393 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okadyşy. Dynç almak üçin sejdeleriň aralygynda oturmak (jelseýi-istirahat) we bu babatda alymlaryň aýdany

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 393 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okadyşy. Dynç almak üçin sejdeleriň aralygynda oturmak (jelseýi-istirahat) we bu babatda alymlaryň aýdany

عَنْ مَالِكِ بْنِ الحُوَيْرِثِ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: إنِّي لأُصَلِّي بِكُمْ وَمَا أُرِيدُ الصَّلاَةَ ، أُصَلِّي كَيْفَ رَأَيْتُ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يُصَلِّي.

 

       Mälik ibn Huwaýrys Leýsi1(r.a.) şeýle diýipdir: «Namaz okamak islemeýänhem bolsam2, size namaz okatjak. Allahyň Resuly (s.a.w.) nähili edip namaz okan bolsa, edil şonuň ýaly edip namaz okatjak»3.

 

1Mälik ibn Huwaýrys (r.a.) 371-nji we 372-nji hadyslary hem gürrüň berip, şol hadyslarda habar berlişine görä: «Namazy meniň okaýşym ýaly edip okaň ýa-da okadyň»diýen hadysy-şeribi gürrüň berenhem şoldur.

2Bu ýerde islemän namaz okamak hakda gürrüň gidýän ýaly bolup görünse-de, aýdyljak bolunýan zat ol däldir. Çünki,beýdip namaz okamak dürs dälir. Ol: «Parzbolannamaz okalýan wagt bolmasa-da ýa-da wagt parzyny okanhem bolsam, size öwretmek üçin bir namaz okajak» diýmek isläpdir.

3Buharynyň kitabynda şu hadysy-şerif Eýýup Sahtyýanynyň adyndanbeýan edilýär. Eýýup ony Ebu Kylabadan, ol hem öz gezeginde Mälik ibn Huwaýrysdan eşidipdir. Ebu Kylaba şeýlediýipdir: «Mälik ibn Huwaýrysmetjidimize (Basra metjidine) geldi we: «Namaz okamak islemesemhem... (yzyşu hadysdaky ýaly)» diýdi».

            Eýýup şeýle diýýär: «Ebu Kylabadan Mäligiň nädip namaz okanyny soradym. Ol: «Biziň şyhymyzyň okaşy ýaly» diýip jogap berdi. Bu şyh birinji rekagatda başyny sejdeden galdyranyndan soňrawe aýak üstüne galmazdan öňürti oturardy».

            Ebu Kylabanyň şyhynyň adynyň Ebu Büreýtýa-da Ebu Ýezit Amr ibn Selimedigi (r.a.) Buharynyň kitabyndaky başga bir rowaýatda görkezilýär. Bu rowaýatda bolsa Ebu Kylaba şeýle diýýär: «Mälik ibn Huwaýrys egindeşlerine: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazyny size görkezeýinmi?» diýdi. Ol bu sözleri aýdýan wagty heniz namaz wagty girmändi. Mälik aýak üstünde galdy. Soňra rukuwa baryp, tekbir aldy.Soňra başyny galdyrdy. Azajyk duranyndan soňrasejdä gitdi. Soňra başyny galdyryp,azajyk durdy we şyhymyz Amr ibn Selimäniň namaz okaýşy ýaly edip, namaz okatdy. Amr ibnSelime başga kişilerde görmedik bir zadymyzy edýärdi. Ol üçünji we dördünji rekagatlaryň aralygynda oturardy».

            Ebu Kylaba gürrüňini dowam edip, Mäligiň şu aýdanlaryny habar berýär: «Biz Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip, birnäçe wagtlap şol ýerde ýaşadyk. Ol bize: «Indi maşgalaňyzyň arasyna dolanyň! Pylan namazy pylan wagtda, pylan namazy-da pylan wagtda okaň. Namaz wagty gelende,biriňiz azan aýtsyn. Iň ýaşulyňyzhem size ymam bolsun»diýdi».

            Bu hadyslarda ünsüňi özüne köp çekýän zat birinji we ikinji, üçünji we dördünji rekagatlaryň arasynda başyňy sejdeden galdyranyňdan soňraaýak üstüne galmak meselesidir. Ymam Şapyga göräbeýle etmegiňmustahapdygy aýdylýanbolsa-da, ol özüniň «El-Ümm» atly kitabynda: «Ikinji sejdeden soňra galkar» diýýär-de:«Oturar» diýmeýär. Şapygynyň mezhebine uýan alymlaryň käbiri: «Garry ýa-da maýyp bolsa, oturyp dynç alar we ellerini ýere diräp galkar» diýipdirler. Beýleki alymlar bu oturyş barada hiç bir zat aýtmaýarlar. Ebu Hanifäniň, Sufýan Söwriniň,Yshak ibn Rahuýanyň pikirleri hem şunuň ýalydyr. Ibn Mesgut, Ibn Apbas, Omar, Aly (Allahü tagala olardan razy bolsun!), şonuň ýaly-da Ebu Zynat we Nahaýy ýaly alymlarhem şu pikire gol ýapypdyrlar. Mesruk, Mekhuwl, Ata, Hasan Basry ýaly alymlar bolsa oturanyňdan soňradaýanyp galmagyň tarapdarlarydyr. Ibn Omaryň, Mäligiň, Ahmet ibn Hanbalyň adyndan beýan edilýän rowaýatlaryň arasyndabu pikirleriňikisi-degabat gelýän rowaýatlar bar. Birinji we ikinji, üçünji we dördünji rekagatlaryň arasynda oturmagyň tarapdarlarynyň delili MälikibnHuwaýrysyň şu hadysydyr. Olaryň garşydaşlary bolsa: «Medinede Allahyň Resuly (s.a.w.) on ýyl, Ebu Bekr, Omar, Osman, köp sanly sahabalar we tabygynlar (Allahü tagala olaryň hemmesinden razy bolsun!) köp ýyllaryň dowamynda namaz okap we okadan mahallarynda,Medinäniň halky bary-ýogy şol ýerde ýigrimi gün galan Mälik ibn Huwaýrysyň habar beren beýle bir meselesinden bihabar bolup biljekdilermi? Mälik ibn Huwaýrysyň bu aýdanyny,Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bir beden keseli bilen kesellän bir döwründe onuň bilen gabatlaşan bolmagynyň mümkindigi bilen düşündirip bolar» diýýärler.