83 Adamlaryň üç toparynyň goşa sogaba eýedigi hakda

Başy » YLYM KITABY » 83 Adamlaryň üç toparynyň goşa sogaba eýedigi hakda

عَنْ أَبِي مُوسي رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: قَالَ رَسُولُ الله صلى الله عليه وسلم: ( ثَلاَثَةٌ لَهُمْ أَجْرَانِ : رَجُلٌ مِنْ أَهْلِ الْكِتَابِ آمَنَ بِنَبِيهِ وَآمَنَ بِمُحَمِّدٍ صلّى الله عليه وسلم ، وَالْعَبْدُ الْمَمْلُوكُ إذَا أدَّى حَقَّ الله تَعَالَى وَحَقَّ مَوَالِيهِ، وَرَجُلٌ كَانَتْ عِنْدَهُ أَمَةٌ يطَؤُهَا فَأَدَّبَهَا فَأَحْسَنَ تَأْدِيبَهَا ، وَعَلَّمَهَا فَأَحْسَنَ تَعْلِيمَهَا ، ثُمَّ أَعْتَقَهَا فَتَزَوَّجَهَا فَلَهُ أَجْرَانِ ).

         Ebu Musa Eşgary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Üç kişiniň goşasogaby bardyr. Olaryň biri Ähli-Kitapdan bolup hem ilki öz pygamberine, soňra hem Muhammede (s.a.w.) iman getiren adamdyr. Beýlekisi, hem Allahü tagalanyň, hem öz hojaýynlarynyň hatyrasyny saklaýan guldur. Üçünjisi şeýle bir kişi bolup, ol öz garamagynda ýanaşyp biljek çorusy bar wagty, oňa terbiýe, özi hem gödeklikden we erbetlikden daşda bolan gözel-gözel terbiýe berer, tälim, onda-da gözel-gözel tälim berer1. Şondan soňra-da ony azat edip, oňa öýlener. Ine, şunuň hem goşa sogaby bardyr» diýdi».

1Buharynyň kitabynda bu hadysy-şeribiň soňunda: «Ine, biz muny saňa hiç bir töleg talap etmezden aýdýarys. Pygamberiň zamanynda bolsa şunuň ýaly bir maýda mesele üçin,tä Medinä çenli atly ýol aşylardy» diýen sözler bolup, olar hadysy beýan eden, özi tabygynlardan (ýagny,hezreti Muhammedi gören adamlardan hadys diňlän adam) bolan Amir Şagbynyň sözüdir. Ol muny özüne şeýle meselä degişli sowal bilen ýüz tutan bir horasanla aýdypdyr.