106 Dine degişli sorag bermäge utanmaly däl

Başy » YLYM KITABY » 106 Dine degişli sorag bermäge utanmaly däl

     عَنْ أُمِّ سَلَمَةَ رَضِي الله عَنْهَما قَالَتْ: جَاءَتْ أُمُّ سُلَيمٍ رَضِي الله عَنْهَا إلَى النَّبِيِّ صلّى الله عليه وسلم فَقَالَتْ : يارَسُولَ الله إنَّ الله لاَ يسْتَحْيي مِنَ الحَقِّ ، فَهَلْ على المَرْأَةِ مِنْ غُسْلٍ إذَا احْتَلَمَتْ ؟ فَقَالَ النَّبِيُّ صلى الله عليه وسلم : ( إذَا رَأَتِ الْمَاءَ ) . فَغَطَّتْ أُمُّ سَلَمَة- يعْنِي وَجْهَهَا- وَقَالَتْ: يا رَسُولَ الله وَتَحْتَلِمُ المَرْأَةُ ؟ قَالَ: ( نَعَمْ تَرِبَتْ يمِينُكَ ، فَبِمَ يُشْبِهُهَا وَلَدُهَا).

 

         Ümmi Seleme (r.a.) şeýle diýipdir: «Ümmi Süleým (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip: «Ýa Allahyň Resuly, Allahü tagala hakykaty beýan etmekden çekinmez. Bir aýal şeýtany bolsa, gusul täretini almagy zerurmy?» diýip sorady.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Suwy (ýagny döli) gelse, hökman» diýip jogap berdi».

Soňra Ümmi Seleme bu sözleri eşidip,utanjyndan öz ýüzüni örtendigini we: «Ýa Allahyň Resuly, aýalyň hem döli gelermi?» diýip sorandygyny, Allahyň Resulynyň hem (s.a.w.): «Hawa, muny soramaň näme, şeýle bolmasa, aýalyň çagasy özüne nädip meňzäp bilerdi?» diýendigini aýdyp beripdir1.

 

1Bu hadysdan bu meseläni anyklamak üçin peýdalanyşymyz ýaly, ony din işlerinde haýanyň nämedigi hakdaky sowala jogap hökmünde-de ulanyp bileris. Ýene Äşäniň (r.a.) Buharynyň metinindäki düşündirişde duş gelýän bir sözünde: «Ensar aýallar nähili gowy aýallardyr!Haýalary olara dinlerini öwrenmäge päsgel bermedi» diýlipdir.