437 Sapdan aýry durup namaz okamagyň, jemagat namazyna ýetişmek üçin gaty-gaty ýöremegiň gadagandygy hakda

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 437 Sapdan aýry durup namaz okamagyň, jemagat namazyna ýetişmek üçin gaty-gaty ýöremegiň gadagandygy hakda

عَنْ أَبى بَكْرَةَ رَضِيَ الله عَنْهُ: أَنَّهُ انْتَهَى إلَى النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ وَهُوَ رَاكعٌ ، فَرَكَعَ قَبْلَ أنْ يَصِلَ إلَى الصَّفِّ ، فَذَكَرَ ذلِكَ لِلنَّبِىِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فَقَالَ: (زَادَكَ الله حِرْصاً وَلاَ تَعُدْ).

 

         Ebu Bekre (Nufeý ibn Harys ibn Kelede) (r.a.) bir gezek gaty-gaty ýöräp, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Metjidi-Şeribine bardy. Şol wagt Allahyň Resuly (s.a.w.) rukuwdady1.Ol hem hatara duranlara goşulmazdan, aýak çeken ýerinde derrew rukuwa gitdi we soňra bu hereketini Allahyň Resulyna (s.a.w.) habar berdi2. Ol hem: «Allah yhlasyňy artdyrsyn3. Ýöne, gaýdyp muny beýle etme»4diýdi.

 

1Şu hadysy-şerif Nesaýyda we Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda hem bar. Tahawynyň beýan eden rowaýatynda bir goşmaça bolup, onda Ebu Bekre (r.a.) şeýle diýýär: «Demim demime ýetmän geldim we sapyň yzynda durup, rukuwa bardym».

2Şu hadysyň Ebu Dawudyň beýan eden nusgasyna görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) namazynytamamlap: «Sapyň yzynda rukuwa baryp hem, soňra sapa girmek üçin ýöreýän haýsyňyz?»diýip soranyndan soň, Ebu Bekre: «Men» diýip orta çykypdyr. Şol wagt Allahyň Resuly (s.a.w.) şu hadysdaky sözlerini aýdypdyr. Tabaranynyň beýan eden nusgasy şuňa ýakyndyr.

3Bu ýerde ýaňsa almaklyk ýokdur. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sözleriniň: «Allah seniň haýra bolan yhlasyňy artdyrsyn, jemagata goşulmaga bolan yhlasyňy artdyrsyn» diýen manysy bar.

4Şondan soňra gaýtalanmagy gadagan edilen zadyň nämedigi hakda dürli pikirler bar. Ymam Şapygynyň tefsirine görä, bu sözler arkaly Allahyň Resuly (s.a.w.) sapyň yzynda durup, ýeke özüň rukuwa barmagy gadagan edipdir. Käbirleri bolsa bu sözleriň üsti bilen Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Namaza şunuň ýaly haýdap gelip, demiň demiňe ýetmeýän ýagdaýda girme», ýene birleri: «Jemagata ýetişeriň ýaly, şunuň ýaly edip, bir gezek hem gijä galma» diýmek isländigini aýdýarlar. Tahawagörä bolsa,bu gadagan etmäniň iki hili manysynyň bolmagy mümkindir:

1) Ondan sapda durman, sapyň daşynda asla rukuwa gitmezlik manysyny almak mümkin. Mysal üçin, Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan beýan edilen bir hadysda: «Biriňiz namaz okamak üçin baryp, sapda öz ýerini tapmazdan, rukuwa barmasyn» diýlipdir.

2) Ýene ondan demiň-demiňe ýetmeýän derejede sapa tarap ylgamazlyk manysyny almak mümkin. Mysal üçin, Ebu Hüreýräniň gürrüň beren başga bir hadysynda Allahyň Resuly (s.a.w.): «Namaza başlanan bolsa, namaz okalýan ýere gaty-gaty ýöräp gelmäň-de, daşyňyzdan rahatlygyňyzyň we agraslygyňyzyň bildirip duran derejede haýal ýöräp geliň. Ýetişen ýeriňizden ymam bilen birlikde okaň. Ýetişmedik ýeriňizi-de özbaşdak tamam ediň» diýýär. 374-nji hadys hem şu manyny berýär.

Käbirleri-de Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Sapyň yzynda rukuwa baryp hem, soňra sapa girmek üçin ýöreýän haýsyňyz?» diýen soragynyň äheňinden çen tutup, rukuw halynda birki ädim ädip sapa girmegiň gadagan edilendigini aýdýarlar.

Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu gadagan etmesinden nähili many gelip çyksa-da, ol Ebu Bekre (r.a.) atly bu sahaba namazy gaýtadan okamagy emr etmändir. Alymlaryň esasy köplüginiň pikirine görä, bu hereketler namazy bozýan hereketleriň hilinden bolman, gaça durulmaly mekruwhlaryň biridir. Hususan-da, Ibn Mesgut, Zeýt ibn Sabyt, Abdullah ibnZübeýr, Ebu Ümäme (Allah olardan razy bolsun!) ýaly sahabalaryň we Urwa ibn Zübeýr, Sagyt ibn Jübeýr, Ebu Seleme, Ata, Müjähit,Hasan Basry ýaly tabygynlaryň beýle etmegi zyýanly hasaplamandyklary barada rowaýatlar bar. Ymam Mäligiň mezhebine görä, sapa ýakyn bolmak şerti bilen şeýle hereket etmekde zyýan ýok.

Sapyň yzynda ýeke özi ymama uýmak bilen namaz okan kişiniň namazy hakdaky gürrüň babatda aýdylanda bolsa, Ebu Bekräniň (r.a.) sapyň yzynda ýeke özi duran halynda namaza goşulmagynyň namazyny bozmandygyndan çen tutup, şu namazyň dogrudygyny aýtmak mümkin. Söwri, Abdullah ibn Mübärek, Hasan Basry, Ewzaýy, Ebu Hanife, Şapygy, Mälik, Ebu Ýusup, Muhammet we fykyhçy alymlaryň esasy köplügi munuň şeýledigi bilen ylalaşsalarhem, Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Sapyň yzynda durup, özbaşdak namaz okaýanyň namazy bolmaz» diýip, ony gadagan edendigine görä, şeýdip namaz okan adamy günäkär hasaplaýarlar.

Wäbiseibn Magbet Eşjaýynyň (r,a,) gürrüň bermegine görä, bir gün Allahyň Resuly (s.a.w.) namazyň soňunda salam bereninden soň, biriniň sapyň daşynda täk başyna namaz okaýandygyny görüp, onuň ýanynda saklanypdyr we şol adam namazyny tamamlanyndan soň, namazy gaýtadan okamaga perman beripdir we: «Sapyň yzynda durup, özbaşdak namaz okaýanyň namazy bolmaz» diýipdir.

Beýle etmegiň kerahetdigi (halanylmaýan, ýigrenilýän zatdygy) bilen ylalaşan alymlar köplüginiň tersine, onuň keraheti-tahrimiýedigini aýdýanlarhem bar. Soňkular Wäbisanyň rowaýatyny delil tutunýarlar. Gepiň keltesi, Ahmet ibn Hanbal, Yshak ibn Rahuýa, şapygy mezhebiniň alymlaryndan bolan Ibn Hüzeýme şu topara degişlidir. Alymlaryň esasy köplügi bolsa olara garşy çykyp: «Namazy bolmaz» diýmek bilen Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazyň kämilderejede okalmalydygyny aýtmak isländigi hakdaky pikiri öňe sürýärler. Olar: «Sebäbi, ymamyň yzynda durup, namaz okalanda, saplaryň jebis bolmagy, sap aralarynyň doldurylmagy sünnetdir» diýýärler.