103 Allahyň ýolunda söweşmegiň artykmaçlygy

Başy » YLYM KITABY » 103 Allahyň ýolunda söweşmegiň artykmaçlygy

    عَنْ أَبِي مُوسَى رَضِي الله عَنْهُ قَالَ جَاءَ رَجُلٌ إِلَى النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ فَقَالَ يَا رَسُولَ اللهِ مَا الْقِتَالُ فِيسَبِيلِ اللهِ فإِنَّ أَحَدَنَا يُقَاتِلُ غَضَباً وَ يُقَاتِلُ حَمِيَّةًفَرَفَعَ إِلَيْهِ فَقَالَ مَنْ قَاتَلَ لِتَكُونَ كَلِيمَةُ اللهِهِيَ الْعُلْيَا فَهُوَ فِي سَبِيلِ اللهِعَزّ وَ جَلََّ.

         Ebu Musa Eşgary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna biri gelip: «Ýa Allahyň Resuly, Allahyň ýolunda jihat etmek diýmek nämedir? Käbirimiz gaharymyza bäs gelip bilmän, käbirimiz ar almak höwesi bilen jihat edýäris» diýdi.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Kim Allahyň sözüniň (ýagny,kelemäniň) has hem giň ýaýramagy üçin jihat etse, onuň Allahyň ýolunda jihat etdigidir»diýdi».