452 Enesiň (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okadyşy ýaly edip namaz okatmakdan ýüz öwürmejekdigi barada aýdan sözi

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 452 Enesiň (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okadyşy ýaly edip namaz okatmakdan ýüz öwürmejekdigi barada aýdan sözi

 عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: إِنِّي لاَ آلُو أَنْ أُصَلِّيَ بِكُمْ كَمَا رَأَيْتُ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يُصَلِّي بِنَا. قَالَ ثَابِتٌ راوي الحديثِ: كَانَ أَنَسُ بْنُ مَالِكٍ يَصْنَعُ شَيْئًا لَمْ أَرَكُمْ تَصْنَعُونَهُ ، كَانَ إِذَا رَفَعَ رَأْسَهُ مِنْ الرُّكُوعِ قَامَ حَتَّى يَقُولَ الْقَائِلُ قَدْ نَسِيَ ، وَبَيْنَ السَّجْدَتَيْنِ حَتَّى يَقُولَ الْقَائِلُ قَدْ نَسِيَ.

 

       Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bize nähili edip namaz okadan bolsa, size-de şonuň ýaly edip namaz okatmak üçin elimden gelenini edýärin» diýipdir.

         Şu hadysyň rawysySabyt (ibn Eslem Bünäni) onuň namaz okaşy barada habar berip: «Enes (r.a.) siziň etmeýän bir zadyňyzy ederdi. Ol başyny rukuwdan galdyranyndan soňraşeýle bir köp wagtlap aýak üstünde durardy welin, ony synlan kişi sejdäni unutdymyka diýjekdi. Iki sejdäniň arasynda-da ýenedaşyndan synlana: «Ikinji sejdä gitmegi unudaýdymyka?» diýdirjek derejede köp wagtlap oturardy» diýýär.1

 

1423-nji we 441-nji hadyslara-da seret.