93 Mekge hiç kime halal däldir

Başy » YLYM KITABY » 93 Mekge hiç kime halal däldir

عَنْ أَبِي هُرَيرَةَ رَضي الله عَنْهُ أنّ النَّبَّي صلّى الله عليه وسلم قَالَ: ( إنَّ الله حَبَسَ عَنْ مَكَّةَ الْفِيلَ أَوْ الْقَتْلَ وَسَلَّطَ عَلَيهِمْ رَسُولَ الله صلى الله عليه وسلم وَالْمُؤْمِنِينَ ، أَلاَ وإنَّها لاَ تَحِلُّ لأَحَدٍ قَبْلِي ، وَلاَ تَحِلَّ لأَحَدٍ بَعْدِي ، أَلاَ وَإنَّهَا حَلَّتْ لِي سَاعَةً مِنْ نَهَارٍ ، أَلاَ وَإنَّهَا سَاعَتِي هذِهِ حَرَامٌ لاَيُخْتَلَى شَوْكُهَا ، وَلاَ يُعْضَدُ شَجَرُهَا وَلاَ تُلْتَقَطُ سَاقِطَتُهَا إلاَّ لِمُنْشِدٍ ، فَمَن قُتِلَ لَهُ قَتِيلٌ فَهُوَ بِخَيرِ النَّظَرَينْ إَمَّا أَنْ يُعْقَلَ وَإمَّا أَنْ يقَادَ أَهْلُ الْقَتِيل). فَجَاءَ رَجُلٌ مِنْ أَهْلِ الْيمنِ فَقَالَ: اكْتُبْ لِي يا رَسُولَ الله ، فَقَال: ( اكْتُبُوا لأَبِي فُلاَن). فَقَالَ رَجُلٌ مِنْ قُرَيشٍ : إلاَّ الإذْخِرَ يارَسُولَ الله فَإنَّا نَجْعَلُهُ فِي بُيوتِنَا وَقُبُورِنَا ، فَقَالَ النَّبِيُّ صلى الله عليه وسلم: ( إلاَّ الإذْخِرَ).

 

         Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Allahü tagala Mekgede adam öldürmegiýa-da oňa pilli girmegi gadagan etdi1. Diňe Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen musulmanlar Mekgäniň ilatyna (ol hem ýekeje gezek) zorluk edendirler2. Bilip goýuň, Mekge menden öň hem hiç kime halal bolmaýşy ýaly, menden soňra hem hiç kime halal bolmaz. Onuň diňe bir günüň bir sagadynyň dowamynda diňe meniň üçin halal edilendigini biliň. Ine, hatda şu pursatda hem onuň meniň üçin haramdygy size mälim bolsun. Mekgäniň tikeni çapylmaz, agajyna palta urulmaz3. Eýesini tapmak üçin alaýmasa, ýiten zada hiç kim elini uzatmaz. Bu ýerde kimiň ýakyny öldürilse, ol iki zadyň haýsysyny peýdaly hasaplasa, şony saýlap alyp biler, ýagny,ýa oňa hun tölener, ýa-da ol öldürileniň öwezine başga biriniň öldürilmegini talap edip biler»4diýdi.

Şondan soňra Ýemeniň ilatyndan biri gelip: «Ýa Allahyň Resuly, şu buýruklaryňy maňa ýazyp ber»5 diýdi.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ebu Pylany6 üçin ýazyň!» diýip seslendi. Şol wagt kuraýyş tiresindan bir adam7: «Ýa Allahyň Resuly, izhyrdan8 başgasy diýeweri. Sebäbi biz ony öýlerimiziň gurluşygynda, mazarlarymyzy gazanymyzda ulanýarys» diýdi. Hezreti Pygamber hem (s.a.w.): «Izhyrdan başgasy»9 diýdi»10.

 

1Buharynyň metininde hadysy-şerifden gelip çykýan şeýle bir düşündiriş bar. Huzaýylar nadanlyk zamanynda öldürilen bir köphudaýly huzaýynyň öwezine benu leýs tiresinden birini Mekgäniň basyp alnan ýylynda (başga bir rowaýatdan görnüşine görä bolsa, ýeňiş gazanylan gününiň ertesi) öldüripdirler. Bu bolan işi Pygamberimize (s.a.w.) habar beripdirler. Ol derrew hutba okamak üçin ýükçi düýä münüp, bu hadysdaky mübärek sözler bilen şol ýerdäkilere ýüzlenipdir.

2Ýeňiş gününde Halyt ibn Welidiň (r.a.) Handemede köphudaýlylar bilen gutulgysyz ýagdaýda çaknyşmagy netijesinde gany dökülen bir topar köphudaýlynyň Pygamberimiziň (s.a.w.) mübärek emri bilen öldürilendigi çak edilýär. 89-njy hadysa seret.

3Mukaddes Mekgäniň içine gaçyp giren aw haýwanlaryna-da zat degmeli däldigi barada beýleki hadyslarda aýdylýar.

4Bu ýerdäki hun tölemek ýa-da kawed (öldürilene derek adam öldürmek) hökmi taraplaryň ikisiniň hem musulman bolany üçin çykarylandyr. Şeýle-de, ymam Buhary Ebu Jugaýfanyň (r.a.) adyndan şu hadysy gürrüň berýär. Ol Alydan (r.a.): «Size Allahyň Resulyndan (s.a.w.) galan bir kitap, ýa başga bir ýazgy barmydyr?» diýip sorapdyr, ýagny,rowaýatçy hezreti Muhammediň ýakyn garyndaşlaryna mälim bolup, ymmatyň bilmän galan wahysynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilmek isläpdir. Aly (r.a.) hem: «Ýok, bizde Allahyň kitabyndan, hem-de musulman bolan adama berlen düşünjeden başga zat ýokdur. Bir hem şu sahypadaky bardyr» diýip jogap beripdir. Ebu Jugaýfa: «Bu sahypada näme bar?» diýip soranyndan soňra ol: «Onda aklyň, ýagny,hun tölemegiň, fikak-i ýesiriň, ýagny,ýesiri azat etmegiň we bir kapyryň öwezine musulmanyň öldürilip bilinmejeginiň hökümi bar» diýipdir. Bu hadysy şaýylar ret edýärler.

5Bu ýerdäki: «Ýaz» sözi: «Ýazdyr» diýen manyda gelýär. Meselem, bir emriň «Emrnamasy» başga biri tarapyndan hata geçirilse-de, hökümdary göz öňünde tutup: «Bir «Emrnama» ýazdy» diýmek dogry we kabul edilenidir.

6Bu ýerde: «Ebu Pylany» diýlip ady tutulan adamyň hakyky ady, beýleki ygtybarly hadyslarda takyklanyşyna görä, Ebu Şahdyr.

7Bu hormatly adam Muhammet Pygamberiň (s.a.w.) doganoglan agasy Apbas ibn Abdylmuttalyp (r.a.) hezretleridir.

8«Sözlügiň» terjimeçisi Asym Ependiniň ýazmagyna görä, ol Mekge aýrygy (idrisoty) diýlen ösümlikdir.

9Bu söz käbir rowaýatlarda duş gelýär.

10Bu agaja aýratyn orun berilmegi, şonda oňa degişli wahy inendigine, ýa öň inen wahyda bu kadadan çykmanyň beýanynyň we düşündirişiniň bolandygyna, ýa-da beýle bir wahy bolmaýanda-da, onuň Muhammet (s.a.w.) hezretleriniň Allahü tagala tarapyndygyny aýdyp, ýörite düşündireninden soňra beren rugsadydygyna şaýatlyk edýär.