441 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) rukuw, sejde, iki sejdäniň aralygyndaky oturyş (jelse), rukuwdan soňra dikelip durmak üçin sarp edýän wagtlarynyň takmynan deň bolandygy hakda

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 441 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) rukuw, sejde, iki sejdäniň aralygyndaky oturyş (jelse), rukuwdan soňra dikelip durmak üçin sarp edýän wagtlarynyň takmynan deň bolandygy hakda

عَنِ الْبَرَاءِ رَضِيَ الله عَنْهُ قَالَ َ: كَانَ رُكُوعُ رَسُولِ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ وَسُجُودُهُ ، وَبَيْنَ السَّجْدَتَيْنِ ، وَإذَا رَفَعَ مِنَ الرُّكُوعِ ، ما خَلاَ الْقِيَامَ وَالْقُعُودَ قَرِيباً مِنَ السَّوَاءِ.

 

       Bera (ibn Azyp Ensary) (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) kyragat okamak üçin  dik durýan (kyýam)hem-dearalyk we soňky oturyşlara (kagdalara)sarp edýän wagtyny hasaba almanyňda, rukuw, sejde, iki sejde arasyndaky oturyş, rukuwdan dikelip durmak üçin sarp edýän wagtlary takmynan birmeňzeşdi»1.

 

1Şu hadysyň Müslimiň kitabyndaky nusgasynda Bera ibn Azyp (r.a.) sözüne: «Muhammet alaýhyssalam bilen birlikde okalan namazy synlap, üns berdim» diýip başlap: «Onuň kyýama, rukuwa, rukuwdan dikeleneninden soňra we sejdä gitmezindenöňürti dik durýan wagtyna,sejdä,iki sejde arasyndaky oturyşa, ikinji sejdä, salam bereninden soňraýerinden galýança oturýan wagtynasarp edýän wagtynyň takmynan deňdigini aňladym» diýýär. Munuň Buharynyň kitabyndaky rowaýatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) kyragat üçin kyýamda (dik) durýan wekagdalara(ilki we ahyrky oturyşlara)sarp edýänwagtynyň beýleki rukunlara sarp edýän wagtyndan tapawutlydygy baradaky şu nusgada duşmaýan sözler bilen ugurdaşdygy şübhesizdir. Şu sözlere göräbolsa, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) kyýam bilen ilki we ahyrky oturyşlara beýleki rukunlaragörä has köp wagt sarp edendigini aňlamak bolýar. Ol beýleki rukunlara,adatça,az wagt aýyrmak bilen birlikde, olaryň birini uzaltsa, beýlekilerini hem uzaldyp, birini gysgaltsa, beýlekilerini hem gysgaldar eken. Şundan çen tutup,rukuwdan dikelenileninden soňra we sejdä gidilmezindenöňürti dik durulýanwagtyň hem rukuwa we sejdä ýakyn bir rukundygy barada netije çykarmak mümkin bolsa-da, şapygy mezhebiniň alymlaryna görä, iň dogrusyonuň has gysga bolmagydyr. Hatda, olaryň pikirine görä, bu aralyk duruşyň uzaldylmagy bilen namaz batyl hem bolup biljekmiş. Ýöne, bu pikir bilen yzdageljek 448-nji hadysda aýdylanlary ylalaşdyrmak kyn (423-nji hadysa-da seret). Rukuw bilen sejde bolsa, islendik ýagdaýda-da, şolar ýaly gysga bolup bilmez. Nesaýynyň kitabynda Awf ibn Mäligiň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda şeýle diýilýär: «Bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde namaz okadym. Ol myswakbilen dişlerini arassalady. Täret kyldy. Soňra namaza durdy. Ol «Bakara» süresinden aýatlary okamaga başlady. Nirede bir rehmet aýaty geçse, durup, doga-dileg edýärdi, nirede bir azap aýaty geçse-de, hökman durup, Allaha sygynýardy. Soňra rukuwa gitdi. Kyýamda näçe wagt duran bolsa, rukuwda-da şonça wagtlap durdy. Rukuwda duran wagty: «Sübhane zil-jeberuwti wel-melekuwti wel-kibriýä-i wel-azameti»diýdi. Soňra sejdä gitdi. Sejdede-de ýene şol sözleri aýtdy. Soňra ikinji rekagatda «Äli-Ymran» süresini, soňra her rekagatda şonuň ýaly bir süre okap, hemmesinde hem şeýle etdi». Gije namazyndaky bu rukuwyň we sejdäniň näçe wagtlap dowam edendigini göz öňüne getiriberiň.