446 Kunut dogasynyň agşam we ertir namazlarynda okalmagy

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 446 Kunut dogasynyň agşam we ertir namazlarynda okalmagy

    عَنْ أَنَسِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قَالَ : كَانَ الْقُنُوتُ فِي الْمَغْرِبِ وَالْفَجْرِ.

 

       Enes ibn Mäligiň (r.a.): «Öz wagtynda kunut dogasy agşam we ertir namazlarynda okalardy»1diýendigi ygtybarly rowaýatda beýan edilýär.

 

1Bir sahabanyň: «Öz wagtynda eýle ederdik, beýle ederdik ýa-da eýle edilerdi, beýle edilerdi» diýmegi, ol edil Allahyň Resulynyň (s.a.w.) özüne salgylanmasa-da, şeýle hereketiň onuň bilen baglanyşyklydygyny aňladýar. Şoňa laýyklykda, şu hadysy-şerifden ilki döwürlerde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) agşam we ertir namazlarynda kunut dogasyny okandygy we soňra ony terk edendigi barada netije çykarmak mümkin. Diňe, ymam Şapygy ýaly, ertir namazynda kunut dogasyny okamagyň tarapyny çalanlar (özleriçe käbir delillere esaslanyp) diňe agşam namazynda kunut dogasynyňterk edilendigi bilen ylalaşýarlar. Parz namazlarynda kunut dogasynyň okalmagyny inkär edenler bolsa, iki wagtda-da bu doganyň terk edilendigini aýdyp, şu hadysy delil tutunýarlar. 445-nji hadysyň düşündirişinde Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) dünýäden gidýänçä ertir namazlarynda mydama kunut dogasyny okandygy barada aýdylandabolsa: «Mydama däl-de, diňe yslamyň başyna möhüm bir iş düşende,mydama kunut dogasyny okapdyr» diýen manyny berip, ertir namazynda kunut dogasyny okamagyň namazy uzaltmagy-da aňladýandygyny delil tutunýarlar. Sebäbi, sözlük boýunça, «kunut» sözi doga manysyny aňlatmak bilen bir hatarda tagat, kyýam, tabynlyk, dymmak ýaly manylary hem aňladyp bilýär.