habar eşidipdim» diýýär.

            «Ämin» sözüni sesli aýtmak babatda aýdylanda bolsa, ymam Şapygy özüniň aýdan irki sözleriniň birinde, şu hadysa esaslanybrak, daşyňdan okalýan namazda ymam bilen oňa uýanyň «ämini» daşyndan aýtmaklarynyň sünnetdigi bilen ylalaşýar. Ahmet ibn Hanbal bilen Dawut Zahyra görä-de şeýledir. Alymlaryň bir topary bolsa, «ämini» içiňden aýtmagyň tarapdary. Ebu Hanife bilen kufeli fykyhçy alymlaryň, soň bir aýdan pikirine görä,Şapygynyňhem, ýenebir rowýata görä, Mäligiňhempikirleri şonuň ýalydyr. Bu babatda hanefi mezhebiniň alymlary «Agraf» süresiniň 55-nji aýatyndaky: «Rebbiňize ýalbara-ýakara we gizlin ýagdaýda doga ediň» diýen mukaddes sözlere esaslanýarlar. Olar: «Ämin» bir dogadyr. Doga-da bu aýaty-kerimäniň hökümi boýunça gizlin okalmalydyr. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ilkinji hatarlara eşidiläýer ýaly derejede sesli «Ämin» diýmegi tälim bermek üçindir»diýipdirler. Hususanhem,Ybraýym Nahaýynyň adyndan beýan edilişine görä,ol: «Aguwzubillähimineşşeýtanyrajiým, bismillähyrrahmänyrrahiým» jümlelerini, «Sübhaneke» dogasyny, «ämin»sözüni we «Rabbenä lekel hamd»jümlesini ymam içinden okamalydyr»diýipdir.

            Şonuň ýaly-da,ymamyň we oňa uýanyň «ämin»sözüni daşyndan aýtmagynyň dogrudygyny öňe süren öňki rowaýatlardan başgaçarak häsiýete eýe bolan bir rowaýaty hem Buhary öz kitabyna girizipdir. Bu rowaýatda Ata ibn Ebu Rebah şeýle diýýär: «Ämin»bir dogadyr. Ibn Zübeýriň yzynda durup namaz okanlar:«Ämin»diýenlerinde, olaryň sesinden Metjidi-Şerif ýaňlanardy». Tefsirçi Aýnynyň beýan etmegine görä, Ata şeýle diýipdir: «Men şeýle bir döwürleri bilýärin,ýagny, şu Metjidi-Şerifde ymam: «Gaýril-magzuwbi aleýhim welezzaaaalliýn»diýse, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sahabalaryndan iki ýüz adam daş-töweregi ýaňlandyrmak ýaňlandyrardylar».

            Ymama uýan kişiniň:«Ämin»diýmeginiň, perişdeleriň:«Ämin»diýmekleri bilen gabat gelmegi babatda aýdylanda bolsa, şeýle boljak bolsa, ymamauýan kişi hem, perişdeler hem bir wagtyň özünde bu sözi aýtmalydyrlar. Mysal üçin, şundan soňky hadysyň sözlerindenhem bu aýdyň bolýar. Käbirleri ymama uýan kişiniň we perişdeleriň:«Ämin»diýmekleriniň gabat gelmegi barada aýdylanlaryň manysyny başgaçarak çözläp, olaryň edil perişdeleriň:«Ämin»diýişleri ýaly,ulumsylykdan sap, il görsün ýa-da eşitsin diýen niýet bilen däl-de, tüýs ýürekden, diňe Allahyň razylygy üçin:«Ämin»diýmegi aňladýandyklaryny aýdýarlar. Olaryň garaýşyna görä,günäniň bagyşlanylmagyna sebäp boljak zat ymama uýan kişiniň kämil yhlas we üns bilen:«Ämin»diýilmeli ýere garaşyp, ony bolmalysy ýaly we edil wagtynda aýtmagydyr. Perişdeler hut şeýle edýändikleri bilen şöhratlanypdyrlar. Ymamyň:«Ämin»diýmegi bilen şol sözi gaýtalajak perişdeleriň haýsy perişdelerdigi barada-da dürli pikirler bar. Bir garaýşagörä,olar biziň edýän işlerimizi bellige alyp, amal depderimize ýazýan perişdelerdir. Başga bir garaýşa görä, 332-nji hadysda gürrüňi edilen we biri-birlerini çalşyp duran perişdelerdir. Başga bir pikire görä-de, bu perişdeler şu iki topara degişli perişdelerden has köp bolup, olaryň başda şol ýerde bolanlary kem-kemden ýokary galyp, beýik perişdeleriň toplanýan ýerine (Meleýi-Aglä) barýançalar,beýlekileri: «Ämin»diýýärmişler. Olaryň pikirine görä,hadysdaky «perişdeler»sözi olaryň sanynyň has köpdügini aňladýarmyş. Şu hadysyň Beýhaky bilen Däriminiň kitaplaryndaky nusgalarynda: «Bu hem asmanyň ýaşaýjylarynyň:«Ämin»diýmeklerine gabat gelse...»diýen düşündiriş bolup, üçünji pikiriň tarapdarlarynyň aýdýanlarynyň dogrudygyny tassyklaýana meňzeýär.

            Şu hadysdaky sözlerden görnüşine görä, «Fatiha»süresinden soňra diňe:«Ämin»diýmegiň sünnetdigi aňlanylýar. Şonuň ýaly-da, Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Welezzaaaalliýn»diýeninden soňra: «Rabbigfirli ämin»diýendigi ygtybarly bolmadyk bir rowaýatda aýdylýar. Ymam Şapygy özüniň «Ü’l-Ümm»atly kitabynda: «ÄmineRabbelälemiýne»diýilse, gowy bolar»diýipdir.

            Käbir hadyslarda, şu ýerdäkiden tapawutlylykda, perişdeler bilen bir wagtda:«Ämin»diýeniň eden we indi etjek günäleriniň geçiljekdigi aýdylýar. Onuň indiki etjek günäleriniň geçiljekdigi baradaky goşmaçanyň dogrudygy subut edilse-de, edilmese-de, şu tekstdäki sözleriň umumy hörpüniň hemme günäleriň geçiljekdegine delil bolup hyzmat edýän ýaly bolup görünýändigine garamazdan, alymlaryň esasy köplüginiň pikirine görä (hadysyň daşyndaky belli deliller sebäpli),günäleriň geçilmegi hakyndaky sözleri kiçi günälere degişli etmek, aýratynhem ynsan haklary bilen baglanyşykly günäleri olardan aýyrmak zerurdyr. Şeýle-de bolsa, Allahü tagalanyň rehmetiniň çägi ýokdur. Ýöne, başga bir rowaýat bilen hadysy deňeşdirmek we çäklendirmek hem seresaply netije çykarmak üçin iň dogryýoldur.