94 Iň soňky gezek hassalanda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bir wesýetnama ýazdyrmak islemegi

Başy » YLYM KITABY » 94 Iň soňky gezek hassalanda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bir wesýetnama ýazdyrmak islemegi

عِنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِي الله عَنْهُمَا قَالَ: لَمَّا اشْتَدَّ بِالنَّبِيِّ صلّى الله عليه وسلم وَجَعُهُ قَالَ: (ائْتُونِي بِكِتَابٍ أَكْتُبْ لَكُمْ كِتَاباً لاَ تَضِلُّوا بَعْدَهُ) ، فَقَالَ عُمَرُ رَضي الله عَنْهُ: إنَّ النَّبِيَّ صلى الله عليه وسلم غَلَبَهُ الْوَجَعُ ، وَعِنْدَنَا كِتَابُ اللَّهِ حَسْبُنَا ، فاخْتَلَفُوا وَكَثُرَ اللَّغَطُ ، فَقَالَ: ( قُومُوا عَنِّي ، وَلاَ ينْبَغِي عِنْدي التَّنَازُعُ).

 

         Abdullah ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) iň soňky gezek näsaglanda,agyrysy güýçlenenden soňra: «Ýazgy ýazar ýaly bir zat getiriň. Size bir kitap (wesýetnama) ýazdyrmak isleýärin. Şondan soňra hiç bir ýalňyşlyga ýol bermersiňiz»diýdi.          Omar (r.a.): «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýagdaýy agyrlaşdy. Elimizde Allahü tagalanyň kitaby bar. Şol bize ýeterlik bolar» diýdi. Şondan soňra şol ýerdäki sahabalaryň arasynda jedel ýüze çykyp, hyşy-wyşy köpeldi. Allahyň Resuly (s.a.w.) hem: «Ýanymdan aýrylyň. Meniň ýanymda jedel etmek bolmaz» diýdi»1.

 

1Ibn Apbasdan (r.a.) gaýdan bu rowaýaty şaýylar takwa ymam Omar ibn Hattaba (r.a.) garşy töhmet atmak üçin ulanypdyrlar. Göýä,Pygamberimz (s.a.w.) ymam Aly (keremallahu wejheh) hezretlerine haliflygy bermegi maksat edinipmiş we hezreti Omaryň bu hatyň ýazylmagyna garşy çykmagy,bu wezipäniň hak eýesine gowuşmagyna päsgel beripmiş. Onuň beýtmegine sebäp bolan hem Ebu Bekr (r.a.) hezretlerine aşaklyk bilen tarapdarlyk edenligimiş. Aýratyn hem, Buharynyň hadysynyň ahyrynda aýdylyşyna görä, bu sözi rawy Ubaýdylla ibn Abdullahdan eşiden Ibn Apbasyň (r.a.) otagdan çykmak bilen bolup, daşary çykanyndan soňra hem: «Ah, şeýle bir uly betbagtlyk ýüze çykyp, ol Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen onuň ýazmak islän kitabynyň arasynda päsgelçilik döretdi» diýmegi-de,bu babatdaky gybatlaryň beleň almagyna sebäp bolýar. Ýöne hezreti Omar ýaly abraýly sahaba hakynda beýle netije çykarmazdan ozal,köp pikirlenmek we örän seresaply bolmak gerek.

Birinjiden, parahatçylykly günlerde-de, uruş wagtynda-da — mydama hezreti Muhammediň (s.a.w.) ýanyndan aýrylmadyk, onuň bilen guda-garyndaş we goňşy bolany üçin,pygamberligiň beýik meýdanynda oňa ýakyn durmaga hukuk gazanan, agyr we kyn işlerde ygtybarly adam hökmünde ynam bildirilen, aýdan pikirini ýa-da sözlerini tassyklap, takmynan ýigrimi gezek wahy inen hezreti Omaryň (r.a.) hukuga degişli we ýoldaşynyň ahwalyndan netije çykarmaga mümkinçilik berýän ylmy, elbetde, şol döwürlerde ýetginjeklik ýaşynda bolan Ibn Apbasyňky bilen deňeşdirilip bilinmez.

Ikinjiden, bu hadysda hezreti Omaryň ýazgarylandygyna delil bolup biljek bir sözüň hem ýok bolşy ýaly, şol günki hassa soralyşykdan soňra hem hormatly sahabalaryň hiç biri tarapyndan şol günki aýdan sözleri üçin açykdan, gizlinden oňa igenilendigini tassyklaýan hiç bir rowaýatyň habar berilmändigine hem-de Allahyň Resulynyň (s.a.w.)sahabalarynyň oňa bolan hormatynyň gün-günden artandygyna görä, ony Allahü tagalanyň haýsy-da bolsa bir buýrugyny habar bermäge hezreti Muhammede (s.a.w.) päsgel bermekde günälemek uly bir ýeňilkellelikdir.

Üçünjiden, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) jennete göç eden güni (ýagny,bu wakanyň yzysüre) ymam bellemek üçin muhajir bilen ensaryň arasynda jedel ýüze çykypdyr. Şonda bu jedeliň ýüze çykjagyna hezreti Muhammediň (s.a.w.) jaýlanmagyndan has öň göz ýetiren iki şyh, ýagny,hezreti Omar bilen hezreti Ebu Bekr sagyt tiresiniň ýolbaşçylarynyň ýanyna baryp, jedeli ýatyrypdyrlar. Şonda hezreti Ebu Bekre ilki tabyn bolan hezreti Omardy. Şonda muhajirlerden we ensardan bir adamyň hem orta çykyp: «Sen Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hakykaty aýtmagyna düýn garşy çykan adamsyň. Saňa söz sözlemek ýaraşmaz» diýmeýşi ýaly, has soňra Ebu Bekriň ony mirasdüşer diýip yglan etmegine-de, özüniň bu işi geňeşiň garamagyna bermegine-de garşy çykan tapylmandyr.

Dördünjiden, hezreti Ibn Apbas hezreti Omaryň ýakynlygyndan we beýik ylmyndan ýeterlik paýyny alan bagtyýar adamlardan bolany üçin, onuň bu sözi töhmet atmak niýeti bilen aýdyp biljekdigi asla kelläňe gelmez.

Bäşinjiden, Ahmet ibn Hanbalyň «Müsnedindäki» rowaýata görä: «Ýazgy ýazar ýaly bir zat getiriň» diýen emr hezreti Ala (keremallahu wejheh) berlipdir. Özüne haliflygyň berilýändigi beýan ediljek bir hatyň şol adamyň özüne ýazdyrylmagy, hatda ony ýazmak üçin kagyzdyr galam taýýarlamagyň oňaemr edilmegi-de akyllylyk däldir. Beýle bir zadyň başga birine ýazdyrylmagy, hatda kagyzdyr galam getirmegiň-de başga birine tabşyrylmagy (azajyk hem bolsa hyşy-wyşy gürrüňlere ýol bermezlik üçin) has gelşikli bolardy.

Altynjydan, ýazdyryljak kitap möhüm wahy yglan ediljek din wajyplaryndan bolsady, onda bir Omaryň sözi üçin yglan ediljek zatdan ýüz öwürmek pikiri döräp bilermi? Wahy islendik ýagdaýda-da yglan edilerdi we Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Ýanymdan aýrylyň. Meniň ýanymda jedel etmek bolmaz» diýmegi bilen kanagatlanylmazdy. Tersine, hiç bir zat ýazdyrman, şol ýerdäkileri kowmagy hezreti Muhammediň hezreti Omaryň pikirini dogry hasaplandygyny görkezýär. Hususan hem bu waka penşenbe güni bolup geçipdir we dar dünýä dört gün dagy Muhammet alaýhyssalamyň mukaddes göwresinden nurlanyp, şu wagt aralygynda Allahü tagalanyň buýrugyny yglan etmäge näçe diýseň wagt tapyljakdy. Bu döwrüň içinde Pygamberimiziň (s.a.w.) sesini çykarmazlygy kitaba giriziljek zadyň yglan edilmeginiň möhüm däldigine hakyky delildir.

Ine, şu sebäpli hem,hezreti Omaryň sözi şaýylaryň berýän manysyna, Ibn Apbas hezretleriniň sözi-de Omary aýyplamaga esas bolup bilmez. Şol ýerde bolanlaryň käbirleriniň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) emrini wajyp saýandyklary we ýazdyryljak zadyň aslynda mälim bolan din hökümleri hakynda goşmaça düşündirişleri özünde jemlejegini bilendikleri üçin, onuň ýazylmagynyň tarapdary bolandyklary çak edilýär. Hezreti Omar bolsa, Pygamberimiziň (s.a.w.) bu emriniň zerurlyk sebäpli ýüze çykmandygyna, onuň belli bolan çylşyrymly meseläni aýdyňlaşdyrýan delil getiribräk Kuran tarapyndan aslynda aýdyňlaşdyrylan zatlary gaýtalamak bilen çäklenjegine düşünipdir. Şonuň üçin hem ol agyr kesel ýatan (özi üçin janyndan hem eziz) Allahyň Resulyny (s.a.w.) beýle bir zähmetdir külpetden goramak maksady bilen: «Allahü tagalanyň kitaby bize ýeterlik bolar» diýipdir. Pygamberimiziň (s.a.w.) şol buýrugynyň beýle zerur bolmandygyny bolsa ne şol mejlisde, ne-de ondan soňky dört günüň içinde oňa täzeden dolanyp gelinmänligi hem görkezýär. Eger şol beýik buýruk ýerine ýetirilmegi möhüm bir buýruk bolan bolsady, onda Allahyň Resuly (s.a.w.) , elbetde, sahabalaryň dawa etmeklerini gaty görüp, ondan ýüz öwürmezdi we garşylyk görkezýän adam kim bolanda-da, aýtjak zadyny aýtman goýmazdy.

Ýazdyryljak bolan zadyň nämedigini bilmek gyzyklydyr. Bu mälim däl. Ýöne onuň näme bolup biljekdigi hakdaky käbir çaklamalar şaýylaryň bu töhmetine esaslanandyr. Alymlaryň bu ýagdaý bilen baglanyşyklylykda öňe sürýän pikirlerini, belki, iki topara bölmek mümkindir:

            1) Jemel (hezreti Äşe enemiz bilen hezreti Alynyň arasynda ýüze çykan düşünişmezlik), Syffyn (Farat ülkesindäki Rykka diýilýän ýeriň golaýyndaky bir ýeriň ady bolup, şol ýerde hezreti Aly bilen Mugawyýanyň arasynda çaknyşyk ýüze çykypdyr) wakalary ýaly oňşuksyzlyklaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin, özünden soňra ymamlyga geçjekleriň atlaryny tutmak isläpdir;

            2) Geljekde kimiň nähili hukugynyň bardygy barada dawa ýüze çykmaz ýaly, möhüm bir zatlary düşündirip, bir kitap ýazdyrmak isläpdir-de, soňra bu pikirden ýüz öwürmek barada maslahatyň bolany özüne äşgär bolupdyr ýa-da özüne şeýle wahy gelipdir. Şaýylaryň hezreti Omaryň (r. a.) üstüne edýän hüjümi olaryň birinji çaklamany delil hökmünde ulanmaklaryna esaslanýar. Ýöne buçaklama görä hem,olaryň özlerini öýkelemäge hakly edip görkezmeklerine esas ýok. Sebäbi,Buharynyň hem-de Müslimiň kitaplaryndaky bu meselä degişli rowaýatlarda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şol kararynda ilki bilen Ebu Bekriň adyny tutmakçy bolandygyny aňlamak mümkin. Allahyň Resuly (s.a.w.) kesellän ilki döwürlerinde hezreti Äşä (r.a.) ýüzlenip: «Ataňy, doganyňy meniň ýanyma çagyr: bir hat ýazaýyn. Belki, biri bir söwdaýa düşüp, hantamaçylyk dawasyna galkar...Ýöne Allahü tagala-da, musulmanlar-da Ebu Bekrden başga kişini islemezler» diýipdir. Muňa garamazdan, ol, Allahü tagalanyň takdyrynyň özüne mälimdigine görä, hat ýazmakdan ýüz öwrüp, Ebu Bekri öz okajak namazyna ymam belläp, özi-de oňa uýup namaz okapdyr. Bu hat ýazylan bolsady, onda, belki, sahabalaryň arasynda soňra ýüze çykan pitneler we çaknyşyklar bolmazdy. Ýöne Allahü tagalanyň şol pitneleriň gutulgysyzlygyndan habarly bolany üçin, ol hat ýazylmady. Ibn Apbas hezretleriniň ýokardaky sözleri-de, ine, şuňa degişli bolsa gerek. Şeýle bolmaýanda-da, Allahyň Resulynyň ( s.a.w.) ýokary derejede hormat goýan adamy bolan hezreti Omaryň bu ýerde hiç hili günäsi ýok.