405 Jemagaty irizip biljek derejede namazy uzaltmagyň dogry däldigi hakda. Bu babatda gelip ýeten beýleki rowaýatlar

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 405 Jemagaty irizip biljek derejede namazy uzaltmagyň dogry däldigi hakda. Bu babatda gelip ýeten beýleki rowaýatlar

     عَنْ أَبي مَسْعُود رَضِي الله عَنْهُ أَنَّ رَجُلاً قالَ: والله يَا رَسُولَ الله ، إنِّي لأَتَأَخَّرُ عَنْ صَلاَةِ الغَدَاةِ مِنْ أَجْلِ فُلاَنٍ ، مِمَّا يُطِيلُ بِنَا ، فَمَا رَأَيْتُ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ في مَوْعِظَةٍ أَشَدَّ غَضَبًا مِنْهُ يَوْمَئِذٍ ، ثُمَّ قالَ: (إنَّ مِنْكُمْ مُنَفِّرِينَ ، فَأَيُّكُمْ ما صَلَّى بِالنَّاسِ فَلْيَتَجَوَّزْ ، فَإنَّ فِيهِمُ الضَّعِيفَ وَالْكَبِيرَ وَذَا الحَاجَةِ ).

 

       Ebu Mesgut (Bediri Ensary) (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna biri gelip: «Ýa Allahyň Resuly, pylany1bize namaz okadanda,ony şeýle bir uzaldýar welin, wallahi,ertir namazyna gelip bilmeýärin» diýdi. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) wagyz edendeşol günki ýaly gaharlananynygörmedim. Soňra ol: «Araňyzdaky käbir adamlarda jemagaty irizmek häsiýeti bar. Kimdekim namaz okatmakçy bolsa, gysga okatsyn. Çünki, jemagatyň içinde maýyby bar, uly ýaşlysy bar, işlisi bar» diýdi»2.

 

1Üstünden arz edilen buadam Mugaz ibn Jebel bilen Übeýý ibn Kagp(Allahü tagala olardan razy bolsyn!) ikisinden biridir.

2Bu hadysy-şeribiň bir nusgasy öň 79-njy hadys hökmünde beýan edilipdi. Bu iki rowaýatyňarasynda az-kem tapawut bar. Käbir rowaýatlarda jemagatyň içinde çagalaryň, aladaly kişileriň, ýolagçylaryň bardygy aýdylýar. Bularyň hemmesini bir zerurlygy bolan adamlaryň hataryna goşmak bolar. Buharynyň Ebu Hüreýräniň (r.a.)adyndanbeýan eden rowaýatynda-da Allahyň Resulynyň (s.a.w): «Araňyzdan kimdekim namaz okatmakçy bolsa, gysga edip okatsyn. Çünki,içlerinde maýyby bar, hassasy bar, uly ýaşlysy bar. Kimde kim özbaşyna namaz okanda bolsa, ony isledigiçe uzaltsyn»diýendigi aýdylýar. Bu aýdylanlardan ymamyň namazy gysga okamagynyň gowudygyny aňlamak bolýar. Käbirleriniň pikirine görä, beýle etmek hatda wajypdyr. Namazyň uzak okalmagyna razy bolan sanlary çäkli adamlara namaz okadan kişiniň uzyn süreleri okamagynda hem-de rukuwda we sejdede mahaly tesbihleriň sanyny köpeltmeginde zyýan ýokdur. Mysal üçin,Allahyň Resuly (s.a.w.) sahabalaryň beýle etmäge razydyklaryny we güýçli isleglerini bileni üçin,köp gezek namazyuzak hem okadypdy. Hernäme-de bolsa, namazy gysga okatjak diýip, namazyň rukunlarynyň hiç birini terk etmeli däl. Çünki,Allahyň Resuly (s.a.w.) rukuwy we sejdäni doly ýerine ýetirmedik kişä: «Yzyňa dön-de, namazyňy oka, çünki,sen namazyňy okamadyň»diýipdir. Şonuň ýaly-da,onuň: «Rukuw bilen sejdede bilini dim-dik etmedik kişiniň namaz borjy üstünden aýrylmaz»diýendigi hem bellidir.

            Sahabalaryň köpüsiniň ymam bolanlarynda namazy gysga okadandyklary, özbaşdak namaz okanlarynda bolsa ony uzyn edip okandyklarybellidir. Ýöne özbaşdak namaz okaýan kişiniňnamazyny onuň wagty çykýança ýa-da kerahet wagty girýänçä okamagy hem dogry däl.