391 Agşamlyk nahary taýýar mahaly naharyň namazdan öň iýilmelidigi hakda. Bu babatda beýleki rowaýatlar. Taýýar naharyň namazdan öň iýilmeginiň hikmeti

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 391 Agşamlyk nahary taýýar mahaly naharyň namazdan öň iýilmelidigi hakda. Bu babatda beýleki rowaýatlar. Taýýar naharyň namazdan öň iýilmeginiň hikmeti

   عَنْ أَنَسٍ رَضِي الله عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (إذَا قُدِّمَ الْعَشَاءُ فَابْدَؤُوا بِهِ قَبْلَ أَنْ تُصَلُّوا صَلاَةَ الْمَغْرِبِ ، وَلاَ تَعْجَلُوا عَنْ عَشَائِكُمْ).

 

       Ýene Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Agşam naharyny öňüňizde goýan wagtlary, agşam namazyny okamazdan, nahar iýmäge başlaň. Naharyňyzy iýen wagtyňyz hem howlukmaň»diýdi»1.

 

1Bu ýerde agşam namazynyň gürrüňi edilýär. Ýöne Äşäniň (r.a.) Buharynyň kitabynda ýerleşdirilen rowaýatynda: «Nahar çekilip, namaza kamat getirilende...» diýilýändiginden çen tutsaň, bu sözler namazlaryň hemmesine-de degişli bolup biler.

            Buharynyň kitabynda Ibn Omaryň (r.a.)adyndan beýan edilen iki sany rowaýat hem bolup,olaryň birinde: «Nahar iýip bolýança howlukmasyn», beýlekisinde-de: «Namaz üçin kamat getirilen bolsa-da, işini bitirýänçä howlukmasyn» diýlipdir. Hatda Ibn Omaryň (r.a.) eýýäm kamat getirilip, ymamyň Kuranyň aýatlaryny okaýanyny eşitse-de, naharyny taşlap, namaza gitmändigini Buhary beýan edipdir.

            Bir ygtybarly rowaýatda: «Agzyňyz bekli mahaly agşam nahary öňüňizde goýulsa...»diýilse-de, Müslimdäki edil şonuň ýaly rowaýatda bu goşmaça ýok.

            Taýyn naharyň namazdan öňe tutulmalydygy hakdaky bu emr, alymlaryň esasy köplüginiň pikirine görä, maslahat häsiýetine eýedir. Käbirleri bolsa ony wajyplaryň hataryna goşýarlar. Dawut Zahyry şu topara girýär. Onuň pikirine görä, biri agşam naharyny öňüne alan wagty, namaz üçin kamat getirilse, onuň nahar iýmezden,namaza durmagyna rugsat berilmeýär. Eger namaza duraýsa, namazy bozuk bolýar. Bu emr maslahat häsiýetli bolsa-da, wajyp hökmünde kabul edilse-de, namazda bar ünsüň bilen ybadata berilmegiň namazy wagty giräýende okamakdan has gowudygyny aňladýar. Hatda käbirleri nahar iýmäge bolan islegiň güýçli mahalynda namaza durmagyň gadagandygy bilenhem ylalaşýarlar. Çünki,şeýle ýagdaýda adamyň kalby doly tabynlykdan (bu bolsa namaz okamagyň esasy maksadydyr) mahrum bolup, adam öz derdi bilen meşgul bolýar. Buhary öz kitabynda Ebu Derdanyň: «Ynsanyň namaza tutuş kalby bilen berilmek üçin isleglerini kanagatlandyrmasyşerigat kämilliginiň nyşanydyr„» diýendigini beýan edipdir. Namazy tagamdan öňe tutmagyň gadagançylygy üýtgewsiz däldir. Bu gadagançylyk namazyň wagtynyň giňbolmagy bilen baglanyşyklydyr. Nahary iýen ýagdaýynda namazyň wagty geçjek bolsa, namazy gijikdirmek bolmaz. Ýöne, şeýdip okalan namazy soňra gaýtadan okamak mustahapdyr. Ebu Hanifäniň mezhebine uýan alymlardangelip ýeten bir pikire görä, namazyň wagty geçjek bolsa-da, nahar öňürti iýler. Sebäbi namaz okamagyň maksady bar durkuň bilen Allahü tagala tabyn bolmakdyr.