85 Tüýs ýüreginden:«Lä ilähe illallah» diýen adam Allahyň Resulynyň (s.a.w.)şepagatyna iň mynasyp adamdyr
عَنْ أَبِي هُرَيرَةَ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: قُلْتُ: يا رَسُولَ الله مَنْ أَسْعَدُ النَّاسِ بِشَفَاعَتِكَ يوْمَ القِيامَةِ ؟ فَقَالَ رَسُولُ الله صلّى الله عليه وسلم : ( لَقَدْ ظَنَنْتُ يا أَبَا هُرَيرةَ أَنْ لاَ يسْأَلِني عَنْ هَذَا الحَدِيثِ أَحَدٌ أَوَّلَ مِنْكَ لِمَا رَأَيتُ مِنْ حِرْصِكَ عَلَي الحَدِيثِ ، أَسْعَدُ النَّاس بِشَفَاعَتِي يوْمَ الْقِيامَةِ مَنْ قَالَ لاَ إلهَ إلاَّ الله خَالِصاً مَنْ قَلْبِهِ أَوْ نَفْسِهِ ).
Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek: «Ýa Allahyň Resuly, kyýamat gününde seniň şepagat etmegiň bilen bagtyň çür depesine çykjak adam kim?» diýip soradym. Ol: «Eý, Ebu Hüreýre, seniň hadys ýat tutmaga bolan hyjuwyňy görüp, bu hakda başga biriniň senden öňürti soramajagyny çaklaýardym. Tüýs ýüreginden ýa-da içinden1: «Lä ilähe illallah…...»2 diýýän kişi kyýamat gününde meniň şepagat etmegim bilen bagtyň çür depesine çykar» diýdi»3.
1Bu söz rowaýatçynyň öz sözüdir.
2«Muhammet Resulyllah» bu kelemäniň soňky bölegidir. Ikisi biri-birinden aýry däldir.
3Muhammediň (s.a.w.) şepagatyna hemme kişi mätäçdir. Allahyň Habyby (s.a.w.) käbir kapyrlaryň azabynyň ýeňlemegini, jepa laýyk bolan käbir musulmanyň jähennem odundan azat bolmagyny, jähenneme giren musulmanyň halas bolmagyny, käbir musulmanyň hasabat bermezden, azap çekmezden jennetlere girmegini, şonuň ýaly-da, jennete giren musulmanyň has hem ýokary derejä çykmagyny diläp şepagat eder. Onuň şepagatyndan iň köp peýdalanjaklaryň günäsiz musulmanlardygyna şübhe ýokdur.