454 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazyň täk rekagatlaryndan soňra oturyp, dynç alandygy (jelseýi-istirahat edendigi) hakda. Şu mesele babatda alymlaryň aýdany

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 454 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazyň täk rekagatlaryndan soňra oturyp, dynç alandygy (jelseýi-istirahat edendigi) hakda. Şu mesele babatda alymlaryň aýdany

     عَنْ مَالِكِ بْنِ الحُوَيْرِثِ رَضِيَ الله عَنْهُ: أنَّهُ رَأَى النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يُصَلِّي ، فَإذَا كَانَ في وِتْرٍ مِنْ صَلاَتِهِ ، لَمْ يَنْهَضْ حَتَّى يَسْتَوِيَ قاعِداً.

 

       Mälik ibn Huwaýrys Leýsi (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulyny (s.a.w.) namaz okap durka synladym. Ol namazynyň birinji we üçünji rekagatlaryny tamamlap,bir pursat oturmazdan, soňky rekagat üçin ýerinden turmazdy»1.

 

1Şu hadys birinji we ikinji, üçünji we dördünji rekagatlaryň aralygynda azajyk oturanyňdan soň, indiki rekagata galkmak meselesi bilen bagly rowaýatdyr. Şu hadysa esaslanyp, Şapygy bilen hadys alymlaryndan bir topary bu gysga oturyşyň mustahapdygy bilen ylalaşypdyrlar. Şonuň ýaly-da, 393-nji hadysyň üçünji düşündirişinde Şapygynyň «Kitabül-Ümm» atly kitabynda bu gysgajyk oturyşa degişli kesgitli bir zat aýtmandygyna yşarat edilipdi. Ýene şol düşündirişden görnüşine görä, şapygy mezhebiniň fykyhçy alymlarynyň bir toparynyň bu gysga oturyşy ýerine ýetirmegiň namaz okaýanyň öz islegine baglydygyny ýaňzytmak bilen, onymustahap hasaplandyklaryny, beýlekileriniň bolsa munuň bilenhem ylalaşmandyklaryny bilýäris. Ahmet ibn Hanbal, Ewzaýy, Ebu Hanifedir onuň mezhebiniň alymlary, Sufýan Söwri, Yshak ibn Rahuýa ýaly tabygynlardan bolan ymamlar bolsa muny mustahap hasap etmeýärler. Sebäbi, biraz yzda Ebu Hümeýt Sagydynyň (r.a.) adyndan beýan ediljek 457-nji hadysda namaz okalyşy suratlandyrylanda,şu gysga oturyşdansöz açylmaýar. Onuňhemüstesine, Tahawy bilen Ebu Dawudyň Ebu Humeýdiň adyndan beýan eden hadyslarynda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) oturmazdan aýaga galkdy» diýlip açyk aýdylypdyr. Tahawy: «Ebu Humeýtbilen Mälik ibn Huwaýrysyň (Allah olardan razy bolsun!) gürrüň beren rowaýatlarynda gapma-garşylygyň bardygy göreniňden soň, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Mäligiň hadysyndaky hereketiniň bir kesel sebäpli ýüze çykan bolmagynyň mümkindigi hakyndaky pikir kelläňe gelýär. Ýogsam,bu gysga oturyş namazyň sünnetlerinden däl» diýýär. Pygamberimiziň zamanasynyň ahyrlarynda onuň: «Menden öňürti aýak üstüne galmaň. Sebäbi, men örän agraldym, ýagny, aňsatja ýerimden turup bilmeýärin» diýmegi-de Tahawynyň aýdanyny tassyklaýar.