390 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) guşluk (duha) namazyny okaşy. Jemagat bilen namaz okamak üçin gitmäge päsgel berip biljek üzürler (bahanalar). Guşluk namazy hakda düşündiriş

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 390 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) guşluk (duha) namazyny okaşy. Jemagat bilen namaz okamak üçin gitmäge päsgel berip biljek üzürler (bahanalar). Guşluk namazy hakda düşündiriş

عَنْ أَنَسٍ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: قَالَ رَجُلٌ مِنَ الأَنْصَارِ: إنِّي لاَ أَسْتَطِيعُ الصَّلاَةَ مَعَكَ ، وَكَانَ رَجُلاً ضَخْماً ، فَصَنَعَ لِلنَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ طَعَاماً ، فَدَعَاهُ إلَى مَنْزِلِهِ فَبَسَطَ لَهُ حَصِيراً ، وَنَضَحَ طَرَفَ الحَصِيرِ فَصَلَّى عَلَيْهِ رَكْعَتَيْنِ ، فَقَالَ رَجُلٌ مِنْ آلِ الجَارُودِ لأَنَسٍ: أَكَانَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يُصَلِّي الضُّحَى؟ قَالَ: ما رَأَيْتُهُ صَلاَّهَا إلاَّ يَوْمَئِذٍ.

 

       Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Ensardan biri: «Ýa Allahyň Resuly, men seniň bilen namaz okamaga gelip bilmeýärin»diýdi. Ol semiz bir adamdy1. Ol Allahyň Resuly (s.a.w.) üçin nahar bişirdip, ony öýüne çagyrdy2. Ol bir boýra ýazyp, onuň töweregine suw sepdi3. Allahyň Resuly (s.a.w.) şol düşegiň üstüne geçip, iki rekagat namaz okatdy»4.

         Enesiň (r.a.) bu aýdanlaryny eşidip, Jarudyň öwlatlaryndan biri5ondan: «Allahyň Resuly (s.a.w.) guşluk(duha) namazyny okaýarmydy?»diýipsorapdyr. Ol hem: «Şol günden başga şunuň ýaly wagtda namaz okanyny görmedim»diýip jogap beripdir6.

 

1Diýmek,jemagat namazyna gidip bilmejek derejede semiz bolanlarhem üzürli adamlaryň toparyna giripdirler. Jemagat namazyna barmaga päsgel berip biljek bahanalar köp dürlüdir. Ibn Hybban özüniň «Sahyh» atly kitabynda olary sanap geçýär: 1) Ýöräp bilmejek derejede hassa bolmak; 2) Käbir ýagdaýda adamyň başyndan inýän huşsuzlyk; 4) Çakdanaşa semizlik; 5) Namaza çagyrylan wagty adamda täreti bozmak zerurlygynyň ýüze çykmagy; 6) Metjide gideňde özüňe ýa-da baýlygyňa bir zat bolar öýdüp gorkmak; 7) Güýçli sowuk; 8) Yza berip biljek derejede ýagyş ýagmagy; 9) Ýöremegi howply bir zada öwürýän garaňkylyk; 10) Sarymsak, sogan, poreý soganyny iýen ýagdaýda bolmak.

2Çakylyga barmak mustahap, käbir alymlaryň pikirine görä bolsa wajypdyr.

3Iň gowusy gönüden-göni topragyň üstünde namaz okap, sejde edeňde maňlaýyňy topraga degirmekdir. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Mugaz ibn Jebele (r.a.) ýüzlenip: «Ýüzüňi topraga oýka»diýmegi-de munuň şeýledigine delildir. Ýöne boýranyň we ösümliklerden örülen her hili düşegiň üstünde namaz okamagyň gadagan däldigi bilenhem alymlaryň hemmesi ylalaşýarlar. Diňe Omar ibn Abdyleziz düşegiň üstünde namaz okamazdy. Haýwan derileriniň we haýwanlaryň ýüňlerinden edilen düşekleriň üstünde namaz okamak barada alymlaryňarasynda dürli pikirler bar.

            Bu hadysda beýan edilişi ýaly, boýranyň töweregine suw sepilmegi ýa tämizlik, ýa-da töweregi biraz serginletmek bilen baglanyşyklydyr (248-nji hadysa-da seret).

4Diýmek, nepil namazyny jemagat bolup okamaga rugsat berlipdir.

5Bu hadysyň Buharynyň, Ibn Majäniň we Ibn Hybbanyň kitaplaryndaky başga ýollar bilen gelip ýetennusglaryndan bu adamyň Abdylhamyt ibn Münzir ibn Jaruwtdygyny aňlamak bolýar.

6Guşluk (duha) namazyny okamak mustahapdyr. Buharynyň kitabynda ÜmmiHanynyň (r.a.) adyndan beýan edilen 30-njyhadysda-da Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sekiz rekagatlykguşluk namazyny okandygy habar berilýär. Ebu Dawudyň kitabyndaky rowaýata görä bolsa, Allahyň Resuly (s.a.w.) bu namazy, her iki rekagatda bir gezek salam bermek bilen, sekiz rekagat edip okapdyr. Şeýle bolsa-da,gürrüňimizi edýän hadysymyzda Enes (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu namazy diňe bir gezek, onyhemiki rekagat edip okandygyny habar berýär. Edilşonuň ýaly, Äşeden (r.a.): «Allahyň Resuly (s.a.w.) guşluk namazyny okaýarmydy?» diýipsoranlarynda, ol: «Ýok, saparlaryň birinden dolanyp gelende okan bolaýmasa»diýip jogap beripdir. Müslimiň kitabyndaky bir rowaýatda-da ol: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) guşluk nepil namazyny okanyny görmedim» diýipdir. Görnüşine görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) bu namazy käte okap, esasanhem,ony parz hasaplarlar öýdüp gorkusyna,terk edipdir. Äşe enemiziň (r.a.) käte okalan bu namazdan habarynyň bolmazlygy hem mümkindir. Çünki,Allahyň Resuly (s.a.w.) köplenç guşluk wagtynda musulmanlaryň işlerini çözmek bilen meşgul bolýardy, ýa Metjidi-Şeribe ýa-da başga bir ýere gidýärdi. Köplenç hem ol saparda bolýardy. Şonuň ýaly-da,Allahyň Resuly (s.a.w.) nikaly aýallarynyň arasynda ýola goýlan nobata görä, hezreti Äşäniň hüjresinde dokuz günden bir gezek bolýardy. Bu hem Äşe enemiziň (r.a.) onuň bu namazy okamagy bilen gabatlaşmazlygyna sebäp bolup biljekdi. Ýa-da onuň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu namazy yzygiderli okamandygyny aýtjak bolan bolmagy hem mümkin. Mysal üçin, bir rowaýatda onuň: «Allahyň Resuly (s.a.w.) guşluk namazyny dört rekagat edip okardy» diýmegi-de şony görkezýär. Şonuň ýaly-da,Ibn Omaryň (r.a.) guşluk namazyny soň tapylan zat (bidgat) hasaplandygy-da ygtybarly ýollar bilen gelip ýetipdir. Ýöne, bu maglumat hem Ibn Omaryň (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu işinden habardar bolmandygyny ýa-da onuň yzygiderli okalmagynyň soň tapylan zatdygyny aýtjak bolandygyny görkezýär. Hernäme-de bolsa, alymlaryň esasy köplügi guşluk namazynyň mustahapdygy bilen ylalaşýarlar.