392 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öz öýünde maşgala agzalaryna hyzmat etmek bilen meşgul bolup, namaz wagty gelende-de namaza çykandygy hakda

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 392 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öz öýünde maşgala agzalaryna hyzmat etmek bilen meşgul bolup, namaz wagty gelende-de namaza çykandygy hakda

    عَنْ عَائِشَةَ رَضِي الله عَنْهَا أَنَّهَا سُئِلَتْ: مَا كَانَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَصْنَعُ في بَيْتِهِ ؟ قالَتْ: كانَ يَكُونُ في مِهْنَةِ أَهْلِهِ - تَعْنِي في خِدْمَةِ أَهْلِهِ - فَإذَا حَضَرَتِ الصَّلاَةُ خَرَجَ إلَى الصَّلاَةِ.

 

         Musulmanlaryň enesi Äşeden (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Bagtyýar Öýünde adatça näme bilen meşgul bolandygyny sorapdyrlar. Ol: «Maşgalasynyň hyzmatynda bolardy, namaz wagty gireninden soňra hem namaza çykardy»diýip jogap beripdir1.

 

1Bu hadys bu ýerde öý işleri bilen meşgul bolup ýören bir adamyň namaz üçin kamat getirilen badyna derrew öýünden çykmak bilen bolmalydygyny düşündirmek üçin beýan edilip, ondan Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öz maşgalasynyň hyzmatyny etmek bilen görkezen kiçigöwünliligi hem aýdyň görünýär. Tirmiziniň «Şemäil» atly kitabynda Äşe enemiziň (r.a.) şeýle sözleri bar: «Ol hem adamlaryň her biri ýaly bir adamdy. Köýnegini arassalardy, dowaryny sagardy, öz aladasyny ederdi».

            Ibn Hybban bilen Ahbet ibnHanbalyň beýan eden rowaýatlarynda: «Köýnegini ýamar, aýakgabyny ýamar» diýlipdir. Hakimiň «Iklil» atly kitabyndaky rowaýatda bolsa Äşe (r.a): «Eli bilen ne bir aýaly, ne-de bir hyzmatkäri uranyny görmändim» diýipdir.