105 Kelimeýi-şahadaty tüýs ýüreginden tassyklana jähennem ody haramdyr

Başy » YLYM KITABY » 105 Kelimeýi-şahadaty tüýs ýüreginden tassyklana jähennem ody haramdyr

      عَنْ أَنَسٍ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: كانَ مُعَاذٌ رَدِيفَ رَسُولِ الله صلّى الله عليه وسلم عَلى الرَّحْلِ فَقَالَ: ( يا مُعَاذُ، قالَ: لَبَّيكَ يا رَسُولَ الله وَسعْدَيكَ قَالَ: (يا مُعَاذُ ) ، قالَ: لَبَّيكَ يا رَسُولَ الله وَسَعْدَيكَ ، ثَلاَثاً ، قَالَ: (مَا مِنْ أَحَدٍ يشْهَدُ أَنْ لاَ إلهَ إلاَّ اللَّهُ وأَنَّ مُحَمَّداً رَسُولُ اللَّهِ ، صِدْقاً مِنْ قَلْبِهِ ، إلاَّ حَرَّمَهُ الله عَلى النَّار). قَالَ: يا رَسُولَ الله ، أَفلاَ أُخْبُر بِهِ النَّاسَ فَيسْتَبْشِرُوا؟ قَالَ: (إذاً يتَّكِلُوا). وَأَخْبَرَ بِهَا مُعَاذٌ عِنْدَ مَوْتِهِ تَأَثُّماً.

 

         Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) hem-de Mugaz ibn Jebel düýeli barýardylar. Allahyň Resuly (s.a.w.) howudyň öň tarapynda, Mugaz hem yz tarapynda otyrdy.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ýa Mugaz!» diýip seslendi. Mugaz: «Lepbeý, ýa Allahyň Resuly» diýdi. Ol ýene: «Ýa Mugaz!» diýdi. Mugaz hem ýene: «Lepbeý, ýa Allahyň Resuly» diýip seslendi. Bu üç gezek gaýtalandy. Üçünji gezekdeAllahyň Resuly (s.a.w.): «Allahü tagaladan başga Taňrynyň ýokdugyna we Muhammediň Allahyň Resulydygyna tüýs ýüreginden şaýatlyk edip hem,Allahü tagala tarapyndan jähennem ataşy özi üçin haram edilmedik bir adam-da ýokdur»diýdi. Mugaz: «Ýa Allahyň Resuly, muny halka habar berip, begendireýinmi?» diýdi.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ýok, aýtma. Çünki, soňra muňa buýsanyp, arkaýynlanarlar» diýdi. Muny Mugaz ibn Jebel ýogalmazynyň öň ýanynda, bilenini aýtman gideni üçin günä gazanmak gorkusyndan habar berdi»1.

 

1268-nji hadysa-da seret.