92 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) künýesini at hökmünde dakmak bolmaz
عَنْ أَبِي هُرَيرَةَ رَضي الله عَنْهُ عَنِ النَّبي صلّى الله عليه وسلم قَالَ: ( تَسمَّوْا بِاسْمِي وَلاَ تَكَنَّوْا بِكُنْيتِي، وَمَنْ رَآنِي فِي الْمَنَامِ فَقَدْ رَآنِي ، فَإنَّ الشَّيطَانَ لاَ يتَمَثَّلُ فِي صُورَتِي ، وَمَنْ كَذَبَ عَلَيَّ مُتَعَمَّداً فَلْيتَبَوَّأْ مَقْعَدَهُ مِنَ النَّارِ).
Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Meniň adymy özüňize ýa-da biri-biriňize dakyň. Künýämi, ýagny,Ebu Kasym künýesini bolsa dakmaň1.
Kim meni düýşünde görse, hakykatdan hem meni gördügidir2. Sebäbi şeýtan meniň sypatyma girip bilmez. Şonuň ýaly-da, kim meniň adymdan ýalan sözlese, jähenneme girmäge taýýarlansyn»3diýdi».
1Şerigat boýunça başga kişä dakmak gadagan bolan Ebu Kasym Muhammet adymukaddes at bilen mübärek künýäniň ýeke-täk şahsda birleşmesidir. Şeýle-de, muny düşündirýän rowaýat hem bar. Bu gadagançylygyň aradan aýrylmagyna razy adamlaryň bar bolşy ýaly, Pygamberimiziň (s.a.w.) bu adyny dakmagy çäklendirmegiň tarapdarlary hem bar. Şeýle-de, ymam Alynyň (r.a.) hormatly mirasdüşeri Muhammet ibn Hanefiýäniň, Muhammet ibn Ebu Bekriň we Muhammet ibn Talha ibn Ubaýdyllanyň künýeleri-de Ebu Kasymdy.
2Bu hadys örän kän görnüşde bize gelip ýetip, hemmesi-de dogrudyr. Onuň: «Her kim meni düýşünde görse, hakykatdan hem meni gördügi bolar (ýagny,düýşünde meni görer)»; «Oýalykda-da meni görjekdir»; «Meni oýalykda gören ýalydyr» kibi nusgalary bolup, hemmesi hem bir many berýär. Olardan Pygamberimizi (s.a.w.) düýşüňde görmegiň oraşan düýş görmegiňi aňladýandygy hakyndaky many gelip çykýar. Munuň şeýledigi metindäki sözler arkaly, şeýle-de: «Sebäbi şeýtan meniň keşbime girip bilmez» diýen sözler arkaly gelip ýeten manylaryň arasynda tapawudyň ýokdugyndan hem görünýär.
Hezreti Muhammediň beýan edilen keşbi bilen başga bir keşbiň arasynda-da tapawut ýokdur. Pygamberimizi (s.a.w.) öz hakyky keşbinde düýşünde gören adamyň düýşüni ýormak zerurlygy ýokdur. Ony hakyky keşbinden başga görnüşde düýşünde gören adamyň düýşi bolsa, nähili ýagdaýda görlendigini nazara alnyp, ýorulmagyna mätäçdir.
3Bu höküm hezreti Muhammedi (s.a.w.) düýşünde görmedik adamyň ony görendigini aýtmagynyň,onuň jähenneme girmegine sebäp boljagyndan habar berýär.