81 Ýerliksiz we ýakymsyz soraglary bermegiň gadagandygy hakda

Başy » YLYM KITABY » 81 Ýerliksiz we ýakymsyz soraglary bermegiň gadagandygy hakda

  عَنْ أَبِي مُوسي رَضِي الله عَنْهُ قالَ: سُئِلَ النَّبي صلّى الله عليه وسلم عَنْ أَشْياء كَرِهَهَا فَلَمَّا أُكْثِرَ عَلَيهِ غَضِبَ ثُمَّ قَالَ: (سَلُونِي عَمَّا شِئْتُمْ). قالَ رَجٌلٌ: مَنْ أَبِي ؟ قالَ: ( أَبُوكَ حُذَافةُ). فَقَامَ آخَرُ فَقَال: مَنْ أَبِي يا رَسُولَ الله؟ قَالَ: (أَبُوكَ سَالِمٌ مَوْلَي شَيبَةَ). فَلَمَّا رَأي عُمَرُ ما في وَجْهِهِ قَالَ: ياَ رَسُولَ الله إنَّا نَتُوبُ إلَى الله عَزَّ وَجَلَّ.

 

       Ebu Musa Eşgary (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allahyň Resulyndan (s.a.w.) onuň halamaýan käbir zatlaryny soradylar. Ol bular ýaly sowallar köpelibereninden soňra gaharlandy. Soňra hem: «Menden islän zadyňyzy soraň» diýdi. Biri1 ýerinden gobsunyp: «Meniň kakam kimdir?» diýdi.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Kakaň Huzafadyr» diýip jogap berdi. Başga biri galkyp: «Ýa Allahyň Resuly, meniň kakam kimdir?» diýdi. Ol: «Şeýbäniň azat edeni Salymdyr» diýip jogap berdi. Omar ibn Hattap (r.a.) Allahyň Resulynyň ýüzünde gahar alamatyny göreninden soňra: «Ýa Allahyň Resuly, biz Eziz we Gudratly Allahü tagalanyň öňünde toba edýäris» diýdi»2.

 

1Bu adam kaýsaryň ýanyna ilçi hökmünde iberilen Abdullah ibn Huzafa Sehti Muhajiridir. Müslimiň rowaýatyna görä, Abdullahyň hakyky kakasynyň başgadygyny aýdyp we biri bilen dawa edende: «Sen pylanynyň ogly» diýip, ony aýyplaýardylar. Ejesi onuň şunuň ýaly sorag berenini eşidip: «Senden ýaramaz çaga görmedim. Eneň nadanlyk eýýamyndaky aýallaryň eden günäleriniň birini etmedigini nireden bilýärdiň? Ýa eneňi bütin äleme ryswa etseň, gowy bolarmydy?» diýip, oňa igenipdir. Ol hem: «Wallahi, eger ol meniň kakamyň hebeşilerden bir guldugyny aýdan hem bolsa, kabul ederdim» diýip jogap beripdir (58-nji we 323-nji hadyslara seret).

2Buharynyň Enes ibn Mäligiň (r.a.) adyndan beýan eden başga bir rowaýatynda hadys: «Soňra: «Menden soraň» diýmegini köpeldiberensoň,Omar iki dyzynyň üstüne galybrak: «Allahyň Rebbimizdigine, yslamyň dinimizdigine, Muhammediň (s.a.w.) pygamberimizdigine razy bolduk, ýa Allahyň Resuly!» diýdi. Şol sebäpli gahary ýatyp, dymdy» diýip tamamlanypdyr. 272-nji hadysda bu hadysyň şu ýeri bilen baglanyşykly has köp jikme-jiklikler bardyr.