473 Sarymsak iýen adamyň metjitlere we jemagata gelmeli däldigi hakda. Sarymsagyň ysynyň perişdelere yza bermegi

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 473 Sarymsak iýen adamyň metjitlere we jemagata gelmeli däldigi hakda. Sarymsagyň ysynyň perişdelere yza bermegi

     عَنْ جَابِرِ بْنِ عَبْدِ الله رَضِي الله عَنْهُمَا: أنَّ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قالَ: ( مَنْ أكَلَ ثُوماً أوْ بَصَلاً فَلْيَعْتَزِلْنَا ). أوْ ( فَلْيَعْتَزِلْ مَسْجِدَنَا ، وَلْيَقْعُدْ فِي بَيْتِهِ ). وَأنَّ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ أُتِيَ بِقِدْرٍ فِيهِ خَضِراتٌ مِنْ بُقُول ٍ، فَوَجَدَ لَهَا رِيحاً فَسَألَ ، فَأُخْبِرَ بِمَا فِيهَا مِنَ الْبُقُولِ  فَقَالَ: ( قَرِّبُوهَا ). إلَى بَعْضِ أصْحَابِهِ كانَ مَعَهُ ، فَلَمَّا رَآهُ كَرِهَ أَكْلَهَا قالَ: ( كُلْ فَإنِّي أُنَاجِي مَنْ لاَ تُنَاجِي ).

وَفي رِوَايَةٍ أُتِي بِبَدْرٍ، يَعْنِي طَبَقاً فِيهِ خَضِرَاتٌ.

 

        Jabyr ibn Abdullah (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Kimde kim sarymsak, sogan iýen bolsa,bizden (ýa-da metjidimizden)daşda durup, öýünde otursyn» diýdi»1.

         Ýene şol ýoldan şeýle rowaýat edilýär: «Bir gezek Allahyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna içi gök otly gaýnatmaly golça getirildi. Allahyň Resuly (s.a.w.) ondan bir ýakymsyz ysyň gelýänini duýup, munuň nämäniň ysydygyny soranyndan soň, nahara atylan gökotlaryň atlaryoňahabar berildi. Ol ýanyndakysahabalaryňbirine2yşarat edip: «Beýläk aýryň» diýdi. Sahaba hem Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beýle edenini göreninden soň, gökli nahardan iýmek islemedi. Allahyň Resuly (s.a.w.) oňa ýüzlenip: «Sen mundan iý. Sebäbi men seniň bilelikde mynajat etmeýänleriň bilen birlikde mynajat edýärin»3diýdi».

         Ýene bir rowaýatda-da rawy, ýagny Buharynyň şyhy Ahmet ibn Salyh: «Içi gök otly gaýnatmaly golça getirildi» diýmegiň ýerine: «Içi gök otly gaýnatmaly bir tabak getirildi» diýipdir.

 

1Tekstiň şu ýere gelýänçä bolan bölegi aýratyn, ondan soňky bölegi-de aýratyn bir hadysdyr. Diňe olaryň gelen ýollary (rawylar zynjyrlary) bir bolup, şol bir meselede biri-biriniň üstüni ýetirýändikleri üçin,Buhary ikisini bir ýere jemläpdir. Hatda tefsirçi Ibn Hajar Askalany birinji bölekde gürrüňi edilýän wakanyň Haýbarda, ikinji bölekde gürrüňi edilýän wakanyňhemAllahyň Resulynyň (s.a.w.) hijretiniň başynda ýüze çykyp, bu iki wakanyň arasynda alty ýyllyk bir döwrüň ýatandygyny habar berýär.

            Buhary bu ýerdäki birinji bölegi şu tekstiň düzümine girmeýän başga bir hadys bilenhem birleşdirip beýan edipdir.

            Tekstdäki hadyslardanhem, olara berlen düşündirişlerdäki hadyslardanhem sarymsagyň we şoňa meňzeş zatlaryň iýilmeginiň jemagaty terk etmäge rugsat berýän üzürlerdendigini (bahanalardandygyny) aňlamak bolýan bolsa-da, käbirleri bu gadagan etmäniň rugsat däl-de, bir ýaramaz işiň öňünialmakdygyny we olary üzürsiz iýenleriň jemagat sogabyndan mahrum edilendiklerini öňe sürüpdirler. Ýöne tekstiň ikinji böleginde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) olar iýmegi sahaba teklip etmeginden,onuň ýaramaz bir işiň öňüni almakdygy hakynda netije çykaryp bolmasa gerek.

2Bu sahabanyň Allahyň Resulyny (s.a.w.) myhman alan öý eýesi Ebu Eýýup Halyt ibn Zeýt Ensary (r.a.) bolaýmagy gaty ahmaldyr. 473-nji hadysyň düşündirişleriniň birinde getirilen weTirmiziniň kitabynda Jabyr ibn Semüräniň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysyň şeýle çaklamaga mümkinçilik berýändigi bilen birlikde,Müslimiň kitabynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Ebu Eýýubyň myhmany bolşy hakyndaky rowaýatda: «Ebu Eýýup Allahyň Resuly (s.a.w.) üçin nahar bişirderdi. Tagam iýlip, artany yzyna gaýtarylanyndan soň, Ebu Eýýup Allahyň Resulynyň (s.a.w.) mübärek barmaklarynyň degen ýerleriniň niresidigini sorap, şol ýerden iýer eken. Birgezek naharyň içinde sarymsak bolany üçin Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ony iýmändigini oňa habar beripdirler. Ebu Eýýup şondan soňra: «Ýa Allahyň Resuly, harammydyr?» diýip sorapdyr we: «Haram däl, ýöne men halamaýaryn» diýen jogaby alypdyr» diýlendigine bakyp, tefsirçi Askalany bu ýerde gürrüňi edilýän sahabanyň şoldugy barada netije çykarsa-da, beýleki bir tefsirçi Aýny onuň başga biri bolmagynyň has mümkindigini dogry tapýar.

3Bu ýerdäki mynajat töwerekdäkilerebelli bolmadyk bir ýol arkaly perişdeler bilen gürrüňleşmegi aňladýar. Bu mynajatyň perişdeler bilen edilen mynajatdygyny Ibn Hybban bilen Ibn Huzaýmanyň kitaplarynda Ebu Eýýup bilen baglanyşykly wakanyň başga bir ýoldan gürrüň berlen nusgasy subut edýär. Bu rowaýata görä, içinde sogan ýa-da pyrasa bolan bir tagamyň ýüzünde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) mübärek barmaklarynyň yzyny görmedik Ebu Eýýup ol naharyiýmekden saklanypdyr. Allahyň Resuly (s.a.w.) ondan: «Näme üçin iýmeýärsiňiz?» diýip soranda, ol: «Mübärek barmaklaryňyzyň yzyny görmedim» diýipdir. Allahyň Resuly-da (s.a.w.): «Haram däl bolsa-da, Allahyň perişdelerinden utanýaryn» diýip seslenipdir. Başga bir rowaýatda bolsa Allahyň Resuly (s.a.w.): «Siz iýiň. Sebäbi men siziň hiç biriňize meňzemeýärin. Men Jebraýyl alaýhyssalama yza bermekden çekinýärin»diýýär.