379 Jemagat bilen okalan namazyň sogabynyň ýeke bolup okalan namazyň sogabyndan ýigrimi bäş esse köpdügi hakda. Gije we gündiz perişdeleriniň ertir namazynda tapyşmaklary

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 379 Jemagat bilen okalan namazyň sogabynyň ýeke bolup okalan namazyň sogabyndan ýigrimi bäş esse köpdügi hakda. Gije we gündiz perişdeleriniň ertir namazynda tapyşmaklary

عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: سَمِعْتُ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يقُولُ: (تَفْضُلُ صَلاَةُ الجَمِيعِ صَلاَةَ أَحَدِكُمْ وَحْدَهُ ، بِخَمْسَةٍ وَعِشْرِينَ جُزْءاً ، وَتَجْتَمعُ مَلاَئِكَةُ اللَّيْلِ وَمَلاَئِكةُ النَّهَارِ في صَلاَةِ الْفَجْرِ) . ثُمَّ يَقُولُ أَبُو هُرَيْرَةَ: فَاقْرَؤُوا إنْ شِئْتُمْ: إنََّ قُرْآنَ الْفَجْرِ كَانَ مَشْهُودَا .

 

       Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Jemagat bilen okalan namaz biriňiziň ýeke özüňizokan namazyňyzdan ýigrimi bäş esse sogaplydyr1. Gije perişdeleri bilen gündiz perişdeleri-de ertir namazynda tapyşýarlar»2diýendigini eşitdim».

         Soňra Ebu Hüreýre (r.a.)bu rowaýatyny düşündirmek üçin: «Isleseňiz: إِنَّ قُرْآَنَ الْفَجْرِ كَانَ مَشْهُودًا= «Inne-Kuraanel-fejri3käne meşhuwden»(golaý manysy:«Kurany-fejriň şaýatlydygy şübhesizdir». «Isra» süresiniň 78-nji aýatyndan)aýatyny okaň» diýipdir.

 

1-297-nji we378-nji hadyslara-da seret. Sogaplaryň derejeleri hakyndaky hadyslaryň käbirinde ýigrimi bäş, käbirinde ýigrimi ýedi esse sogapdan söz açylýar. Ebu Hüreýre bilen Ebu Sagyt Hudrynyň rowaýatlarynda ýigrimi bäş, Ibn Omaryň rowaýatlarynda ýigrimi ýedi esse sogap gazanyljakdygy aýdylýar.

2-332-nji hadysa-da seret.

3-Bu ýerdäki „Kuraanel-fejr” ertir namazydyr. Içinde Kuran okalýandygy üçin namaza Kuran diýlipdir. Mysal üçin, rukuw bilen sejdäni öz içine alýandygy üçin,namaza rukuw we sejde hem diýilýär. Bu ýerde namazda okalýan Kuranyň özi hakda gürrüň gidýän bolmagy hem mümkindir. Bu namazyň ýa-da bu Kuranyň şaýatly bolmagy-da, gündiz perişdeleriniň namazda peýda bolmaklary bilen baglanyşyklydyr.