96 Ýüz ýyldan soňra şol wagt Ýeriň ýüzünde bolanlardan hiç kimiň galmajakdygy hakda

Başy » YLYM KITABY » 96 Ýüz ýyldan soňra şol wagt Ýeriň ýüzünde bolanlardan hiç kimiň galmajakdygy hakda

    عَنْ عَبْدِ الله بْنِ عُمَرَ رَضِي الله عَنْهُمَا قَالَ: صلى بِنَا رَسُولُ الله صلى الله عليه وسلم الْعِشَاءَ فِي آخِرِ حَياتِهِ ، فَلَمَّا سَلَّمَ قَامَ فَقَالَ: ( أَرَأَيتكُمْ لَيلَتكُمْ هذِهِ ؟ فَإِنَّ على رَأْسِ مِائَةِ سَنَةٍ مِنْهَا لاَ يبْقَى مِمَّنْ هُوَ عَلَى ظَهْرِ الأَرْضِ أَحَدٌ ).

 

         Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) ömrüniň ahyrynda1 bize ýassy namazyny okatdy. Ol eginlerine salam bereninden soň, aýak üstüne galdy we: «Bu gijäniň nähili gijedigine bir düşünýäňizmi?Hakykatdan hem, ine, şu gijeden başlap, ýüz ýyl geçeninden soň, şu günki gün Ýeriň ýüzünde bolanlardan hiç biri hem galmaz»diýdi»2.

 

1Jabyryň (r.a.) beýan eden rowaýatynda düşündirilişine görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) bu sözleri aýdanyndan soňra bary-ýogy bir aý ýaşapdyr. 356-njy hadysa-da seret.

2Hydyr alaýhyssalatu wessalamyň wepat bolandygyna ynanýanlar bu hadysy-şeribe daýanýarlar. Alymlaryň esasy köplügi bolsa bu pikire garşy çykyp, Isa alaýhyssalama we Hydyr alaýhyssalamdyr hormatly perişdelere, şeýle-de Iblise bu hadysy-şeribiň degişli ýeriniň ýokdugyny aýdypdyrlar. Ýer ýüzündäkiler diýip, Muhammet ymmaty göz öňünde tutulyp, diňe şol döwürdäki musulmanlar bilen kapyrlar bu umumylyga girýär. Şonuň ýaly-da, altynjy, ýedinji asyrlarda Pygamber (s.a.w.) bilen söhbet edendiklerini aýdan Reteni Hindiniň, Magmar ibn Büreýkiň, Magmar Magrybynyň we şoňa meňzeşleriň ýalançydyklary hem bu hadysy-şerif bilen subut edilendir.