440 Rukuwda iki aýaňy biri-birine degrip, uýlugyň arasyna goýmagyň gadagan edilmegi

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 440 Rukuwda iki aýaňy biri-birine degrip, uýlugyň arasyna goýmagyň gadagan edilmegi

     عَنْ مصعب بن سَعْدِ بْنِ أبِى وَقَّاصٍ رَضِيَ الله عَنْهُ  قَالَ: صَلَّيتُ إلَى جَنْبِِ أبي ، فَطَبَّقْتُ بَيْنَ كَفَّىَّ ، ثُمَّ وَضَعْتُهُمَا بَيْنَ فَخِذَىَّ ، فَنَهَانِى أَبِى وَقَالَ: كُنَّا نَفْعَلُهُ فَنُهِينَا عَنْهُ ، وَأُمِرْنَا أنْ نَضَعَ أيْدِيَنَا على الرُّكَبِ.

 

         Sagtibn Ebu Wakgasyň (r.a.) (adyndan beýan edilen ygtybarly bir hadysy-şerifde onuň)öz ogly Ebu Zurara Musgap ibn Sagtbilen namaz okandygy aýdylýar. Şonda ýüze çykan waka barada Musgapşeýle diýipdir: «Bir gezek kakamyň ýanynda namaz okadym. Rukuw mahalynda iki aýamy biri-birine degrip1, soňra ellerimi iki uýlugymyň arasyna goýdum2. Kakam maňa beýle etmegi gadagan etdi we: «Bizhem öň şeýle ederdik, ýöne soňra bu bize gadagan edildi. Bize ellerimizi dyzlarymyzyň üstünde goýmak emr edildi»3diýdi».

 

1Şu hadysyň Däriminiň beýan eden nusgasynda Musgap şu ýerde aýdanlaryndan artdyryp: «Abdullah ibn Mesgudyň ogullary rukuwa baran wagtlary ellerini uýluklarynyň arasyna sokardylar. Kakamyň ýanynda menhem şeýle etdim welin, ol ellerime urdy» diýýär. Diýmek, Musgap ibn Sagt şeýle edilişini Abdullah ibn Mesgudyň (r.a.) ogullarynda görüp, olarhem ony öz kakalaryndan öwrenen bolup çykýar.

2Häzirki döwürde aýalaryňy dyzlaryň üstünde goýup, barmaklaryň arasyny açyp, olary kybla garşy edip, aýaklaryň üstünden goýbermek mezhepleriň dördüsinde-de kada öwrülendir.

3Muny gadagan edeniň Allahyň Resulydygy (s.a.w.) şübhesizdir. Şular ýaly ýerlerde sahabalaryň: «Gadagan edildi, bize emr edildi» diýmekleriniň: «Allahyň Resuly (s.a.w.) emr etdi, gadagan etdi diýmegi» aňladýandygy bilen alymlaryň esasy köplügi ylalaşýar.

            Şu hadysy-şerif yslam dininiň başlangyjynda aýalaryňybiri-birine degrip, elleriňi uýluklaryň arasynda goýmak ýaly bir düzgüniň bolandygyny we şol düzgüniň soňra ýatyrylandygyny görkezýär. Mysal üçin, Tirmizi: «Aýalaryňy birleşdirip, elleriňi iki uýlugyň arasyna sokmagy ylym adamlary ýatyrylan hasaplaýarlar. Bu meselede olaryň arasynda düşünişmezlik ýok. Diňe Ibn Mesgut bilen onuň egindeşlerinden käbirleri tarapyndanşeýle edilendigi aýdylýar» diýýär. Şonuň ýaly-da,Müslim öz kitabynda ygtybarly bir rowaýaty beýan edýär. Rowaýatda şeýle diýlipdir: «Bir gezek Alkama ibn Kaýs bilen Eswetibn Ýezitikisi Abdullah ibn Mesgudyň ýanyna gidipdirler. Bular namaz okanlarynda, Alkama rukuwda ellerini dyzlarynyň üstünde goýupdyr welin, Abdullah ibn Mesgut onuň ellerine urupdyr. Soňra iki aýasyny biri-birine degrip, uýluklaryň arasyna sokupdyr we namazdan soňra: «Allahyň Resuly (s.a.w.), ine, şeýle ederdi» diýipdir».

            Mesgudyň şeýle etmegini käbirleri onuň ýatyrylandygyndan habarsyz bolandygy bilen düşündirjek bolsalarhem, yslam dinine başda giren şonuň ýaly bir adamyň ondan bihabar galmagy ynandyrmaýar. Şonuň ýaly-da,Ibn Münzirbir gezekIbn Omaryň: «Allahyň Resuly (s.a.w.) diňe bir gezek aýalaryny birleşdirip, ellerini uýluklarynyň arasyna salypdy» diýendigini gürrüň beripdir. Hüzeýme hem «Sahyh» atly kitabynda Alkamanyň adyndan beýan edilen rowaýatda Abdullah ibn Mesgudyň: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bize namaz okamagy öwretdi. Ol rukuwa gitjek bolanda,aýalaryny biri-biri bilen birleşdirip, ellerini dyzlarynyň arasyna goýdy-da, şeýle ýagdaýda rukuwa bardy»diýendigini eşiden Sagt ibn Ebu Wakgasyň (r.a.): «Dostumyň şu aýdýany dogrudyr. Öz wagtynda bizhem şeýle edýärdik. Ýöne soňraellerimiz bilendyzlarymyzy tutmak emr edildi»diýip seslenendigi aýdylýar.

            Abdyrrezzak bilen Beýhakynyňhem Alkamanyň we Ewsediň adyndan beýan eden rowaýatlaryna görä, olar Abdullah ibn Mesgut bilen birlikde namaz okapdyrlar. Şonda ol rukuwa gidende aýalaryny birleşdirip, ellerini dyzlarynyň arasyna salypdyr. Soňra olar hezreti Omaryň ýanyna gidipdirler we onuň bilen namaza duranlarynda Abdullah ibnMesgudyň hereketini gaýtalapdyrlar. Salamdan soňra hezreti Omar (r.a.) olara ýüzlenip: «Bu bir öz wagtynda eden zadymyzdyr. Soňralar ol terk edildi. Dyzlary tutmak sünnetdir»diýipdir.

            Ibn Hüzeýme rukuwa gideňde aýalaryňy birleşdirip, elleriňi dyzlaryň arasyna salmagy gadagan hasaplanlaryň biridir. Ýöne bu gadagançylygyň keraheti-tenzihiýe häsiýetli bolmagy hem mümkindir. Çünki,Omar bilen Sagt (r.a.) şeýle etmegi gadagan etselerhem, namazy gaýtadan okamagy emr etmändirler. Ibn Ebu Şeýbäniň hezreti Alynyň (r.a.) adyndan beýan eden şu rowaýaty-da şoňa şaýatlyk edýär: «Rukuwa baraňda,isleseňşeýdersiň, ýagny, elleriňi dyzlaryň üstünde goýarsyň, isleseň hemaýalaryňy birleşdirip, elleriňi dyzlaryň arasyna salarsyň». Hernäme-debolsa,ony terk etmegiň gowudygy bilen birlikde, ol haram däldir.

Aýalaryňy birleşdirip, elleriňi uýluklaryň arasyna salmagyň ýatyrylyp, elleriňi dyzlaryň üstüne goýmagyň kabul edilmeginiň sebäbini musulmanlaryň enesi hezreti Äşe (r.a.) düşündirýär. Aýalaryňy birleşdirip, elleriňi uýluklaryň arasyna salmak ýehudylara mahsus bolany üçin,Allahyň Resuly (s.a.w.) şony gadagan edipdir. Ol ýa-da beýleki bir mesele barada wahy inmedik ýagdaýynda,ähli-kitabyň hereketlerine eýermegi Allahyň Resuly (s.a.w.) gowy görer eken. Soňralar olaryň tersine hereket etmek oňa buýrulypdyr.