469 Ýagyşyň ýagmagynyň haýsydyr bir ýyldyzyň batyp, dogmagy bilen baglanyşyklydygyna ynanan adamyň Allaha iman etmän, ýyldyza iman edýän adam boljakdygy hakda. Bu babatda alymlaryň aýdany

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 469 Ýagyşyň ýagmagynyň haýsydyr bir ýyldyzyň batyp, dogmagy bilen baglanyşyklydygyna ynanan adamyň Allaha iman etmän, ýyldyza iman edýän adam boljakdygy hakda. Bu babatda alymlaryň aýdany

    عَنْ زَيدِ بْنِ خالِدٍ الْجُهَنِي رَضِي الله عَنْهُ أَنَّهُ   قالَ: صَلَّى لَنَا رَسُولُ الله صلىالله عليه وسلم صَلاَةَ الصُّبْحِ    بِالحُدَيبِيةِ ، على إثْرِ سَمَاءٍ كانَتْ مِنَ اللَّيلِ ، فَلَمَّا انْصَرَفَ أَقْبَلَ على النَّاسِ ، فَقَالَ: ( هَلْ تَدْرُونَ مَاذَا قالَ رَبُّكُمْ ) . قالُوا: الله وَرَسُولُهُ أَعْلَمُ ، قالَ: ( أَصْبَحَ مِنْ عِبَادِي مُؤمِنٌ بِي وَكَافِرٌ ، فَأَمَّا مَنْ قالَ مُطِرْنَا بِفَضْلِ الله وَرَحْمَتِهِ، فَذلِكَ مُؤْمِنٌ بِي كافِرٌ بِالْكَوْكَبِ، وَأَمَّا مَنْ قالَ: مُطِرْنَا بِنَوْءِ كَذَا وَكَذَا فَذلِكَ كافِرٌ بِي مُؤْمِنٌ بِالْكَوْكَبِِ ).

 

         Zeýt ibn Halyt Jüheni (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Hudeýbiýede1gije ýagan ýagmyrdan soňra bizeertir namazyny okatdy. Ol namaz okap bolanyndan soň,mübärek ýüzüni jemagata tarap öwrüp: «Rebbiňiz Azze we Jelle Hezretleriniň näme diýenini bilýärmisiňiz?» diýip sorady2. Ol ýerdäkiler: «Ony Allah we Resuly has gowy biler» diýdiler. Onda Allahyň Resuly (s.a.w.) aýtdy: «Allahü tagala: «Gullarymyň kimi mömin, kimi kapyr bolup, daňdanaýetdi. Kim: «Allahyň haýyr we merhemeti bilenüstümize ýagmyr ýagdy» diýen bolsa, ine, şol kişi maňa iman edendir, ýyldyza iman eden däldir. Kim-de: «Pylan we pylan ýyldyzyň newi, ýagny batyp-dogmagy bilen3üstümize ýagmyr ýagdy» diýen bolsa, ine, şol kişi maňa iman eden däldir, ýyldyza iman edendir»diýdi».

 

1Bu Mekgeden bir, Medineden dokuz menzil uzaklykda ýerleşýän bir obanyň adydyr. Onuň ýarysy Hille (haj zamanynda Mekgäniň daşynda yhrama girilýän ýeriň daşynda ýerleşýän meýdan), ýarysy Hareme (haj zamanynda yhrama girilýän ýerden başlanyp, Käbä tarap uzalyp gidýän meýdan) degişlidir. Hilliň Käbeden iň uzakda ýerleşýän ýeri şol ýerdir. Allahyň Resuly (s.a.w.) hijretiň altynjy ýylynda bir müň dört ýüze golaý sahaba bilen umra hajynyýerine ýetirmegi niýet edinip, ol ýere,ýagny Haremiň serhedine ýetende, müşrükler olaryň Käbä zyýarat etmeklerine päsgel beripdirler. Gepleşik geçirmek üçin Mekgä ýollanan Osman ibn Affanyň (r.a.) eglenmegi we onuňöldürilendigi hakynda gürrüň ýaýramagy bilen sahabalar, bu habar dogry bolaýan ýagdaýynda, janlaryny pida etmäge taýýarlanyp, ölmekdenhem gaýtmajaklary hakynda bir agajyň astynda kasam edipdirler. «Feth» süresi ineninden soň bu kasam edişlige «Biatür-Rydwan» diýip at berlipdir. Belli bolan Hudeýbiýe ýaraşygy şol ýerde baglaşylypdy.

2Bu hadysyň Nesaýynyň kitabyndaky nusgasynda: «Rebbiňiz Azze we Jelle Hezretleriniň bu gije näme diýendigini eşitmediňizmi?» diýlipdir. Iki nusga görä-de, bu hadys kudsyhadyslardan bolup çykýar.

3«New» sözüniň köplügi «enwa» bolup, kamar menzilleri diýen manyny berýär. Enwa, ýa-da kamar menzilleri ýigrimi sekizdir. Kamar her menzilde bir gije saklanýar. Bu menzilleriň her biri asmanda ýerleşýän ýyldyzlaryň ady bilen atlandyrylypdyr: Şeretaan, Butaýn, Süreýýä, Deberän, Hak’a, Hen’a, Ziräul-Esed, Nesre, Tarf, Jebhe, Zebre, Sarfe, Awwä’, Simäki-A’zel, Gafer, Zubänä, Iklil, Kalbül-Akreb, Şewle, Neaaim, Belde, Sagty-Zäbih, Sagty-Bülä’, Sagtüs-Süud, Sagtül-Ahbiýe, Fer’i-Ewwel, Fer’i-Säni, Batnül-Hut. Bu atlar bilen atlandyrylan ýyldyzlaryň on dört sanysy gijesine mydama asmanyň depesinde, beýleki on dördüsi bolsa asmanyň aşak tarapynda ýerleşýär. Olaryň haýsysy günbatarda batsa, onuň bäsdeşi adyny alan ýyldyz gündogar tarapdan dogýar. Birinji on dört sany menzil, «Şam menzilleri»,soňky on dört sany menzil «Ýemen menzilleri» diýlip, iki topara bölünýär. Häzirki döwürde olara demirgazyk we günorta menzilleri diýilýär. Araplar bu ýyldyzlaryň her biriniň säher wagtynda ýaşmagy bilen birlikde, onuň bäsdeşi bolan ýyldyzyň şol pursatda dogmagyna«New» diýýärdiler. Şonuň üçinhem sözlükçileriň käbiri ýyldyzyň ýaşmagyna, käbiri dogmagyna, käbiri bolsa ikisine-de birlikde «New» diýilýändigini aýdýarlar. Sözlükçi alymlaryň biri bolan Ibn Araby: «Ýaşan ýyldyzlara «Enwa», dogan ýyldyzlara «Bewärih» diýilýär» diýipdir.

Bular biri-biriniň yzyndan her on üç günden ýaşyp we bäsdeşleri dogup, şol döwrüň içinde ýagyş ýagsa, ýel tursa, sowuk, yssy bolsa, bereket inse, gahatlyk ýüze çyksa, garaz, näme bolsa, ol hadysalar ýaşan ýyldyz bilen baglanyşdyrylyp: «Pylan zat pylan ýyldyzyň newinde ýüze çykdy» diýýärler eken. Diňe Jebhe ýyldyzy aýyň on dördi güni ýaşýar. Bu hasaba görä, ýigrimi sekiz newiň ýaşmagy 365 güni hasyl eder we şemsi ýyly şunuň bilen tamamlanar. Şondan soňrahaýsy ýyldyz ýaşsa, mysal üçin, Şeretaan ýaşsa, täze ýyl hem şol ýyldyzyň ýaşmagy bilen başlanýar.

Başga bir düşünjä görä, ýyl ýigrimi sekiz bölege bölünip, olbölekleriň hemher birini,takmynan,on üç günhasap edip, şol döwrüňiçinde Ýeriň töwereginde ýüze çykan hadysalar şol günlerde esasy hasaplanan ýyldyz bilen baglanyşdyrylardy.

Nesaýynyň öz kitabynda Ebu Hüreýräniň(r.a.) adyndan beýan eden rowaýatynda Allahyň Resuly (s.a.w.): «Rebbimiz: «Her zaman gullaryma bir nygmat bagyş etsem, olaryň bir topary: «Ony ýyldyz hasyl etdi, ol ýyldyzyň saýasynda amala aşdy» diýip, ol nygmata näşükürlik ediberendirler»diýýär»diýip habar berýär. Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda-da Allahyň Resuly (s.a.w.): «AllahüAzze we Jelle Hezretleri gullaryna bäş ýyllap hiç hili ýagmyr bermän, soňra ýagdyrsa, ýene adamlaryň bir topary kapyrlyk edip: «Müjdah newi bilen üstümize ýagmyr ýagdy» diýerler»diýýär.

Bu ýerdäki Müjdah ýokarda ady geçen Kamar menzillerinden bolan Deberäniň beýleki bir adydyr. Onuň ýaramaz täsirleriniň bardygyna ynanypdyrlar. Diýmek, hiç bir ýyldyzyň ýagmyryň ýagmagyna täsiriniň ýokdugy bäş ýyllyk guraklykda subut bolanyndan soňhemhakyky Jomardyň we rysk berijiniň Allahü tagaladygy bularyň ýadyna düşmeýär-de, özlerine berlen nygmaty iň ýaramaz hasap edilen ýyldyz bilen baglanyşdyrýarlar.

Ýöne şärik goşman, näşükürlik etmän, ýagmyryň haýsy zamanda ýagandygyny aňlatmak üçin: «Pylan ýyldyzyň newi wagtynda ýagmyr ýagdy» diýmek gadagan däldir. Muny aýdýan kişiniňhasapçylaryň: «Pylan ýyldyzyň newi» atlandyrýan wagtlarynda ýagmyr ýagdyrmagyň Allahü tagalanyň adatydygyny aýtmak isledigi bolar.