388 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) keseli agyrlaşanyndan soňra hezreti Äşäniň (r.a.) öýünde özüne seretdirmek üçin beýleki aýallaryndan rugsat soramagy

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 388 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) keseli agyrlaşanyndan soňra hezreti Äşäniň (r.a.) öýünde özüne seretdirmek üçin beýleki aýallaryndan rugsat soramagy

     عَنْ عَائِشَةَ رَضِي الله عَنْهَا قالَتْ: لَمَّا ثَقُلَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ وَاشْتَدَّ وَجَعُهُ اسْتَأْذَنَ أَزْوَاجَهُ أَنْ يُمَرَّضَ فِي بَيْتِي فَأَذِنَّ لَهُ. وَبَاقِي الحَدِيثِ تَقَدَّمَ آنِفاً.

 

       Ýene Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) keseli agyrlaşyp, agyrysy artan döwründe, ol,meniň öýümde özüne seretdirmek üçin, öznikaly aýallaryndan rugsat diledi. Olar hem rugsat berdiler».

         Bu hadysyň dowamy 387-nji hadys hökmünde ýap-ýaňy beýan edilipdi1.

 

1Bu ýerde 387-nji hadys göz öňünde tutulýar. 149-njy hadysyň başy-da şu ýerdäki sözlere meňzeş sözler bilen beýan edilipdir. Bu ýerdäki hadysy gürrüň beren rowaýatçylaryň hataryna girýän UbaýdyllaibnAbdullah şeýle diýýär: «Äşäniň (r.a.) bu aýdanlaryny Ibn Apbasa (r.a.) aýdyp berdim. Ol: «Äşäniň adyny tutmadyk adamsynyň kimdigini bilýärmisiň?» diýdi. Men: «Ýok» diýdim.Ibn Apbas: «Ol Alyibn Ebutalypdyr» diýip habar berdi».