88 Hasaba çekileniň heläk boljakdygy hakda
عَنْ عائِشَةَ رَضِي الله عَنْهَا أَنَّ النَّبِي صلّى الله عليه وسلم قَالَ: (مَنْ حُوسِبَ عُذِّبَ). قَالَتْ عَائِشَةُ: فَقُلْتُ: أَوَ لَيس يقُولُ الله عَزَّ وَجَلَّ: فَسَوْفَ يُحَاسَبُ حِسَابَاً يَسِيرَاً.فَقَال: (إنَّمَا ذَلِكَ العَرْضُ وَلِكنْ مَنْ نُوِقشَ الْحِسَابَ يَهْلِكْ).
Hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýipdir1: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Kim hasaba çekilse, oňa azap berler» diýdi. – Äşe şeýle diýýär2: «Allahü tagala: فَسَوْفَ يُحَاسَبُ حِسَابَاً يَسِيرَاً= „Fe-sewfe ýühaasebü hisaben ýesiýren” (golaý manysy:«Ol ýeňil bir hasaba çekiler».«Inşikak» süresiniň 8-nji aýaty. Dogrusyny bir Allahü tagala biler) diýip aýtmaýarmy?» diýenimde, ol: «Seniň bu diýýäniň arzdyr, ýogsam, amallarynyň hasaby doly soralan kişi heläk bolar»3 diýdi».
1Buharydaky rowaýata görä, hadysy beýan eden Ibn Ebu Müleýke: «Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) öz bilmeýän bir zadyny eşitse, öwrenmek üçin hezreti Muhammede (alaýhyssalatu wessalam) ýüz tutardy. Bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) oňa...» diýeninden soň, sözüni şu hadys bilen tamamlapdyr.
2Bu ýerdäki: «Äşe şeýle diýýär» sözlerini aýdan Ibn Ebu Müleýkedir.
3Arz diýlip,hasap soramak üçin amallaryň eýelerine görkezilmegine ýa-da çekmek üçin olaryň terezä goýulmagyna aýdylýar. Kurany Kerimde habar berilmegine görä, mübärek kişiler bolan sahabalar bu synagdan örän aňsat geçerler. Hasap soraljak günde Allahü tagalanyň rehmeti bilen günäleri geçiljek we amallary eden günäleri bilen deň geljek musulmanlar köp nygmatlaryň dadyny alar. Bagyşlanmaga sebäp bolmajak hasap bolsa agyrdyr. Gowy hasaplanylan nije amalyň kabul boljagynyň ýa-da bolmajagynyň hasap gününde ýüze çykjagy üçin, bu hasap azaba sebäp bolsa-da ýa-da amaldyr günäler deň gelip, salamat menzile ýetilse-de, terezä goýlan jan azap çeker.