84 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sadaka bermegi aýallara emr etmegi

Başy » YLYM KITABY » 84 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sadaka bermegi aýallara emr etmegi

     عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِي الله عَنْهُمَا أَنَّ النَّبِي صلّى الله عليه وسلم خَرَجَ وَمَعَهُ بِلاَلٌ ، فَظَنَّ أَنَّهُ لَمْ يسْمعِ النَّسَاءَ فَوَعَظَهُنَّ وَأَمَرَهُنَّ بَالصَّدَقَةِ ، فَجَعَلَتِ الْمَرْأَةُ تُلْقِي الْقُرْطَ وَالخَاتَِمَ وَبِلاَلٌ يأْخُذُ فِي طَرَفِ ثَوْبِهِ .

       Abdullah ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Metjidi-Şerifde wagyz edip bolanyndan soň, aýallar öz aýdanlaryny eşiden däldir öýdüp, ýanyna Bilaly alyp, erkek adamlaryň hataryndan çykdy. Ol aýallara wagyz edip, olara sadaka bermegi emr etdi. Onuň sözleri zenanlara şeýle bir täsir etdi welin, olaryň kimi gulaklaryndaky gulak halkasyny, kimi barmagyndaky ýüzügini çykaryp, öňe oklamaga başladylar. Bilal hem olary etegine atýardy»1.

 

1Pygamberimiz (alaýhyssalatu wessalam) hezretleri bilen onuň neberelerine sadakanyň haramdygy mälimdir. Bu sadakalar ýerli musulmanlaryň mynasyplaryna sarp edilmek üçin toplanypdy.