87 Zenanlara wagyz etmek üçin Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýörite bir gün bellemegi

Başy » YLYM KITABY » 87 Zenanlara wagyz etmek üçin Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýörite bir gün bellemegi

    عَنْ أِبِي سَعِيدٍ الْخُدْرِي رَضي الله عَنْهُ قَالَ: قَالَتِ النِّسَاءُ لِلنِّبِي صلّى الله عليه وسلم: غَلَبَنَا عَلَيكَ الرِّجالُ ، فاجْعَلْ لَنَا يوْمَاً مِنْ نَفْسِكَ، فَوَعَدَهُنَّ يوْماً لَقِيهُنَّ فيهِ فَوَعَظَهُنَّ وَأَمَرَهُنَّ فَكَانَ فِيمَا قَالَ لَهُنَّ : ( مَا مِنْكُنَّ امْرَأَةٌ تُقَدِّمُ ثَلاَثَةً مِنْ وَلَدِهَا إلاَّ كانَ لَهَا حِجَاباً مَنَ النَّارِ). فَقَالَتِ امْرَأَةٌ مِنْهُنَّ : وَاثْنَينِ ، قَالَ: ( واثْنَينِ).

    وَفِي رِوَايةٍ عَنْ أِبي هُرَيرَةَ رَضِي الله عَنْه ُقال: (لَمْ يبْلُغُوا الْحِنْثَ).

 

         Ebu Sagyt Hudry (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek zenanlar: «Ýa Allahyň Resuly, aýdan zatlaryňy diňlejek bolýarys welin, erkeklerden ýaňa bize ýer ýetmeýär. Biz üçin özüň bir güni belle» diýdiler. Allahyň Resuly (s.a.w.) olara bir güni belläp berdi. Zenanlar aýdylan günde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna geldiler. Ol hem wagyz etdi, käbir zatlary emr etdi. Onuň aýdanlarynyň arasynda: «Araňyzda üç sany çagasyny özünden öň ahyrýete ýollap hem, jähennem bilen arasyna perde çekilmejek bir zenan-da ýokdur» diýen sözler bardy. Aýallaryň biri: «Iki sanysyny ýitiren hem şonuň ýalymy?» diýip sorady. Ol: «Ikisini ýitiren hem şonuň ýalydyr» diýip jogap berdi».

Ebu Hüreýräniň (r.a.) beýan eden beýleki bir rowaýatynda şunuň bilen baglanyşyklylykda: «Kämillik ýaşyna ýetmedik üç çaga» diýlipdir.