434 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýle namazynda Kuranyň aýatlaryny içinden okandygy, ilkinji iki rekagatda «Fatiha» süresi bilen bir gysga süre okandygy, ...

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 434 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýle namazynda Kuranyň aýatlaryny içinden okandygy, ilkinji iki rekagatda «Fatiha» süresi bilen bir gysga süre okandygy, ...

 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýle namazynda Kuranyň aýatlaryny içinden okandygy, ilkinji iki rekagatda «Fatiha» süresi bilen bir gysga süre okandygy, ilkinji rekagatda has uzyn süreleri okandygy, soňky iki rekagatda diňe «Fatiha» süresini okandygy, ikindi we ertir namazlarynda-da şeýle edendigi hakda

 

    عَنْ أَبِي قَتَادَةَ رَضِيَ الله عَنْهُ: أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ كَانَ يَقْرَأُ فِي الظُّهْرِ ، فِي الأُولَيَيْنِ بِأُمِّ الْكِتَابِ وَسُورَتَيْنِ ، وَفِي الرَّكْعَتَيْنِ الأُخْرَيَيْنِ بِأُمِّ الْكِتَابِ ، وَيُسْمِعُنَا الآيَةَ ، وَيُطَوِّلُ فِي الرَّكْعَةِ الأُولَى مَا لاَ يُطَوِّلُ فِي الرَّكْعَةِ الثَّانِيَةِ ، وَهَكَذَا فِي الْعَصْرِ وَهَكَذَا فِي الصُّبْحِ.

 

       Ebu Katada (Harysibn Rybyý) (r.a.) şeýle diýipdir:  «Allahyň Resuly (s.a.w.) öýle namazynyň ilkinji iki rekagatynda Ümmil-Kitaby (ýagny, «Fatiha»süresini) we ýene bir süre okardy. Soňky iki rekagatda-da diňe Ümmil-Kitaby okardy. Ol käte içinden okaýan aýatyny-dabize eşitdirerdi.Birinji rekagatda aýatlary ikinji rekagatdaka garanda uzyn okardy. Ikindi namazynda-da,ertir namazynda-da şeýle ederdi»1.

 

1Şu hadysy-şerif 424-nji hadysyň başga ýoldan gelip ýeten nusgasydyr. Bu iki rowaýatyňsözleriniň arasynda tapawut bar bolsa-da, manylary birmeňzeşdir. Şol hadysa-da seretmek gerek.