477 «Zenanlaryňyz sizden gijesine metjide gidip ybadat etmäge rugsat soranlarynda, olara rugsat beriň» hadysy

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 477 «Zenanlaryňyz sizden gijesine metjide gidip ybadat etmäge rugsat soranlarynda, olara rugsat beriň» hadysy

    عَنْ ابْنِ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا ، عَنْ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (إِذَا اسْتَأْذَنَكُمْ نِسَاؤُكُمْ بِاللَّيْلِ إِلَى الْمَسْجِدِ فَأْذَنُوا لَهُنَّ).

 

       (Abdullah) ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Zenanlaryňyz sizden gijesine1metjide gidip ybadat etmäge rugsat soranlarynda, olara rugsat beriň»2diýdi».

           

1Buharynyň başga bir ýoldan gelip ýeten we ýene şol Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatynda: «...Gijesine metjide...» diýen sözler ýok. Şoňa görä, gije bolsun, gündiz bolsun metjide we başga bir ýere gitmek islänlerinde zenanlara rugsat berilmeginiň gowy boljakdygynyaňlamak mümkin bolsa-da,olary başyboş goýbermeli däldigi hem bellidir.

            338-nji hadysda musulmanlaryň enesi hezreti Äşäniň we 463-nji hadysda musulmanlaryň enesi Ümmi Selemäniň (Allah olardan razy bolsun!) şaýatlyk etmeklerine görä, Pygamberimiziň(s.a.w.)zamanynda (gije bilen gündiz tapawutlandyrylmazdan) zenanlaryň jemagat namazlaryna gatnaşyp, yzky saplarda durandyklary belli bolýar. Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a.) adyndan beýan edilen 87-nji we 209-njy we ÜmmiAtyýýanyň (r.a.) adyndan beýan edilen 217-nji hadyslarhem munuň şeýle bolandygyny tassyklaýar.

            Şonuň ýaly-da, hezreti Äşäniň (r.a.) adyndan beýan edilen 242-nji hadys bilen ýene şonuň adyndan beýan edilip, bu kitaba girmedik: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bu günki zenanlaryň bezenmekde hetden aşyşlaryny gören bolsady, ysraýyl tiresiniň zenanlarynyň daşary çykmagyny(ýa-da metjide gitmegini) gadagan edişi ýaly,bu zenanlara-da muny gadagan ederdi» hadysyna görä, zenanlaryň metjitlere gidip bilmekleri we bazarlara aýlanyp bilmekleri üçin,olaryň pitnä sebäp bolmak gorkusynyň bolmazlygy şertdir. Zenanlaryň jemagat namazyna gatnaşmaklary hakynda fykyhçy alymlaryň pikirlerini bilmek üçin 242-nji hadysyň düşündirişine seret.

2Bu hadysy-şeribiň hökümi zenanyň (isle namaz üçin bolsun) öýden çykyp bilmegi üçin adamsynyň we hojaýynynyň rugsadynyň gerekdigine esaslanýar.