99 Allahyň Resuly (s.a.w.) Ebu Hüreýräniň (r.a.) huşsuzlygyny dep edýär

Başy » YLYM KITABY » 99 Allahyň Resuly (s.a.w.) Ebu Hüreýräniň (r.a.) huşsuzlygyny dep edýär

    عن أبي هريرة رضي الله عَنْهُ قَالَ: قُلْتُ: يا رَسُولَ الله إنِّي أَسْمَعُ مِنْكَ حَدِيثاً كَثِيراً أَنْسَاهُ ، قَالَ: (ابْسُطْ رِدَاءَكَ). فَبَسَطْتُهُ ، فَغَرَفَ بِيدَيه ثُمَّ قَالَ: (ضُمَّهُ). فَضَمَمْتُهُ ، فَمَا نَسِيتُ شَيئاً بَعْدَهُ.

 

         Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Men Allahyň Resulyna (s.a.w.) ýüzlenip: «Ýa Allahyň Resuly, senden örän köp hadys eşidýärin-de, unudaýýaryn» diýdim. Ol: «Ýapynjaňy (öňlügiňi) tut» diýdi. Tutdum. Ol elleri bilen bir zat owuçlap, öňlügiň içine atan ýaly etdi. Soňra: «Ýygna» diýdi. Öňlügimi ýygnadym. Ine, şondan soňra hiç bir zady unutmadym»1.

 

1Ebu Hüreýreden huşsuzlygyň aýrylmagy Muhammet alaýhyssalamyň hetdi-hasaby bolmadyk mugjyzalarynyň biridir.