95 Ymmatynyň öňde pitnelere we bela-beterlere duçar boljakdygy, şonuň ýaly-da, soňsuz nygmatdyr rehmet hazynalaryna eýe boljakdygy hakynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) aýdany

Başy » YLYM KITABY » 95 Ymmatynyň öňde pitnelere we bela-beterlere duçar boljakdygy, şonuň ýaly-da, soňsuz nygmatdyr rehmet hazynalaryna eýe boljakdygy hakynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) aýdany

    عَنْ أُمِّ سَلَمَةَ رَضي الله عَنْهَا قَالَتِ: اسْتَيقَظَ النَّبيُّ صلّى الله عليه وسلم ذَاتَ لَيلَةٍ ، فَقَالَ: (سُبْحَانَ اللَّهِ ! ماذاَ أُنْزِلَ اللَّيلَةَ مِنَ الْفِتَنِ ! وَمَاذَا فُتحَ مِنَ الخَزَائِنِ ! أَيقِظُوا صَوَاحِبَ الحُجَرِ ، فَرُبَّ كاسِيةٍ في الدُّنْيا عَارِيةٌ في الآخِرَةِ ).

 

         Musulmanlaryň enesi Ümmi Seleme (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gije hezreti Pygamber (s.a.w.) oýandy-da1: «Sübhanallah, bu gije nähili pitneler indi! Nähili hazynalaryň üsti açyldy! Hüjre eýelerini (musulmanlaryň enelerini) oýaryň. Dünýäde nije geýnüwli zenanlar bardyr. Olar ahyrýetde çyplak galarlar» diýdi»2.

 

1Muhammet alaýhyssalamyň düýşünde görüp, habar beren pitneleri bilen nygmatlary ylahy ylmyň wahy ýoly bilen özüne mälim bolan zatlaryndandyr. Pygamberiň düýşi-de wahydyr. Musulmanlaryň enesi Äşäniň (r.a.) 3-nji hadysda habar bermegine görä, wahy başda düýş görnüşinde gelip başlapdyr.

Amr ibn Dinardan: «Käbirleri Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gözleri ukuda bolsa-da, kalbynyň uklamandygyny aýdýarlar. Siz muňa näme diýersiňiz?» diýip sorapdyrlar. Ol hem: «Ubaýt ibn Ümeýriň: «Pygamberiň düýşi wahydyr» diýeninden soňra: يَا بُنَيَّ إِنِّي أَرَى فِي الْمَنَامِ أَنِّي أَذْبَحُكَ= «Ýä-büneýýeinniýý era fil-menämi enniýý ezbahüke»(golaý manysy: «Men düýşde seniň damagyňy çalýarmykam diýýärin». «Saffat» süresiniň 102-ji aýatyndan) diýen aýaty-kerimäni aýdyp berendigini eşitdim» diýenmiş. Bu aýaty-kerime Ybraýym alaýhyssalamyň Ysmaýyl alaýhyssalamy gurban bermelidigini habar beren aýatdyr.

2Bu hadysy-şerifde Pygamberimiziň (s.a.w.) beýik mugjyzalarynyň ençemesi öz beýanyny tapypdyr. Muhammet alaýhyssalam özi dünýäden öteninden soňra musulmanlaryň duçar boljak pitneleridir çaknyşyklary, mynasyp boljak çäksiz hazynalarydyr nygmatlary, rehmetleri barada habar bermek bilen bir hatarda, uýat ýerlerini ýapmaýan aýallaryň ýa-da lybas bilen bar ýerini örtse-de, zadyny isrip etjek we bimany sowurjak nije aýallaryň peýda boljakdygyny hem aýdýar. Onuň musulmanlaryň enelerini oýarmagy-da,olara wagyz etmek, zadyňy bisarpa tutmazlyga we isrip etmezlige çagyrmak, Pygamber alaýhyssalamyň aýallarydyklary üçin,ybadatdan we tagatdan gapyl bolmagyň gowy däldigini bildirmek üçindi. Bu dünýäde zadyny bisarpa tutýan zenanlaryň ahyrýetde ýalaňaç galmaklary barada aýdylan sözler,olaryň öz gözelliklerinden el ýuwjakdyklaryny aňladýar.