408 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) çagasy aglaýan ene üçin kynçylyk döretmezlik üçin namazyny gysgaldyşy hakda

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 408 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) çagasy aglaýan ene üçin kynçylyk döretmezlik üçin namazyny gysgaldyşy hakda

   عَنْ أَبِي قَتَادَةَ رَضِي الله عَنْهُ: عَنِ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قالَ: (إنِّي لأَقُومُ في الصَّلاةِ أُرِيدُ أَنْ أُطَوِّلَ فِيهَا ، فَأَسْمَعُ بُكَاءَ الصَّبِيِّ ، فَأَتَجَوَّزُ في صَلاَتِي ، كَرَاهِيَةَ أَنْ أَشُقَّ على أُمِّهِ).

 

         Ebu Katada (Harys ibn Rybyý Ensary) (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Köp gezeklermen namaza duramda kyragatyuzaltmak niýeti bilen durýaryn-da,yzdan bir çaganyňaglaýan sesini eşidenimden soň, onuňejesine kynçylyk döretmäýin diýip, ýene namazymy gysgaldýaryn»diýdi»1.

 

1Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gezek birinji rekagatda altmyş aýataçenli okanyndan soň, bir çaganyň aglaýan sesini eşidip, ikinji rekagatda diňe üç aýat okamak bilen çäklenipdir.

            Bu hadysy-şerif çagalaryň metjide getirilmeginiň zyýanynyň ýokdugyny, zenanlaryň erkekleriň hatarlarynyň yzyndadurup,jemagata goşulmaklaryna rugsat berilýändigini delillendirmek üçin ulanylýar. Şonuň ýaly-da,Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu sözi namaz okap durka bir gowy görülýän işi etmäge niýet eden kişiniň şol işi ýerine ýetirmeginiň wajyp däldiginiň delilidir. Mäliki mezhebinden bolan Eşhep munuň bilen ylalaşmaýar. Meselem, ol: «Nepil namazyny aýak üstünde durup okamagy niýet eden kişi namazyny oturyp tamam etmez» diýýär.

            Ymam rukuwda mahaly gelip ýetenkişiniň jemagata goşulmak isleýänini duýsa, onuň namaza ýetişmegi üçin,rukuwy uzaldyp bilermi? Şapygy mezhebiniň alymlarynyň käbirleribeýle etmäge rugsat beripdirler. Olar: «Bir dünýewi zerurlyk üçin,okalmakçy bolunýan namazy gysgaltmaga rugsat berlende, Allahü tagala ybadat etmegi ýeňilleşdirmek üçin,gysga bolan bir rukunyuzaltmaga näme üçin ýol berilmesin?» diýýärler. Olaryň garşydaşlary bolsa: «Bunamazdaky artyk amaldyr, namazygysgaltmak ýaly däldir. Namazy gysgaltmak mümkin bolsa-da, artyk amala ýol bermek mümkin däldir» diýip jogap berýärler. Şagby, Hasan Basry, Abdyrahman ibn Ebu Leýla beýle etmäge rugsat beripdirler. Jemagaty kyn güne salmazlygy niýet etmek şerti bilen, Ebu Söwr ýaly alymlar hem oňa rugsat berýärler. Ewzaýy, Ebu Hanife, Mälik, soňky gelen pikiri boýunça,Şapygy, Ebu Ýusup ýaly alymlar bolsa beýle etmegi mekruwh hasaplapdyrlar. Muhammet ibn Hasan Şeýbany: «Beýle etmegiň şirk bolmagyndan gorkýaryn» diýipdir.