97 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gije okan namazy

Başy » YLYM KITABY » 97 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gije okan namazy

     عَنِ ابْنِ عَبَّاس رَضي الله عَنْهُمَا قَالَ: بِتُّ في بَيتِ خَالَتِي مَيمُونَةَ بِنْتِ الحَارِثِ زَوْجِ النَّبيِّ صلّى الله عليه وسلم ، وَكَانَ النَّبيُّ صلى الله عليه وسلم عِنْدَهَا في لَيلَتِهَا ، فَصلَّى النَّبِيُّ صلّى الله عليه وسلم الْعِشَاءَ ثُمَّ جَاءَ إلَى مَنْزِلِهِ ، فَصلى أَرْبَعَ رَكَعَاتٍ ثُمَّ نَامَ ، ثُمَّ قامَ ثُمَّ قالَ: (نَامَ الْغُليمُ ). أَوُ كَلِمَةٌ تُشْبهُهَا ، ثُمَّ قَامَ فَقُمْتُ عَنْ يسَارِهِ فَجَعَلَنِي عَنْ يمِينهِ ، فَصلى خَمْسَ رَكَعَاتٍ ، ثُمَّ صلى رَكْعَتَينِ ، ثُمَّ نَامَ حتى سَمِعْتُ غَطِيطَهُ أوْ خَطِيطَهُ ، ثُمَّ خَرَجَ إلَى الصَّلاَةِ.

 

         Abdullah ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gije Allahyň Resulynyň (s.a.w.) nikaly aýallarynyň biri bolan daýzam Meýmüwne binti Harysyň (r.a.) öýünde galdym. Hezreti Muhammet (s.a.w.) şol gije onuň ýanyndady. Allahyň Resuly (s.a.w.) metjitde ýassy namazyny okadanyndan soňra öýüne dolandy. Dört rekagat namaz okap hem uka gitdi. Soňra ýerinden turup: «Çagajykuklaýdymy?»diýdi. Ýa-da şuňa meňzeş bir söz aýtdy. Soňra hem namaza durdy. Men hem çep gapdalyna baryp durdum. Ol meni sag tarapyna geçirip, bäş rekagat namaz okady. Soňra hem ýene iki rekagat namaz okady. Şondan soňra-da uklady. Hatda onuň horruldysyny hem eşitdim. Soňra ol namaz okamak üçin metjide çykdy»1.

 

1Kellesini ýere goýup uklap turanyndan soň, täret almazdan, namaz okamak hukugy oňa pygamber bolany üçin berlendir. Pygamber alaýhyssalamyň gözleri ukuda bolsa-da, kalby uklan däldir. Bu rowaýata görä, gije namazy (okalan soňky iki rekagaty ertir namazynyň sünneti hasaplasaň) witir namazy bilen birlikde dokuz rekagatdan ybarat bolýar duruberýär. Jemi on bir rekagatdyr. Witir namazyny üç rekagat hasaplaýanlar, gije okalýan nepil namazyny alty, ony bir rekagat saýýanlar bolsa sekiz rekagat edip okaýarlar. Buharynyň başga bir rowaýatynda onuň on üç, başga birinde bolsa ertir namazynyň sünnetinden başga on üç rekagatdygy aýdylýar.