98 Ebu Hüreýräniň (r.a.) köp hadys bilmeginiň sebäbi

Başy » YLYM KITABY » 98 Ebu Hüreýräniň (r.a.) köp hadys bilmeginiň sebäbi

      عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ قَالَ: إِنَّ النَّاسَ يَقُولُونَ أَكْثَرَ أَبُو هُرَيْرَةَ ، وَلَوْلا آيَتَانِ فِي كِتَابِ اللَّهِ مَا حَدَّثْتُ حَدِيثًا ، ثُمَّ يَتْلُو: (إِنَّ الَّذِينَ يَكْتُمُونَ مَا أَنْزَلْنَا مِنْ الْبَيِّنَاتِ وَالْهُدَى) إِلَى قَوْلِهِ  (الرَّحِيمُ). إِنَّ إِخْوَانَنَا مِنْ الْمُهَاجِرِينَ كَانَ يَشْغَلُهُمْ الصَّفْقُ بِالأَسْوَاقِ ، وَإِنَّ إِخْوَانَنَا مِنْ الأَنْصَارِ كَانَ يَشْغَلُهُمْ الْعَمَلُ فِي أَمْوَالِهِمْ ، وَإِنَّ أَبَا هُرَيْرَةَ كَانَ يَلْزَمُ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ بِشِبَعِ بَطْنِهِ ، وَيَحْضُرُ مَا لاَ يَحْضُرُونَ وَيَحْفَظُ مَا لاَ يَحْفَظُونَ.

 

         Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Adamlar: «Ebu Hüreýre köp hadys gürrüň berýär» diýýärler. Ýöne Allahyň Kitabynda şu iki aýat bolmadyk bolanda, bir hadys hem gürrüň bermezdim».

Ebu Hüreýre bu sözi aýdanyndan soňra:إِنَّ الَّذِينَ يَكْتُمُونَ مَا أَنْزَلْنَا مِنَ الْبَيِّنَاتِ وَالْهُدَى مِنْ بَعْدِ مَا بَيَّنَّاهُ لِلنَّاسِ فِي الْكِتَابِ أُولَئِكَ يَلْعَنُهُمُ اللَّهُ وَيَلْعَنُهُمُ اللَّاعِنُونَ * إِلَّا الَّذِينَ تَابُوا وَأَصْلَحُوا وَبَيَّنُوا فَأُولَئِكَ أَتُوبُ عَلَيْهِمْ وَأَنَا التَّوَّابُ الرَّحِيمُ= «Innelleziýne ýektümuwne määä enzelnä minel-beýýinäti wel-hüdä min bagdi mä beýýennähü linnäsi fil-kitäbi, ülääää-ike ýelganühümüllahü we ýelganühümül-laagynuwne. Innelleziýne täbuw we eslahuw we beýýenuw fe-ülääää-ike etuwbü aleýhim we enettewwäburrahiýmü». Golaý manysy: «Delil hökmünde inderen aýatlarymyz bilen nädip imanly bolmalydygyny Kitabymyzda düşündirenimizden soň, olary gizlänlere, eden günäleri üçin Allah-da lagnat eder, lagnat edijiler hem (ýagny,perişdeler bilen musulmanlar). Belki aralarynda bu pygyllaryna toba edip, dogry ýola düşenler we gizlänlerini soňra äşgär hem beýan edenler hem tapylar. Ine, bular ýalylaryň tobalaryny kabul ederin».«Bakara» süresiniň 159-160-njy aýatlary) aýaty-kerimelerini okap: «Muhajir gardaşlarymyz bazarlarda alyş-beriş bilen, ensar gardaşlarymyz hem mallary we ekin ýerleri bilen meşgul bolup ýörkäler, Ebu Hüreýre doýan guş ýaly bolup, mydama Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna barardy we olaryň gatnaşmadyk mejlislerine gatnaşardy, olaryň ýat tutmadyklaryny ýat bellärdi» diýdi»1.

 

1Buharynyň «Taryh» kitabynda beýan eden rowaýatyna görä, Ebu Hüreýre (r.a.) bir gezek ýaşuly sahabalaryň onusyndan hem köpüsiniň üýşen bir mejlisine gatnaşyp, olaryň bilmeýän birnäçe hadysyny gürrüň beripdir. Olar biri-birinden takyklap, onuň aýdýanlarynyň dogrudygyna göz ýetiripdirler. Şol mejlisde bu ýagdaý kän gezek gaýtalananyndan soňra käbir adamlar: «Muhajir bilen ensar Ebu Hüreýreçe hadys bilmeýär, bu nähili bolýar?» diýipdirler. Ebu Hüreýre (r.a.) hezretleri olara jogap hökmünde bu sözleri aýdýar. Şonuň ýaly-da, Ebu Hüreýre iň köp hadys aýdan sahaba bolsa-da, bilimi we düşünjesi onuňkydan has güýçli bolan sahabalar köpdür. Ýöne olar hadys gürrüň bermegi özlerine kär edinmändirler we sözme-söz gürrüň berip bilmezmikäk diýen gorkudan ýaňa, zerurlyk ýüze çykaýmasa, hadys gürrüň bermekden saklanypdyrlar.

Buharynyň şunuň bilen baglanyşyklylykda gürrüň bermegine görä, Ebu Hüreýre (r.a.) Hammam ibn Münebbihe: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sahabalarynyň arasynda pygamberiň hadyslaryny meniň ýaly toplany ýokdur. Diňe Abdullah ibn Amr ibn As tapawutlanýandyr. Ol hadyslary ýazardy, men ýazmaýaryn» diýipdir. Ýöne Ebu Hüreýreden eşidilen hadyslaryň jemi sany bäş müň üç ýüz bolmak bilen Abdullah ibn Amrdan eşidilenler ýedi ýüzden kän bir geçmeýär. Onuň ýazyp alan hadyslarynyň şeýle köp bolmagyna garamazdan, onuň adyndan aýdylýan hadyslaryň şeýle az bolmagynyň sebäbi,onuň ýehudylardyr hristianlaryň hem kitaplaryny ele salyp, okamagy we olardan gürrüň bermegidir. Tabygynlaryň köpüsi ysraýyl ogullarynyň hekaýatlarynyň hadyslar bilen garylyp-gatylmagyndan gorkularyna,onuň adyndan rowaýat habar bermek islemändirler.