100 Ebu Hüreýräniň (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ylymyndan iki gaby doldurmagy

Başy » YLYM KITABY » 100 Ebu Hüreýräniň (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ylymyndan iki gaby doldurmagy

عن أبي هريرة رضي الله عَنْهُ قَالَ: حَفِظْتُ مِنَ النَّبِيِّ صلّى الله عليه وسلم وِعَاءَينِ ، فَأمَّا أَحَدُهُمَا فَبَثَثْتُهُ ، وأَمَّا الآخَرُ فَلَوْ بَثَثْتُهُ قُطعَ هذَا الْبُلْعُومُ.

 

       Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulyndan (s.a.w.) iki gaby dolduryp ylym ýat tutdum. Olardan birini siziň üstüňize seçdim. Beýlekisi babatda aýdanymda bolsa, ony orta ataýsam, hökman meniň damagymy çalarlar»1.

 

1Ebu Hüreýräniň (r.a.) ýaýan we beýan eden ylmynyň nähilidigi gürrüň beren hadyslaryndan mälimdir. Onuň gizlän ylmy näme hakyndaka? Käbirleri onuň geljekde ymmatyň başyndan injek pitnelere we çaknyşyklara, kyýamatdan ozal ymmatyň duçar boljak ýagdaýyna degişli ylymlardygyny aýdýarlar. Hatda soňra ýüze çykjak wakalaryň käbiri gözüniň öňünden hem geçenmiş. Syýasy basa-baslygyň tozy-dumany içinde perman diňlemejek we hakykata tüýs ýüreginden gulak asmajak adamlara bilýän zatlaryny açyk aýtmak Ebu Hüreýreýaly ortak we bulagaýlykdan daş adam üçin hakykatdan hem töwekgelçilikdi. Ebu Hüreýräniň maksadyny şular ýaly edip düşündirýänler onuň: «Altmyşynjy ýylyň başyna we çagalaryň emir çykjak döwrüne eltmäweri!» diýip, Allahü tagala ýalbardym» diýen sözlerini delil tutunýarlar.

Käbirleri-de ýiti gözli we bilimli adamlaryň hilinden bolup, oňuň gizdän ylmynyň şerigat ylmynyň netijesi we Allahyň Resulyna (s.a.w.) bolan söýginiň we gözel tabynlygyň beýik miwesi bolan hem-de kesekiniň düşünje gözýetiminden gizlin galan, akyl ýetirip bolmajak bir ylymdygyny aýdýarlar. Dogrusyny bir Allahü tagala bilýär.